Daşkentde ýokary derejede türkmen-özbek gepleşikleri başlandy

Daşkentde «Kuksaroý» döwlet kabulhanasynda iki günlük iş sapary bilen Özbegistana gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler başlandy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda döwletara gatnaşyklary syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer ugurlary öz içine almak bilen, sazlaşykly ösdürilýär. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň syýasy geňeşmeleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň derejesindäki gatnaşyklary geçirmäge mümkinçilik berýän pugta hukuk binýady döredildi.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň işiniň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Onuň soňky mejlisi şu ýylyň 23-nji noýabrynda Aşgabatda geçirildi.

Ýokary derejede geçirilýän yzygiderli gatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýete eýedigini alamatlandyrýandygyny nygtady. Her bir duşuşyk türkmen-özbek hyzmatdaşlygyna goşmaça itergi berýär we onuň dowamynda özara gatnaşyklaryň täze hem-de geljekki ugurlary kesgitlenilýär.

Bu gepleşikleriň gün tertibine syýasat, ykdysadyýet, söwda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri girizildi.

Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşar.

Meňzeş täzelikler

2014