Türkmenistanda ýüze çykarylan demir gorlarynyň netijeli özleşdirilmegi üçin täze önümçilik dörediler

Türkmenistanyň günbatarynda Balkan welaýatynyň çäginde demriň ägirt uly gorlary bar bolan känler ýüze çykaryldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer ýurdumyzyň dürli künjeklerinde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilen geologiýa-gözleg işleriniň dowamynda Balkan welaýatynyň çäginde demriň ägirt uly gorlary bar bolan känleriň ýüze çykarylandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutany bu habary kanagatlanma bilen diňläp, şol bir wagtyň özünde sanly wideoaragatnaşyga wise-premýerler B.Öwezowy we Ç.Purçekowy çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz türkmen topragynda bar bolan tebigy baýlyklaryň ýurdumyzyň abadançylygynyň we alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň bähbidine işjeň peýdalanylmalydygyny we degişli derejede özleşdirilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda gurluşyk işleriniň geriminiň giňelýändigini we depginleriniň ýokarlanýandygyny nazara alanyňda, gurluşyk serişdelerine, aýratyn-da, demir önümlerine bolan isleg artýar. Şunuň bilen baglylykda, ýüze çykarylan demir gorlarynyň netijeli özleşdirilmegi üçin ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlarynyň esasynda işleýän täze önümçiligiň döredilmegi zerur bolup durýar.

Bu işleriň ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagynda aýratyn orun eýeleýändigini belläp, döwlet Baştutany ýüze çykarylan demriň gorlaryny senagat taýdan işleýän täze metallurgiýa kärhanasyny gurmak, onuň degişli derejedäki işini ýola goýmak hem-de zawodyň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemek boýunça bilelikde iş alyp barmak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Belläp geçsek, şu ýylyň ýazynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) hem-de «Danieli S.p.A.» italýan kompaniýasy ýurduň çäginde demir gorlarynyň ägirt uly möçberleriniň bardygyny nazara alyp, Türkmenistanda polat eredýän zawody gurmak boýunça maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi maslahatlaşdy. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşen «Çagyl» käninde «Türkmengeologiýa» DK düzüminde 20 göterim demir saklaýan 70-75 mln tonna demir çig malyny ýüze çykardy.

«Danieli» kompaniýasynyň iş ugry demir goruny çykarmakdan, çoýuny we polady eretmekden başlap, ahyrky önümi öndürmeklige çenli, «açaryny gowşurmak» şerti bilen metallurgiýa kärhanasyny gurmaklygy öz içine alýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014