«TAPI Pipeline Company Limited-iň» wekili TOPH taslamasynyň durmuşy geçirilişi barada aýtdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen sişenbe güni geçiren iş maslahatynda “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde “Türkmengaz” döwlet konserninden wekil M.Amanow serhetdeş ýurtlaryň çäklerinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň öňe ilerledilişi barada hasabat berdi.

Häzirki günde gaz geçirijiniň taslamasynyň başlangyç tehniki-taslama resminamalaryny taýýarlamak işleri doly tamamlandy, taýýarlanan resminamalar gatnaşyjy döwletleriň degişli edaralary tarapyndan ylalaşyldy. Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde taslamanyň daşky gurşawa ýetirjek täsirini bahalandyrmak işleri tamamlanyp, oňyn netijeler alyndy.

Şeýle hem bu ýurtlaryň çäklerinde topragyň, howanyň we ýer üstüniň şertlerini öwrenmek boýunça barlag-öwreniş işleri tamamlandy. Halkara ölçegleriniň we maliýe edaralarynyň ähli talaplary göz öňünde tutulyp, ýerine ýetirilen bu işleri geçirmäge jemi 2 müňden gowrak ýerli we daşary ýurtly hünärmenler gatnaşdy.

Gaz geçirijiniň gurluşygyny maddy-tehniki taýdan üpjün etmek üçin potratçylary işe çekmek hem-de şertnamanyň şertlerini ylalaşmak babatda halkara bäsleşikleriniň jemini jemlemek boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Halkara bäsleşigine Germaniýanyň, Türkiýäniň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Gresiýanyň hem-de beýleki döwletleriň abraýly nebitgaz enjamlaryny öndürýän we gurluşyk kompaniýalary gatnaşýar.

Şunuň bilen bir hatarda, maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, Germaniýanyň, Italiýanyň, Gresiýanyň, Russiýanyň eksport-karz beriş agentlikleri, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, şeýle hem taslama gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän beýleki maliýe edaralary we iri halkara banklary bilen gepleşikler dowam edýär.

Taslama gatnaşyjy döwletleriň degişli düzümleri bilen bilelikde, ozaldan bar bolan ylalaşyklaryň üstüni ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar. Ozal Owganystanyň we Pakistanyň hökümetleriniň hem-de kabul edýän taraplaryň arasynda ylalaşygyň Baş şertlerine gol çekildi. Häzir bolsa bu ylalaşygyň gazy üstaşyr geçirmäge, akdyrmaga degişli düzgünleriniň şertleri ylalaşylýar. Bu işleri geljek ýylyň birinji çärýeginde tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Mejlisiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylaryna «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çäklerindäki böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmaga degişli tabşyryklary berdi.

Meňzeş täzelikler

2014