Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde iri ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynda 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy ABŞ-nyň 12 milliard dollaryna barabar bolan maýa goýum taslamalarynyň 37-siniň hasaba alnandygyny nygtady.

Duşuşyga «ITOCHU», «Sojitz», «Mitsubishi», «Kawasaki Heavy Industries» we beýleki birnäçe meşhur korporasiýalarynyň ýolbaşçylary,  şeýle hem hökümet agzalarynyň, aýratyn alnan ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň wekilçiligindäki türkmen tarapy gatnaşdy.

Döwlet baştutany Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda dürli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň üstünlikli tejribesini hem-de senagat-tehnologiki infrastrukturanyň ösdürilmegi ulgamyndaky täze bilelikdäki taslamalaryň taýýarlanylmagy boýunça alnyp barylýan taýýarlyklary aýratyn belledi.

Döwlet baştutany ýurtda senagat jemgyýetiniň döredilmegi düýp özeni bolup durýan Türkmenistanyň täze ykdysady strategiýasynyň mazmunyny beýan etdi. Bu öz nobatynda täze ýokary tehnologiki we ylmy esasly kärhanalaryň gurluşygyny göz öňünde tutýandyr.

Bu ugurda nebitgaz senagaty, elektroenergetika, ulag we aragatnaşyk, suw hojalygy, dokma toplumy ýaly ugurlar tapawutlandyrylandyr. Türkmenistanda innowasion taslamalary durmuşa geçirmek, elektronika ulgamynda, kompýuter we logistika hyzmatynda kärhanalary döretmek boýunça ýapon hyzmatdaşlary bilen bilelikde işlemegiň uly geljegini görýäris.

Biz şeýle hem Ýaponiýanyň ýer gazyjy, ýolgurluşyk we awtomobil tehnikalaryny satyn almagy dowam ederis diýip, döwlet Baştutanymyz sözüniň üstüni ýetirdi. Meniň sanap geçen mysallarym Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy has-da artdyrmak babatda biziň ygtyýarymyzda bar bolan ägirt uly kuwwatly mümkinçilikleriň diňe bir bölegidir. Bu wezipeleriň çözülmegine öňňin geçirilen türkmen-ýapon işewürlik forumynyň netijeleri hem köp babatda ýardam eder diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Iri korporasiýalaryň ýolbaşçylarynyň belleýişleri ýaly, olar Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady özgertmelere ägirt uly gyzyklanma bilen syn edýärler, Türkmen Lideriniň gujur-gaýratly şahsy işlerini hem-de ýurda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň, barha ösýän telekeçiler gatlagynyň hasabyna içerki maýa goýumlaryny höweslendirmegiň has amatly şertlerini we netijeli, çeýe gurallaryny döretmek ugrundaky täzeçillik ýörelgelerini goldaýarlar.

 

Meňzeş täzelikler

2014