CNPC: 10 ýylyň içinde Türkmenistandan Hytaýa 252,1 mlrd kub metr tebigy gaz iberildi

2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda çenli ýagdaýa görä, Türkmenistandan Hytaýa iberilen tebigy gazyň jemi möçberi 252,1 mlrd kub metre barabar boldy. Bu barada CNPC-niň wise-prezidenti Wan Çžunsaý Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2019» atly 24-nji halkara maslahatynda belledi.

«2019-njy ýyl — Hytaýa gaz ibermekligiň başlanmagynyň 10-njy ýyly. Häzirki wagtda Hytaýyň 22 sany welaýatynyň we awtonom etraplarynyň ilatyna tebigy gaz iberilýär. 500 milliondan gowrak adam türkmen gazyndan peýdalanýar – diýip Çžunsaý belledi.

«Ýokary hilli türkmen gazy ýüzlerçe million hytaý maşgalalarynyň ýüreklerini ýyladýar, şu mynasybetli hytaý halky türkmen tarapyna minnetdardyr» – diýip Çžunsaý belledi.

«Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ählitaraplaýyn tagallalary, şeýle hem ministrlikleriň we edaralaryň özara ynamy we goldawy, CNPC we «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýakyn hyzmatdaşlygy netijesinde gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmekde ýokary üstünlikler gazanyldy. Häzirki wagtda Türkmenistan we Hytaý tebigy gaz söwdasy ulgamynda iň iri hyzmatdaşlar bolup durýar» - diýip, CNPC-niň ýolbaşçysy belledi.

 

Meňzeş täzelikler

2014