Prezident: Türkmenistan nebitgaz ulgamynda özara bähbitli esasda giň hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär

Geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow we Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew «Türkmenistanyň nebiti hem-de gazy — 2019» atly XXIV halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk görmek meseleleri boýunça hasabat berdiler.

22 — 24-nji oktýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti hem-de gazy — 2019» atly forum «Türkmennebit» döwlet konserni hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýar. Garaşylyşy ýaly, foruma dünýäniň ençeme ýurtlaryndan hünärmenler, şol sanda ugurdaş kompaniýalaryň, pudaklaýyn düzümleriň, halkara guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşar.

Maslahatyň gün tertibine energetika bazarlarynyň ösüşinde ählumumy meýiller hem-de gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, maýa goýum işleri, ýangyç-energetika toplumynyň gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudaklaryny ösdürmegiň geljegi bilen bagly meseleler giriziler.

Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, halkara turba geçirijileriniň taslamalaryny amala aşyrmak mowzuklary boýunça pikir alşylar. Forumyň maksatnamasyna laýyklykda daşary ýurtly gatnaşyjylary Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşy bilen tanyşdyrmak ýaly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň energetika döwletleriniň biri bolan Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda deňhukukly, özara bähbitli esasda giň hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ägirt uly kuwwatyny we gazananlaryny görkezmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen serginiň ähmiýetini belledi.

Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän pudaklaýyn sergi energetika howpsuzlygynyň döwrebap ählumumy binýadyny döretmek boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryny işjeň ilerletmek nukdaýnazaryndan gyzyklanma döredýär diýip, türkmen Lideri wise-premýere öňdebaryjy tehnologiýalary we işleri ornaşdyrmak babatda netijeli tejribe alyşmak üçin ähmiýetli çärä öwrüljek, maýa goýumlaryny çekmäge, geljegi uly bolan täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga ýardam etjek halkara forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle forumlar daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, pudaga iň gowy dünýä tejribesini we täze tehnologiýalary çekmek, energetika bazarlarynyň häzirki ösüş meýilleri bilen tanyşmak üçin uly mümkinçilikleri açýar diýip, Prezident degişli ugurda toplumlaýyn işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Meňzeş täzelikler

2014