Wekilbazar AÝGB — ýangyjyň we hyzmatyň ýokary hili

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň öňdebaryjy kärhanalary ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli nebit önümleri bilen üpjün etmek boýunça yzygiderli işleri durmuşa geçirýärler. Müdirligiň iri düzümleriniň biri hem Mary welaýatynyň Wekilbazar nebit kärhanasydyr.

Bu kärhananyň ýangyç guýujy beketleri awtoulaglaryň geçişiniň agdyklyk edýän böleklerinde ýerleşýär, bu bolsa sürüjileriň bu beketlere bolan islegini has hem artdyrýar. AÝGB-nyň tutuş toruny ýangyjyň ýokary hili we hyzmatyň derejesi birleşdirýär. Işgärler bu görkezijileriň hemişe ýokarlanmagynyň üstünde işleýärler. Häzirki wagtda kärhananyň düzüminde 19 sany awtomobillere ýangyç-guýujy beket hereket edýär, olaryň aglabasynyň durky täzelendi.

Döwrebaplaşdyrylan AÝGB ýagty dizaýny bilen tapawutlanyp, hyzmatlaryň we ekologiýa howpsuzlyk talaplarynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär. Müşderiler üçin amatly şertler döredilip, awtoulaglara ýokary hilli ýangyç guýulýar.

AÝGB-lara hyzmat etmek we ýangyjy ibermek üçin kärhanada ýokary agram göterijilikli «КАМАЗ- 65115» benzowozlary ulanylýar. Kärhananyň ýolbaşçylary toparlaýyn işi dolandyrýarlar. Bu bolsa ýokary netijeleri gazanmaga ýardam edýär.

Meňzeş täzelikler

2014