Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň tapawutlanan işgärlerine sylaglar gowşuryldy

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda pudagyň iň gowy işgärlerine medallary gowşurmak dabarasy geçirildi. Baýraklary Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow gowşurdy. Dabara «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçylary, nebitgaz toplumynyň işgärleri gatnaşdylar.

Pudagyň dabaraly ýagdaýda döwlet sylaglaryna mynasyp bolan dürli kärleriniň wekilleri çeken zähmetlerine beren ýokary bahasy, türkmen halkynyň abadan hem bagtyýar durmuşy ugrunda edýän tagallalary üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur minnetdarlyk bildirdiler.

Watandaşlarymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen işe berlenligi we zähmet üstünlikleri, arassa ahlakly zähmeti üçin döwlet sylaglaryna hödürlenmegi ýurdumyzda öz işine ussat hünärmenlere goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanydyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda däbe öwrülip geçirilýän bu dabaraly çäre nobatdaky gezek zähmet çekmek we dynç almak üçin iň amatly şertleri döretmäge, başlangyçlary höweslendirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny görkezdi.

Dabaranyň ahyrynda wise-premýer M.Meredow medalyň eýelerini bu baýrak bilen hem-de ýurt Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk şanly senesi bilen gutlap, toplumyň ähli işgärlerine nebitgaz pudagyny ösdürmekde mundan beýläk hem zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014