Gurbanguly Berdimuhamedow: sanly tehnologiýalary nazara alyp, ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmegiň täze maksatnamasyny işläp taýýarlamaly

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynda eden çykyşynda sanly ykdysadyýeti döretmezden, döwletimiziň ösüşini göz öňüne getirmegiň mümkin däldigini aýtdy. Şoňa görä-de, bütin dünýäde sanly ykdysadyýet innowasiýalary öňe sürmegiň, bäsleşige ukyplylygy we ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmegiň möhüm şertine öwrüldi.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident geljekki işleriň möhüm ugurlaryny kesgitledi.

Şoňa görä-de, birinjiden, ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmaga döwletimiziň durnukly ösüşiniň möhüm esasy hökmünde garamalydyr. Döwlet dolandyryş ulgamyny, ykdysadyýetimizi, tutuş jemgyýetimizi ösdürmek üçin binýatlyk esas hökmünde baha berilmelidir.

Ikinjiden bolsa, dünýäde fiziki, sanly we biologiki häsiýetli tehnologiýalaryň utgaşmagyny aňladýan «dördünji senagat rewolýusiýasy» eýýäm ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlaryna öz täsirini ýetirip başlaýar. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmegiň täze maksatnamasyny işläp taýýarlamaga ileri tutulýan wezipe hökmünde garamalydygyna ünsi çekip, Türkmen Lideri Türkmenistanyň Maglumat tehnologiýalary merkezini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Biz sanly ykdysadyýete geçmekde öňümizde durýan wezipeleri çözmek üçin programmaçylar, inženerler, tehnologlar ýaly hünärmenlere zerurlygy göz öňünde tutduk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalaryna täze ugurlary öwrenmek, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamak zerur bolup durýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty döredildi. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri sanly ykdysadyýete geçmekde amala aşyrýan ähli özgertmelerimiziň gözbaşynda durmalydyr diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ýaşlar alan bilimlerine, ukyplaryna laýyklykda, çylşyrymly önümçilik tehnologiýalaryny ulanarlar. Sanly düzümi bolan ykdysady desgalary dolandyrarlar diýip, döwlet Baştutany belledi.

 

Meňzeş täzelikler

2014