9 aýda Türkmenistanyň jemi içerki önümi 110 mlrd manada, ösüş depgini 6,3 göterime deň bolar

Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň 2019-njy ýylda, şol sanda şu ýylyň 9 aýynda durmuş-ykdysady ösüşiniň depginlerine baha berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynda jemi içerki önümiň möçberi 110 milliard manada deň bolar. Şol bir wagtda ösüş depgini 6,3 göterim bolar. Jemi içerki önümiň umumy möçberinde senagat pudagynyň paýy 32,6 göterime ýetýär.

Maýa goýumlary ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň esasy guraly bolup hyzmat edýändigini belläp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş ýurdumyz boýunça ähli çeşmeleriň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberiniň 29 milliard manat (jemi içerki önümiň 26,2 göterim) boljakdygyny kanagatlanma bilen belledi.

Ösüşiň senagat-innowasion nusgasyna gönükdirilen strategik ugry amala aşyrmak maýa goýumlarynyň 66 — 68 göterime golaýyny önümçilik ulgamyna gönükdirmek arkaly üpjün edilýär.

Geçen döwürde önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň ençemesi gurlup, ulanmaga berildi. Şonuň ýaly-da, zawod-fabrikler, mekdepler, hassahanalar, çagalar baglary, şäherçeler we ýaşaýyş jaýlary bina edildi.

Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça hem uly işler amala aşyryldy Ýene-de sanlyja ýyldan paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde täze, häzirki zaman şäheriniň guruljakdygyny, onuň ýaşaýyş jaýlaryny, medeni-durmuş desgalaryny öz içine aljakdygyny, şeýle hem, bu ýerde işewürlik ýa-da dynç alyş ulgamlaryna bildirilýän talaplara laýyk gelýän innowasion we ýokary tehnologiýaly edaralaryň ýerleşjekdigini belledi.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Lebap, Mary, Daşoguz, Balkan welaýatlarynda hem tebigy gazdan dürli önümleri öndürýän gazhimiýa toplumlaryny gurmak göz öňünde tutulýar.

Oba milli maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda 1,8 milliard manat möçberde maýa goýumlarynyň özleşdirilmegine garaşylýar. Bu bolsa, ýyllyk tabşyrygyň 93,3 göterimine barabardyr. Suw arassalaýjy we geçiriji desgalaryň, awtomobil ýollarynyň, gaz geçirijileriň, telefon ulgamlarynyň gurluşygy üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň telekeçileri «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny dowam edýärler.

Şu ýylyň dokuz aýynda daşary söwda dolanyşygynyň 11 milliard amerikan dollary möçberde bolmagyna garaşylýar. Bu bolsa, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,8 göterim köpdür diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen, önümleriň daşary ýurtlara iberilýän görnüşlerini artdyrmaga niýetlenen kärhanalary gurmak we döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça hem giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilýändigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow netijede, eksport edilýän önümleriň möçberiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,4 göterim artandygyny nygtady.

Meňzeş täzelikler

2014