Prezident: ýangyç-energetika tehnologiýalaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmeli

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika tehnologiýalaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň zerurdygyny belledi.

Nebitgaz we energetika pudaklaryny ösdürmegiň meseleleri barada aýdyp, döwlet Baştutany pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze häzirki zaman toplumlaryny gurmaga uly ähmiýet berilmelidigini belledi.

Ýangyç çig malyny gaýtadan işlemegiň möçberlerini artdyrmak, täze ýataklary senagat taýdan çalt özleşdirmek, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini we «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegi baş maksat etmek, hususan-da, 3D-modelirlemek usullaryny ulanmak bu pudagyň öňde durýan maksatlarynyň biri bolup durýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ýaly halkara meselelerini çözmek boýunça başy başlanan maksatnamalaryň işjeň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Gaz geçirijileriň köp ugurly ulgamyny döretmek, şeýle hem kontinentleriň we Aziýanyň üsti bilen gaz geçirijileriň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi uglewodorod serişdelerini halkara bazarlaryna ibermek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny belläp, döwlet Baştutany şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletleriň energetika howpsuzlygyny we ykdysady taýdan durnukly bolmagyny berkitmek, bütin Merkezi Aziýanyň we Aziýa sebitiniň Durnukly ösüşiniň maksatlaryna ýetmek üçin ýurdumyzyň eksport kuwwatyny düýpli artdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» gaz geçirijisiniň owgan bölegini, «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan» elektrik geçirijisini hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagy möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014