Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini açdy

Şu gün Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen umumymilli forumyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi baradaky ileri tutulýan wezipeler girizildi.

Türkmenistanyň ýigrimi sekiz ýyl mundan ozal döwlet garaşsyzlygyny jar edendigini belläp, Türkmen Lideri ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny saýlap alandygyny, özygtyýarly we erkin ösüş ýoluna ynamly gadam basandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň we halkymyzyň bitewülik we jebislik, parahatçylyk hem-de ruhubelentlik, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk ýörelgelerini belende galdyrýan örän möhüm, ykbal özgerdiji waka hökmünde Garaşsyzlyk alnan gününiň Türkmen döwletiniň şanly taryhyna ebedilik ýazyljakdygyna ynam bildirdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň jebisligini we agzybirligini üpjün etmäge gönükdirilen taglymatlary öňe sürüp, beýik maksatlara ýetmek ugrundaky gujur-gaýratyny, isleg-arzuwlaryny, döredijilik ruhubelentligini birleşdirip, Garaşsyz Watanymyzyň gadymy topragynda bagtyýar we abadan durmuşy berkarar edildi.

Milli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak bilen, Türkmenistanyň demokratik kadalara esaslanýan, ösen ykdysadyýeti bolan döwletler bilen bir hatarda sebit derejesinde hem, dünýä bileleşiginde hem doly ykrar edilmegini gazandy – diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde hemişelik oňyn Bitaraplygy iki gezek ykrar edilen döwletimiziň halkara borçnamalaryny amala aşyrmak boýunça durmuşa geçirýän işleriniň netijesinde, biz dünýäniň dürli döwletleri we ýurtlary, abraýly halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýduk we ösdürdik diýip, döwlet Baştutany belledi.

Halkara hyzmatdaşlygynyň täze, netijeli ýollaryny we ugurlaryny emele getirmekde örän gymmatly tejribe toplanandygyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna, Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýändigini, şeýle hem, Birleşen Milletler Guramasynyň köp sanly halkara komissiýalarynyň agzasy bolup durýandygyny, bu Guramanyň dürli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýan Türkmen döwleti Ýer ýüzünde howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine ählumumy hyzmatdaşlygyň häzirki zaman halkara ulgamyny döretmäge mynasyp goşant goşýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýurdumyzyň Hökümetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Mejlisiň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem daşary ýurtlardaky ilçilerimiz we köpsanly beýleki myhmanlar gatnaşdy.

 

 

Meňzeş täzelikler

2014