Merkezi Garagumda gazy gysyjy desganyň gurluşygy badalga aldy

Singapur Respublikasynyň «GP Global Equipment Pte Ltd» kompaniýasy Türkmenistanda «Merkezi Garagum» gazkondensat känler toplumynyň «Zäkli — Derweze» gaz arassalaýjy desgasynda ýyllyk kuwwaty 2 milliard kub metr bolan gazy gysyjy desgasyny gurar. Gurluşyk işleri şu ýylyň sentýabrynda başlanyp, 2022-nji ýylyň fewralynda tamamlanar.

Gurluşyk işlerine başlamazdan öň, Aşgabatdan takmynan 250 kilometrlikde ýerleşen gaz känlerinde toplumlaýyn esasda barlaglary geçirmek göz öňünde tutulýar. Gazy gysyjy desganyň ýerleşjek meýdançasy «Merkezi Garagum» gazkondensat känler toplumynyň «Zäkli — Derweze» gaz arassalaýjy desgasynyň çäginde ýerleşýär.

Gurluşyk işleriniň ýaýbaňlanjak territoriýasynda howanyň temperaturasy gyşyna -30, tomsuna bolsa +47 gradusa ýetýär. Bu ýerde göçýän çäge depeleriniň boýy 10 metre ýetýär. Çylşyrymly howa şertlerine garamazdan, kompaniýanyň hünärmenleri gurluşyk işlerine doly taýýar.

Gazy gysyjy desganyň gurluşygy Merkezi Garagumda ýerleşýän «Merkezi Garagum» gazkondensat känler toplumynyň ägirt uly mümkinçiliklerini açar we Daşoguz welaýatynda hereket edýän gaz geçirijileri boýunça tebigy gazyň geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam eder.

Taslamany durmuşa geçirmek üçin häzirki zaman enjamlary we öňdebaryjy tehnikalar peýdalanylar. Şertnama laýyklykda, enjamlary taýýarlamak we oturtmak, inžinerçilik işleri, gurluşyk-gurnama we sazlaýyş işleri, şeýle hem «Türkmengaz» DK-nyň hünärmenlerini taýýarlamak işleri amala aşyrylar.

Bu desganyň gurluşygyna, esasan, ýerli hünärmenler gatnaşar. Bu bolsa olaryň hünär başarnyklarynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder.

Geljekde singapur kompaniýasy «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri bilen mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňünde tutýar.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 26 — 27-nji awgustda Singapur Respublikasyna boljak döwlet saparynyň öňüsyrasynda bu desgany gurmak boýunça «GP Global Equipment Pte Ltd» singapur kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga «Türkmengaz» döwlet konsernine ygtyýar berýän resminama gol çekdi.

Meňzeş täzelikler

2014