Tatarystanyň kärhanalary Türkmenistan bilen awtomobilleri suwuklandyrylan gaza geçirmek tejribesini paýlaşar

Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Senagat we söwda ministrligine suwuklandyryaln tebigy gazy (STG) ilerletmek boýunça Türkmenistana ýardam etmekligi tabşyrdy. Bu barada Kazan Kremliniň resmi wekili Liliýa Galimowa gürrüň berdi, diýip «Tatar-inform» habar berýär.

«Biziň senagat kärhanalarymyzyň hereket edip biljek Türkmenistanyň administratiw merkezleriniň birinde suwuklandyrylan tebigy gazy motor ýangyjy hökmünde ulanmagy öwrenmek boýunça başlangyç taslamany işläp düzmek tabşyryldy» diýip Galiowa belledi.

Tatarystan Respublikasynyň Senagat we söwda ministrligi we Tatarystanyň senagat kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tekliplerini hödürlemeli.

«Biz STG geçmek boýunça Russiýa Federasiýasynda başlangyç sebit. Bizde awtomobilleri STG enjamlaşdyrýan kompaniýalar bar. Bizde bar bolan tejribäni şol ýerden hem ulanar ýarly etmeli. Olar muňa gyzyklanma bildirýärler, çünki Türkmenistan gaz serişdelerine örän baý döwlet» - diýip Galimowa düşündirdi.

Şeýle hem habar berlişi ýaly, 12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň ony Tatarystanyň kärhanalaryna görkezdi.

Meňzeş täzelikler

2014