Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň I HYF gatnaşygynyň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmagynyň netijeleri jemlendi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow bu barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisinde «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Gyýanlynyň polimer zawody we Ahalyň tebigy gazdan benzin öndürýän zawody önümçilik kuwwatlyklaryny görkezdiler.

Halkara ähmiýetli wakalaryň çäklerinde guralan birža söwdalarynda nebitgazhimiýa önümlerini satyn almagyň umumy bahasy ABŞ-nyň 335 million 476 müň dollaryna barabar bolan geleşikler baglaşyldy. Daşarky bazara 460 müň tonna nebit önümleri, 18 müň tonna suwuklandyrylan gaz, 130 müň tonna ekologiýa taýdan arassa ECO-93 benzin ýerlenildi. BAE-den, Hytaýdan, Şweýsariýadan, Beýik Britaniýadan, Lýuksemburgdan, Singapurdan, Owganystandan, Russiýadan, Maltadan gelen alyjylar A-80 we ECO- 93 kysymly awtobenzini, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, nebit koksuny, polietileni, karbamidi, tehniki ýody satyn aldylar. Şu ugurlar boýunça umumy bahasy ABŞ-nyň 335 million 476 müň dollaryna barabar bolan geleşikleriň 72-si baglaşyldy.

Daşarky bazara 460 müň tonna nebit önümleri, 18 müň tonna suwuklandyrylan gaz, 130 müň tonna ekologiýa taýdan arassa EÑO-93 benzin ýerlenildi.

Şeýle hem içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri polietilen we polipropilen satyn aldylar. 43 million manatlyk söwda edilip, 151 geleşik baglaşyldy.

«Hazar deňziniň energetika mümkinçilikleri» ady bilen geçirilen mowzuklaýyn mejlisde sebit hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary we düzümleýin taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hazar sebitiniň halkara ykdysady gatnaşyklarynda, şol sanda dünýä ähmiýetli baý nebitgaz gorlary bilen wajyp orun eýeleýändigini belledi. Bar bolan ägirt uly energetika kuwwaty onuň çäk ýagdaýynyň aýratynlyklaryny has-da pugtalandyrýar. Hazar möhüm yklymüsti ulag geçelgesi bolup durýar.

Döwlet Baştutany nebitgaz senagatynyň önümçilik düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, pudaga daşary ýurt maýalaryny çekmek, täzeçil usuldaky nebit we gazhimiýa toplumlaryny gurmak, taýýar önümleriň dünýä bazarlaryna ugradylýan mukdaryny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri amala aşyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014