Geljekki gazçylar okuw-önümçilik tejribeligini geçdiler

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Marynyň nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň birinji we ikinji ýyl talyplary konserniň dürli kärhanalarynda we edaralarynda okuw-önümçilik tejribeligini geçdiler.

Nebitgaz okuw mekdebiniň talyplary bir aýdan gowrak wagtyň dowamynda mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda ýurduň ähli welaýatlarynda «Türkmengazakdyryş», «Türkmengazüpjünçilik» Birleşiginiň kärhanalarynda, şeýle hem «Marygazçykaryş», «Döwletabatgazçykaryş» we «Türkmengazburawlaýyş» müdirlikleriniň kärhanalarynda tejribelik geçdiler.

Tejribeligiň dowamynda talyplar gazy gözlemek, «Galkynyş» ägirt uly gaz käninde meýdanlary özleşdirmek, şeýle hem täze buraw desgalarynyň tehnologiýasy ulgamynda işleriň alnyp barlyşy bilen tanyşdylar. Şeýle hem okuw-önümçilik tejribeliginiň dowamynda talyplar tejribeli gazçylaryň ýolbaşçylygynda guýudan tebigy gazy çykarmagyň, gazy dürli garyndylardan arassalamagyň, harytlyk gazy taýýarlamagyň we sarp edijilere ibermegiň aýratynlyklary bilen tanyşdylar.

Talyplaryň «Türkmengaz» DK-nyň dürli kärhanalarynda okuw-önümçilik tejribeligini geçmegi ýaş talyplara geljekde hünärlerini oňat ele almaklaryna oňyn ýardam berer.

 

Meňzeş täzelikler

2014