Nusgalyk şäher

15:30 29.04.2021 180

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2098/original-1608a8abe3f90a.jpeg

(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)

Häzirki ösen döwürde paýtagt derejesindäki şäherler döwletiň geçmişini, şu gününi we geljegini, ösüşini, ýaşaýyş derejesini açyp görkezýär. Öz döreýşi boýunça her bir paýtagt şäheriň özboluşly aýratynlyklary bar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäheriniň döreýşi türkmen halkynyň ruhy we milli galkynyşy bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen Aşgabat şäheri dünýäde nusgalyk şäherleriň birine öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaralarynyň belleniljek günleri barha golaýlaşýar. Bu taryhy gün milli senenamamyza altyn harplar bilen ýazylar.

  Hormatly Prezidentimiziň bu şanly seneleri nusgalyk derejede bellemek üçin görülýän taýýarlyk işlerini üns merkezinde saklamagy bilen şäheriň seýilgählerinde baýramçylyk çäreleri, sungat ussatlarynyň çykyşlary, ýörite sergiler, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşikleri giň gerim alýar. Aşgabat barada dürli döredijilik eserleriniň, wideofilmleriň taýýarlanmagy, täze, döwrebap desgalaryň dabaraly açylyşlary, geçirilýän sport ýaryşlary, aýlawlardaky at çapyşyklary ildeşlerimiziň baýramçylyk duýgularyny has-da artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň asudalygyň, parahatçylygyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň rowaçlanýan merkezi hökmünde ykrar edilendigini belleýär. Şonuň netijesinde Aşgabady dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan şäherleriniň birine öwürmek boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Aşgabat şäheriniň ençeme gezek dürli ugurlar boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, dünýäniň abraýly halkara guramalary tarapyndan ekologiýa abadançylygy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň kämilligi, binalarynyň döwrebaplygy, bezeg aýratynlyklary boýunça mynasyp derejelere eýe bolmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Taryhyň dürli döwürlerinde Aşgabat täzelenişiň, galkynyşyň, özgerişiň, ykbalyň göterilişiniň nusgasy bolupdyr. Häzirki wagtda gözel paýtagtymyz Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda sanlyja ýyllaryň içinde täze, döwrebap keşbe eýe boldy. Ak mermer ymaratlaryň bezeg aýratynlyklary halkymyzyň milli aýratynlyklaryndan gözbaş alýar. Gojaman Köpetdagdan uzalyp gidýän döwrebap Aşgabat tebigatyň, ösen innowasion tehnologiýalaryň, eşretli durmuşyň, ösüşiň-özgerişiň beýany bolup görünýär.

Goý, mähriban halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan, ýurdumyzyň ýüregi bolan gözel Aşgabat şäherimizi dünýäde nusgalyk şäherleriň birine öwren milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Arslan ATAHANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Surata düşüren Arslan MÜLLIKOW.

Other articles
15f16d20ddfe90.jpeg
Fuel and energy complex of Turkmenistan: vectors of development

Efficient use of potential of oil and gas industry is an important aspect of the policy steadily implemented by President Gurbanguly Berdimuhamedov.


1601784e19c943.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 93-si hasaba alyndy.


1608696ffb6831.jpeg
Aşgabat — gözelligiň nusgasy (Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan Aşgabat şäherimiz binagärlik-gurluşyk, medeniýet, ekologiýa abadançylygy, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň kämilligi babatynda dünýä derejesinde düýpli özgertmelere eýe boldy.


160bf096577aef.jpeg
Şanly ýyldaky şowly gadamlar

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän şanly 30 ýyllyk baýramyny zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak, ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň başarjaň işgärleriniň baş maksadydyr.