Arkadagyň sungaty sen, Aşgabat

11:40 28.04.2021 179

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2087/original-160890377af8fc.jpeg

(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)

Dünýäde dost-doganlygyň, parahatçylygyň dabaralanýan ýurdy hökmünde ykrar edilen Arkadagly Diýarymyz paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň dabaraly toýunyň öňüsyrasynda dur. Bu gün baş şäherimiziň dünýäniň iň gözel we iň abadan şäherleriniň birine öwrülendigini nygtamak kalbymyzyň töründe buýsandyryjy duýgulary oýarýar. Paýtagtymyzy ösdürmegiň çäklerinde alnyp barylýan şähergurluşyk we binagärlik işlerinde, Aşgabadyň ýaşaýyş üçin iň amatly şäher hökmünde dünýä tanalmagynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bimöçberdir.

Aşgabady ösdürmegiň maksatnamasynyň tapawutlandyryjy aýratynlygy onuň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagydyr. Şäheriň medeni-dynç alyş merkezleriniň daş-töweregini gurşap alan ýaşyl ýaýlalar, birgeňsi owadanlygy bilen özüne çekýän yşyklandyryş sütünleri, älemgoşar öwüşginleri bilen şuglalanýan suw çüwdürimleri, ýanýodalarynyň ikiýan çeti täze baglar bilen bezelen şaýollaryň gözelligi ajaýyp duýgulary goşalandyrýar. Ähli ýollaryň çatryklarynda diýen ýaly sowma ýollaryň gurulmagy, ýanýodalaryň we ýaşyl zolaklaryň döredilmegi, ýaşaýyş jaýlarydyr edara-kärhanalaryň binalarynyň döwrebap bezegi täze, owadan ymaratlar bilen ajaýyp sazlaşyk döredýär. Paýtagtyň taryhy ýubileýiniň öňüsyrasynda bu döredilen gözellikleriň ählisi aýratyn bezege, tanalmaz keşbe girmek bilen, diňe bir aşgabatlylary däl, eýsem, ähli halkymyzy begendirýär.

Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ady Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabynda ençeme gezek gaýtalanýar. Oguz han suw çüwdürimler toplumy göreniň ünsüni özüne çekýär. Toplumyň 26 sany suw çüwdüriminiň gulaga ýakymly sesi, ylla bir gulakdan düzülen orkestr bolup, süýji durmuşyň waspyny ýerine ýetirýän ýaly eşidilýär. Dünýäniň iň uly binagärlik ýyldyzy — Oguz hanyň sekizburçlygy «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň binasynda lowurdap, gijeki Aşgabada bezeg berýär. Dünýäde iň beýik baýdak sütüni hem Aşgabatda ýerleşip, şäheriň islendik künjeginden görünýär. Elde dokalan, dünýäde iň uly halyny görmek isleýänler hem Aşgabada geläýmeli. Ol haly ululygy hem gözelligi bilen görenleri  haýran galdyrýar. Haly gölüniň iň uly şekili-de Aşgabadyň Halkara howa menziliniň ýolagçy terminalynyň ýokarsynda ýerleşdirilendir. «Älem» medeni–dynç alyş merkezi çagalaryň iň bir söýgüli ýerleriniň biridir. Onuň ýapyk görnüşli syn ediş çarhy-da Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendir.

Halkymyzda bedew ata biçak uly sarpa goýulýar. Şeýle bolansoň, bedew atyň dünýäde iň uly nyşanynyň hem Aşgabatda bolmagy kanunalaýykdyr. Bu nyşanyň paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynyň ýokarsyndan seredip durşy ýurdumyzyň ähli ulgamlarda, şol sanda sportda hem gazananlaryny oňlaýan hem ýeňişlere ruhlandyrýan ýaly bolup görünýär. Sport şäherçesi agzalanda ýapyk görnüşli iň arassa suwda ýüzülýän howzuň hem şu ýerde ýerleşýändigini aýtmaly. Paýtagtymyz bilen adybir stadionda welosport boýunça dünýäde guralan iň köpçülikleýin tälim beriş sapagynyň geçirilendigini, onuň hem rekordlar kitabynda hasaba alnandygyny buýsanç bilen ýatlamalydyrys. Aşgabadyň özi-de iň köp ak mermerli binalary bolan şäher hökmünde Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendir.

Maýa GELDIÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.

Other articles
15f16d20ddfe90.jpeg
Fuel and energy complex of Turkmenistan: vectors of development

Efficient use of potential of oil and gas industry is an important aspect of the policy steadily implemented by President Gurbanguly Berdimuhamedov.


1601784e19c943.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 93-si hasaba alyndy.


1608696ffb6831.jpeg
Aşgabat — gözelligiň nusgasy (Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan Aşgabat şäherimiz binagärlik-gurluşyk, medeniýet, ekologiýa abadançylygy, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň kämilligi babatynda dünýä derejesinde düýpli özgertmelere eýe boldy.


160bf096577aef.jpeg
Şanly ýyldaky şowly gadamlar

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän şanly 30 ýyllyk baýramyny zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak, ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň başarjaň işgärleriniň baş maksadydyr.