Aşgabat

14:12 27.04.2021 187

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/2086/original-16087d566195e7.jpeg

(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)

Atýar süýji daňlar ak päle meňzäp,
Ganabilmän Gün eglenýär roýuňdan.
Kim bagtyny, kim arzuwyn idäp ýör,
Läle deý açylan gülleň çogundan.

Aý nurun düşeýär aýna ýoluňa,
Eçip bolluk bilen sahawatyny.
Ýa bu Aýyň uçmah öýdüp ýanyňa
Begenip gelşiniň alamatymy?!

Başga sende ýazlaň ýaza meňzeýşi,
Ömrüň ömre, toýlaň toýa ulaýşy.
Okap däl, alnyňda janlanýar bu gün,
«Ak guwlaryň», ertekileň döreýşi.

Neneň gözel saňa baglanan hyýal,
Gezmek gowy eziz adyň gaýtalap.
Buýsanyp, çar ýandan ýaňlanýar jümle:
«Gül Watanmyň ýüregi sen, Aşgabat!».

Sünnä sungat hem yhlasyň heýkeli,
Eýlenipdir mähre süňňi-süýegiň.
Görküň sözsüz beýany bor asyrlap,
«Ýagşyny görmegiň jennetdiginiň».

***

Eý, şäher, ullakan gujagyň giň seň,
Seň goýnuňda mesgen tutdy arzuwym.
Näçe umytlary hasyl edipsiň,
Isleýän dek hemmeleriň gowlugyn.

Saňa ýerleşipdir ýaşlygyň döwri,
Gojalaryň öwütlerne ýugrulyp.
Bilemok, näm üçin soňky döwürler
Saňa juda gidipdirin höwrügip.

Täsin sende gijeleriň aýdymy,
Täsin, bagtyň gülün paýlaýan çagyň.
Gujaklap-gujaklap apalap ýörün,
Maňa rowa gören günleriň baryn.

Baglarňa, ýollarňa hemem düýnüňe
Ýerleşipdir hakydalaň üşügi.
Sag bol, bu gün hasyl edeniň üçin
Kän ýyllar öňürti gören düýşümi.

Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA.

Other articles
15f16d20ddfe90.jpeg
Fuel and energy complex of Turkmenistan: vectors of development

Efficient use of potential of oil and gas industry is an important aspect of the policy steadily implemented by President Gurbanguly Berdimuhamedov.


1601784e19c943.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 93-si hasaba alyndy.


1608696ffb6831.jpeg
Aşgabat — gözelligiň nusgasy (Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan Aşgabat şäherimiz binagärlik-gurluşyk, medeniýet, ekologiýa abadançylygy, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň kämilligi babatynda dünýä derejesinde düýpli özgertmelere eýe boldy.


160bf096577aef.jpeg
Şanly ýyldaky şowly gadamlar

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän şanly 30 ýyllyk baýramyny zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak, ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň başarjaň işgärleriniň baş maksadydyr.


160890377af8fc.jpeg
Arkadagyň sungaty sen, Aşgabat

Dünýäde dost-doganlygyň, parahatçylygyň dabaralanýan ýurdy hökmünde ykrar edilen Arkadagly Diýarymyz paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň dabaraly toýunyň öňüsyrasynda dur. Bu gün baş şäherimiziň dünýäniň iň gözel we iň abadan şäherleriniň birine öwrülendigini nygtamak kalbymyzyň töründe buýsandyryjy duýgulary oýarýar.