Täzelikler

Türkmenistanyň paýtagtynda ilkinji golf-klub açyldy, ikinjisi «Awazada» gurlar

17-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda ýurtda ilkinji golf-klub açyldy, diýip Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Dabaranyň barşynda döwlet Baştutany top boýunça ilkinji urgyny edip, Aşgabadyň golf toplumynyň işlemäge başlandygyny alamatlandyrdy. Döwlet Baştutanynyň dabarada belleýşi ýaly, heniz gadymy döwürlerde, türkmenleriň arasynda golfa meňzeş çilik oýnunyň oýnalandygyny belledi. Bu oýun adamda çakganlygy, ünslüligi, başarjaňlygy we sagdynlygy terbiýeleýär we...

16-njy oktýabrda OPEC-iň nebit sebedi 1,1 göterim gymmatlady

16-njy oktýabrda OPEC-iň nebit sebediniň bahasy barrel üçin 55,74 dollara barabar boldy. Bu görkeziji geçen anna günündäkiden 0,62 dollar köpdür, diýip Trend sişenbe güni gurama salgylanyp habar berýär. Nebitiň dünýä boýunça bahalary sişenbe güni Yrakda gapma-garşylyklaryň barha ýitileşmegi netijesinde maýadarlaryň arasynda dowam edýän närahatlygyň çäklerinde ýokarlanýar. Sişenbe güni 15:37 wagta çenli ýagdaýda Brent kysymly nebitiň dekabrdaky fýuçersleriniň...

ÝHHG-niň bilermenleri ofşor zolaklarynyň üsti bilen jenaýatçylyk ýoly bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrmagyna garşy göreş boýunça tejribelerini paýlaşdylar

Türkmenistanyň maliýe, hukuk goraýjy we gözegçilik  edaralarynyň, şeýle hem täjirçilik banklarynyň we beýleki degişli edaralarynyň wekilleri Aşgabatda ÝHHG-niň gurnan ofşor zolaklarynyň üsti bilen jenaýatçylyk ýoly bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrmagyna garşy hereket etmek çygrynda öňdebaryjy tejribelerini alyşmak boýunça seminaryna gatnaşdylar. Bu barada ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň saýty habar berýär. Seminaryň çäklerinde dürli zolaklarda resmileşdirilen we aýratyn salgyt düzgüni...

Nebit gymmatlaýar: Brent - $57,79, WTI - $51,87

16-njy oktýabrda 8:15 wagta çenli ýagdaýda Brent kysymly nebitiň dekabrdaky fýuçersleriniň bahasy Londondaky ICE Futures biržasynda 0,62 dollar (1,08 göterim) ýokarlanyp, barreli 57,79 dollara deň boldy. Ondan öňki söwdalaryň barşynda şertnama 0,92 dollar (1,64 göterim) gymmatlap, barreli 57,17 dollara deň boldy, diýip rus Nebitgaz habarlary agentligi habar berýär. WTI kysymly nebitiň noýabrdaky fýuçersleriniň bahasy Nýu-Ýorkdaky NYMEX...

«Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň bahasy kesgitlenildi

«Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň bahasy 41,5 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar. Bu barada «Günorta gaz geçelgesi» ÝGPJ-niň ýolbaşçysy Afgan Isaýew Bakudaky Argus 2017 Halkara nebit sammitinde aýtdy. Maliýeleşdirmegiň şu möçberiniň 11,8 milliard dollary Azerbaýjanyň paýyna düşýär. Şu möçberden 7,8 milliard dollar bölünip berildi. «Şah Deňiz-2» taslamasynyň bahasy 23,9 milliard dollara barabar. Bu möçberden 16,4 mlrd dollar maliýeleşdirildi, taslamanyň...

ÝHHG-niň ýardamynda geçirilen Akademik forum Owganystan bilen ykdysady hyzmatdaşlyga gönükdirilýär

Hökümet düzümleriniň wekilleri, diplomatlar, şeýle hem Merkezi, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň ylmy barlag institutlarynyň we ykdysady toplumynyň bilermenleri geçen hepdede ÝHHG-niň goldaw bermeginde Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça VII Ministrler maslahatynyň (RECCA VII) çygrynda Akademik foruma gatnaşdylar. Bu barada ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň saýtynda habar berilýär. Bu möhüm çäre Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň Strategik barlaglar...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede birža söwdalarynda eksport geleşikleriniň bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryna barabar boldy. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Türkiýeden, Pakistandan, Latwiýadan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen flanel matasyny, ýüplügi we nah matanyň galyndylaryny, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy...

ÝET-niň 2017-nji ýylyň 9 aýynyň jemleri jemlenildi

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda 2017-nji ýylyň geçen 9 aýynda edilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Maksat Babaýew, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Nebitgazhyzmat» ÝPJ-niň we pudak ylmy institutynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda toplumyň kärhanalarynyň we...

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy

Şu günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy. Dabara «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Nebitgazhyzmat» ÝPJ-niň we pudak ylmy institutynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyşyň dowamynda toplumyň işgärleriniň çykyşlary boldy. Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň...

Eger-de OPEC nebit çykarylyşyny üýtgetmese, nebit bazary 2018-nji ýylda deňagramlaşar - HEA

Eger-de OPEC nebit çykarylyşyny çen bilen häzirki derejesinde – günde 32,7 mln barrel möçberinde saklasa, nebit we nebit önümleri bazary 2018-nji ýylda umuman deňagramlaşar. Bu çaklamany Halkara energetika agentligi berýär. «Indiki ýyl babatda aýdylanda nebit we nebit önümleri bazary umuman deňagramlaşar. Munuň üçin OPEC nebit çykarylyşyny çen bilen häzirki derejesinde saklamaly» diýip agentligiň dokladyny Praým getirýär. HEA-nyň...

Müsür OPEC+ ylalaşygyna goşulmaz

Müsür OPEC we beýleki birnäçe döwletleriň (OPEC+) nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça ylalaşygyna goşulmagy meýilleşdirmeýär. Bu barada ýurduň ministri Şerif Ismail aýtdy, diýip, rus nebitgaz habarlary agentligi habar berýär. Müsür OPEC+ ylalaşygyna goşulmaz, çünki ýurt hiç zat eksport etmeýär diýen ýaly, çykarylýan nebitiň esasy bölegi bolsa ýerli nebiti gaýtadan işleýän kärhanalarda peýdalanylýar, diýip Ismail düşündirdi. «Biziň eksport edýän...

Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşinde hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny döretmek başlangyjyny öňe sürdi

Soçide GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşinde eden çykyşynda GDA-nyň ykdysady ulgamda özara gatnaşyklarynyň köpýyllyk tejribesine daýanmak bilen, biz hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny döretmegiň mümkinçiliklerine seredip bilerdik, diýip belledi. Gurbanguly Berdimuhamedow syýasy ulgamda hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňe geçip, Türkmenistanyň GDA döwletleri bilen hyzmatdaşlyga sarpa goýýandygyny, oňa Arkalaşygyň ähli ýurtlarynyň daşary gatnaşyklarynyň örän ähmiýetli bölegi hökmünde garaýandygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde,...

Gurbanguly Berdimuhamedow russiýaly kärdeşine Wepaly atly alabaý güjügi sowgat berdi

11-nji oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine geldi. Gara deňziniň gözel kenarynda ýerleşen «Radisson Blu Resort & Congress Centre» kaşaň myhmanhanasynyň Konresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygy boldy. Russiýanyň baştutany türkmen kärdeşine Soçi şäherine gelip...

Türkmenistan we HHR innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýär

11-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Tehnologiýalar merkezinde «Innowasiýalar, täze tehnologiýalary we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly I Türkmen-hytaý ylmy—innowasiýa forumy açyldy. Ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehniki ministrligi tarapyndan guraldy. Forumyň baş maksady—energiýanyň alternatiw çeşmeleri, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar, oba hojalygynda innowasiýalar, himiýa, seýsmologiýa, lukmançylyk, derman önümçiligi, biologiýa we beýleki ugurlarda Türkmenistandan we HHR-den...

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri telefon arkaly TOPH taslamasyny we ýangyç-energetika hyzmatdaşlygynyň beýleki meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetçeşlikde türkmen-owgan ýangyç-energetika hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler türkmen-owgan hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçmek bilen, soňky döwürde iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde—iri halkara guramalarynyň hem-de abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde giňelýändigini kanagatlanma bilen...

2014