Täzelikler

ÝB Türkmenistan bilen energetika we beýleki ulgamlarda gatnaşyklaryny berkitmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň baştutany bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp geçip, taraplar energetika ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň indiki ädimlerine garadylar. Şol nukdaýnazardan ugur alyp taraplar Türkmenistanyň wekiliýetiniň Brýussela amala aşyrjak saparyny...

Türkmenistanyň Prezidenti halkyny Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady

Si­zi Türk­me­nis­ta­nyň mil­li baý­ra­my — tä­ze se­ne­na­ma­my­za la­ýyk­lyk­da «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» diý­lip yg­lan edi­len 2018-nji ýy­lyň 27-nji sent­ýab­ryn­da il­kin­ji ge­zek giň­den bel­len­ýän Ga­raş­syz­lyk gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn! Ga­raş­syz­lyk ber­ka­rar­ly­gy­my­zyň, ag­zy­bir­li­gi­mi­ziň we je­bis­li­gi­mi­ziň berk...

Nebitgaz toplumynyň işgärlerine baýramçylyk mynasybetli medallar gowşuryldy

Şu gün ýurduň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda ýurt Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk şanly baýramçylygy mynasybetli döwlet sylaglaryny we hormatly atlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini we halkara abraýyny artdyrmakda, senagaty, nebitgaz toplumyny depginli ösdürmekde döwlet maksatnamalaryny iş ýüzünde amal etmekde gazanan uly...

«Heavy Caspian Turkmenistan» forumynda gabarasy bellenilen çäkden uly ýükleri daşamak ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar

2018-nji ýylyň 1-3-nji oktýabry aralygynda “Awaza” MSZ-nyň Kongress merkezinde Heavy Caspian: Turkmenistan I halkara maslahaty geçiriler. Forumda Türkmenistana agyr we umumy ulanylýan ýollardan daşap bolmaýan ýükleri daşamagyň hem-de olary oturtmagyň meseleleri, şol sanda Türkmenbaşy portunyň mümkinçilikleri, gara ýollar we demir ýol düzümleriniň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşylar. Agyr we gabarasy bellenilen çäkden uly ýükleri daşamak ulgamynda öňdebaryjy...

2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmenistanda ilat elektrik energiýasy, gaz, agyz suwy we nahar duzy bilen ýeňillikli bahalardan tölegli esasda üpjün ediler

2019-njy ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan baş­lap, Türk­me­nis­ta­nyň ila­ty­ elekt­rik ener­gi­ýa­sy, gaz, agyz su­wy we na­har du­zy bi­len ýe­ňil­lik­li we el­ýe­ter ba­ha­lar­dan tö­leg­li esas­da üp­jün ediler. Degişli karara Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji sentýabrda gol çekdi. Resminamada bellenilişi ýaly, bu çözgüt «döw­le­ti­mi­ziň äh­li ugur­lar­da dur­nuk­ly we ul­gam­la­ýyn ösü­şi­ni ga­zan­mak, bin­ýat­lyk çeş­me­le­ri­ni re­je­li...

Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýyl üçin maýa goýumlarynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Halk maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýyl üçin Döw­let býu­je­ti­niň tas­la­ma­syn­da dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň esa­sy ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gy tek­lip etdi. Döwlet Baştutany pu­dak­la­ry di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­giň ha­sa­by­na yk­dy­sa­dy ösü­şiň dur­nuk­ly ýo­ka­ry dep­gin­le­ri­ni sak­la­mak, hal­ka­ra we se­bit äh­mi­ýet­li iri hem-de aý­ra­tyn mö­hüm...

Türkmenistanyň Prezidenti Halk maslahatynyň birinji mejlisini açdy

Sişenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň birinji mejlisi açyldy. Pre­zi­den­t Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da geçirilen umu­mymil­li mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bi­ne türk­men döw­le­ti­ni we jem­gy­ýe­ti­ni mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­me­giň, esa­sy mak­sa­dy hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek, uzak ­möh­let­le­ýin gel­je­gi na­za­ra al­mak bi­len ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp...

RF-iň Ilçisi Gurbanguly Berdimuhamedowa atasy Berdimuhamet Annaýewiň mynasyp bolan «Edermenligi üçin» diýen medaly gowşurdy

Duşenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin Gurbanguly Berdimuhamedowa atasy Berdimuhamet Annaýewiň mynasyp bolan “Edermenligi üçin” diýen medalyny gowşurdy. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň iýun aýynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permanyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewe Watany goramakda we harby borjy ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, Beýik Watançylyk...

Türkmenistanyň Prezidenti 735 adamy raýatlyga kabul etmek barada Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramynyň öňýanynda Türkmenistanyň Prezidenti 735 sany raýatlygy bolmadyk adamlary “Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek” hakyndaky Permana gol çekdi. Bu barada döwlet Baştutany 24-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berdi. Resminama gol çekmek bilen, Prezidentiň nygtaýşy ýaly, dürli taryhy ýagdaýlar sebäpli raýatlygyny ýitiren adamlaryň 700-den hem köpüsi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de bosgunlar we...

Türkmenistanda 1700-den gowrak iş kesilen raýatlaryň günäsi geçilip, azatlyga çykaryldy

Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanda iş kesilen 1722 adamyň günäsi geçilip, azatlyga çykaryldy. degişli Permana Prezident 24-nji sentýabrda gol çekdi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Baş prokuror B.Atdaýewe ýüzlenip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilenleriň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur çäreleri...

Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitaby tanyşdyryldy

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda TYA-nyň akademigi, ykdysady ylymlаryň doktory, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Kitap baý tebigy, ägirt uly önümçilik, düzümleýin we adam mümkinçiliklerine eýe bolan ýurdumyzyň depginli ösüşine, milli we pudaklaýyn maksatnamalaryň, 2015-nji ýylyň sentýabrynda BMG-ä gatnaşyjy döwletleriň ählisi tarapyndan 2030-njy ýyla...

Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $79,22, «WTI» - $71,63

OPEC+ ministrler monitoring geňeşiniň mejlisinden soňra, 24-nji sentýabrda nebitiň dünýä boýunça bahalary ynamly ýokarlanýar. Moskwa wagty bilen 7:50-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,25 göterim ýokarlanyp, 79,22 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 1,2 göterim gymmatlap, 71,63 amerikan dollaryna barabar boldy. 24-nji sentýabrda maýadarlar dynç güni Alžirde geçirilen OPEC+ ylalaşygyna gözegçilik etmek...

Aşgabatda ykdysadyýet, ulag we nebithimiýa ulgamlarynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Ykdysady, söwda we senagat ministrliginiň Halkara taslamalar boýunça bölüminiň başlygy Takasi Ýoşiokanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de wekiliýet agzalary ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ykdysadyýet, ulag,...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 79-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Latwiýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, aşa gyzdyrylan nebit koksuny, dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Owganystandan gelen işewürler şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda...

Nebitiň bahalary dürlüçe üýtgeýär: «Brent» - $78,75, «WTI» - $70,22

2018-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Moskwa wagty bilen 7:52-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,06 göterim ýokarlanyp, 78,75 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,14 göterim aşaklap, 70,22 amerikan dollaryna barabar boldy. Anna güni nebit bazary 23-nji sentýabrda Alžirde OPEC+ ministrler monitoring komitetiniň duşuşygyna garaşýar, diýip Ria Nowosti habar berýär. Duşuşykda nebit...

2014