Täzelikler

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýetine ýokary baha berdiler

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz  geçirijisiniň gurluşygynyň barşy 21-nji fewral Aşgabada resmi sapar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşiklerinde esasy meseleleriň biri boldy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde edilen çykyşda iki ýurduň Liderleri bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň sebitiň döwletleriniň mundan beýläkki...

Gurbanguly Berdimuhamedow iri möçberli ykdysady taslamalaryna Owganystanyň goşulmagynyň wajyplygyny belledi

Owganystanyň giň möçberli halkara we sebit derejesindäki ykdysady we üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryna çekilmeginiň bu ýurtda parahatçylygy we agzybirligi gazanmagyň örän möhüm şerti bolup durýandygyna ynanýarys diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-owgan gepleşikleriniň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýüzlenme bilen eden çykyşynda belledi. — Türkmenistan bu garaýşa eýermek bilen, soňky ýyllarda Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, ulag, kommunikasiýa...

Türkmen-owgan gepleşikleriniň netijeleri boýunça 10 sany resminama gol çekildi

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň,  özara bähbitli türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we  Mohammad Aşraf Gani Türkmenistan  bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama  hem-de Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda: Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda nebitgaz pudagynda...

Aşgabatda ýokary derejede türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen  Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda ýokary derejede gepleşikler geçirildi. Gepleşikler ikiçäk derejede tamamlanandan soňra, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  Prezident Mohammad Aşraf Ganini mähirli mübärekläp, şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň...

Şu gün Owgan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aşraf Gani Aşgabada geler

Şu gün Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Aşgabat şäherine resmi sapar bilen gelýär, bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde 21-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda duşuşyk meýilleşdirilýär. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň liderleri syýasy, söwda-ykdysady, ulag, energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-owgan...

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda 2019-njy ýylda geçiriljek halkara forumlarynyň seneleri kesgitlenildi

2019-njy ýylda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda pudaklaýyn halkara forumlarynyň geçiriljek seneleri mälim boldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň saýtynda «Ministrlikler we edaralar tarapyndan 2019-njy ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy» neşir edildi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň X Halkara Gaz kongresi 22-23-nji maýda «Awaza» milli syyahatçylyk zolagynda geçiriler. «Türkmengaz» döwlet konserni forumyň guramaçysy bolup çykyş eder. «Türkmenistanyň nebiti we gazy –...

OPEC+ döwletleri fewral aýynda nebit çykarylyşyny çäklendirmegi çaltlandyrarlar — BAE-niň energetika ministri

Nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek boýunça OPEC+ ylalaşygynyň ýerine ýetirilişi gowulanar, birinji çärýekde bolsa bu görkeziji 100 göterime deň bolar. Bu barada BAE-niň energetika ministri Suheýl al-Mazrui Abu-Dabidäki IDEX-2019 halkara goranmak sergisiniň çäklerinde TASS-a habar berdi. «Ýanwar aýynda ylalaşygyň ýerine ýetirilişi gowy boldy. Fewral aýynda netijeler gowulanar. 100 göterim görkezijä ýetmedik döwletler oňa ýeter. Birinji çärýekde doly görkezijini...

Ýewrokomissar: «Günorta gaz geçelgesiniň» kuwwatlylygynyň giňeldilmegi ÝB Hazar sebitinden goşmaça gaz almaga mümkinçilik berer

Azerbaýjan gazyny Ýewropa ibermekligi göz öňünde tutýan «Günorta gaz geçelgesi» (GGG) Ýewropa Bileleşigi üçin geým-çeýnjer bolup durýar, çünki 2020-nji ýyla çenli ol Hazar sebitinden Ýewropa ilkinji gezek gaz iberer, diýip Býujet we adam resurslary boýunça Ýewrokomissar Gýunter Ettinger Trend agentligine habar berdi. «Şu manyda bu taslama ibermeleriň täze ugruny açar we ÝB Energetika howpsuzlyk strategiýasyna we...

Türkmenistanyň Prezidenti TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy

Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda duşenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2015-nji ýylyň dekabrynda badalga berlen turbageçirijiniň...

Türkmenistan we Ýaponiýa hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa departamentiniň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary bölüminiň başlygy Tomiýamo Mikitonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Geňeşmeleriň başynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň ýeten sepgitleri barada pikir alyşdylar. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda...

«Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy

Azerbaýjan gazyny Ýewropa ibermäge niýetlenen «Günorta gz geçelgesi» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Bu barada Howpsuzlyk boýunça Mýunhen konferensiýasynda Azerbaýjanyň energetika ministri Pýarwiz Şahbazow belledi, diýip TASS habar berýär. Azerbaýjan ministriniň sözlerine görä, ibermeleri 2020-nji ýylyň ahyrynda başlamak meýilleşdirilýär. «GGG» energiýa howpsuzlygy nukdaýnazardan alanyňda has Günorta-Gündogar Ýewropanyň bazaryna niýetlenen bolsa hem, geljekde ol has...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 58-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Owganystandan, Estoniýadan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny, awtobenzini, owganystanly işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan...

Seul şäherinde hökümetara türkmen-koreý toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler

Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň ýedinji mejlisi Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçiriler. Foruma görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde hasabat berdi. Hususan-da, mejlisiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, söwda-ykdysady, maliýe we senagat ulgamlarynda, energetika hem-de mineral serişdelerini gaýtadan işlemek, ulag we...

Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani Türkmenistana resmi sapar bilen geler

Geljek hepdede Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani resmi sapar bilen Türkmenistana geler. Resmi sapara taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow anna güni geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklary täze many-mazmuna eýe boldy. Elektrik energiýasynyň we suwuklandyrylan gazyň ýeňillikli bahadan iberilmegi, Owganystanyň çäginde durmuş...

Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $64,98, «WTI» - $54,72

Nebitiň dünýä boýunça bahalary ýokarlanýar. OPEC ýurtlarynda nebitiň çykarylyşynyň pese düşmegi netijesinde «Brent» söwda belgili nebitiň bahasy 2018-nji ýylyň güýzünden bäri iň ýokary derejesinde saklanýar. Moskwa wagty bilen 7:44-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,63 göterim ýokarlanyp, 64,98 amerikan dollaryna deň boldy. Anna güni bu görkeziji barreli üçin 65 dollara deň bolupdy, bu bolsa...

2014