Täzelikler

«Çalik Enerji» konsorsiumy Türkmenistanda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini gurar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna konsorsiumyň düzümine girýän Türkiýe Respublikasynyň «Çalyk Enerji Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň «Calik Enerji Swiss A.G.» kompaniýalary bilen Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini daşarky eltiji inžener ulgamlary bilen bilelikde gurmak barada şertnamany baglaşmaga ygtyýar berýän resminama gol...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 50-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Singapurdan we Maltadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. BAE-den we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, Ukrainanyň...

ABŞ-nyň Döwle departamenti: «GGG» Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Gündogar Ortaýerdeňziniň gazynyň hasabyna giňeldilip bilner

Azerbaýjandan, Türkmenistandan we Gündogar Ortaýerdeňzinden goşmaça gazyň hasabyna «Günorta gaz geçelgesiniň» kuwwatlyklary giňeldilip bilner. Trend agentliginiň habar berşi ýaly, bu barada ABŞ-nyň ykdysady ösüş, energetika boýunça döwlet sekretarynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetirýän Manişa Singh Waşingtonda her ýylky geçirilýän 4-nji Transhazar forumynda aýtdy. «Tebigy serişdeleri ibermek ulgamynda üstünlikleriň mysaly hökmünde Günorta Kawkaz we Transanatoliý gaz geçirijilerini bellemek...

Gazhimiýa pudagy — türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugrunyň hatarynda

23-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Oňa türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hem-de ýapon tarapyndan “Itoçu Korporeýşn” ýapon kompaniýasynyň Wise-prezidenti Ýoiçi Koboýaşi ýolbaşçylyk edýärler. Mejlise 80-e golaý wekillerden ybarat bolan...

Türkmenistanyň gazy Hytaýyň energetika howpsuzlygyny üpjün edýär – CNPC

Türkmenistandan satyn alynýan gaz Hytaýyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu barada Hytaý Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň (CNPC) ýanyndaky Nebitgaz ykdysadyýeti boýunça institutyň başlygynyň orunbasary Lýu Çaosýuan ýakynda «Awazada» geçirilen Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresinde HHR-iň tebigy gaz bazarynyň syny barada eden çykyşynda belledi. Bilermeniň bellemegine görä, tebigy gazyň, şol sanda suwuklandyrylan gazyň sarp edilişi...

AÖB TOPH taslamasyny goldamagyny dowam eder

— TOPH taslamasyna gatnaşyjy döwletleriň bu günki gün gazanan üstünlikleri mende aýratyn täsir galdyrdy – diýip, Aziýanyň ösüş bankynyň maliýe hünärmeni Roland S.Pladet Türkmenistanyň X halkara gaz kongresiniň çäklerinde TOPH gaz geçirijisine bagyşlanan bölümçede belledi, diiýip ORIENT habar berýär. — Men bu möhüm taslamanyň ahyrynda doly durmuşa geçiriljekdigine ynanýaryn. AÖB hemişe hem TOPH taslamasyny goldaýardy we...

Gurbanguly Berdimuhamedow we «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň wise-başlygy türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň wise-başlygy, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Ýoiçi Kobaýaşiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Ýaponiýa Türkmenistanyň ygtybarly we wajyp hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar hem-de däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymy belleýşi ýaly, türkmen-ýapon gatnaşyklary...

TOPH taslamasyny ilerletmekde Owganystanda düýpli ösüş gazanyldy – Abdulla Asifi

— TOPH taslamasyny Owganystanyň çäginde ilerletmekde düýpli ösüş gazanyldy – diýip, Owganystanyň şahtalar we nebit ministriniň uly geňeşçisi, TOPH-nyň utgaşdyryjy edarasynyň ýolbaşçysy Abdulla Asifi Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresine gatnaşmagynyň çäklerinde aýtdy. Bu barada Turkmenportal habar berýär. Goňşy döwletde transmilli turba geçirijiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişini häsiýetlendirip, Asifi şeýle belledi: «Turba geçirijiniň geçjek ugruny barlamakda biz düýpli...

«Awazada» Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi öz işini jemledi

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gaz pudagynda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlän we geljekde bilelikdäki meýilnamalaryň utgaşdyrylmagyny şertlendiren X Halkara gaz kongresi öz işini tamamlady. «Türkmengaz» döwlet konserniniň guramagynda geçirilen bu ýöriteleşdirilen çärä 30 döwletden 450-ä golaý wekil gatnaşdy. Jemleýji mejlisiň barşynda dünýäniň gaz bazarynyň geljekki ugurlary, onuň ösüşi, sebit we sebitara gaz geçiriji...

Eder Leontiý: Türkmenistanyň gaz ulgamynda mümkinçilikleri örän ýokary

— Geçen 10 ýylda yzygiderli Türkmenistanda geçirilip gelinýän Halkara gaz kongresi Hazar sebitini we umumylykda Merkezi Aziýa sebitiniň döwletlerini ösdürmek meselelerini maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi. Bu ýerde dünýäniň gaz bazarynyň öňdebaryjy wekilleri duşuşýarlar. Bu bolsa hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we berkitmäge hyzmat edýär. Bu barada «Gazprom WNIIGAZ-nyň» ösüş boýunça baş direktorynyň orunbasary Eder Leontiý Turkmenportala...

Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresinde «Galkynyş» känini özleşdirmegiň tejribesi maslahatlaşyldy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresiniň işiniň birinji gününde Türkmenistanyň Mary welaýatynda ýerleşen ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň tanyşdyrylyşy geçirildi. Forumyň barşynda «Galkynyş» — özleşdirmegiň bäş ýyllyk tejribesi» doklad bilen «Türkmengaz» DK-nyň Tebigy-gazyň ylmy-barlag institutynyň barlaghanasynyň müdiri Igor Prihodko çykyş etdi. Ol bu kän boýunça Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllaryndan ýüze çykarylan geologik, promysel...

TOPH — tutuş sebit üçin ägirt uly taslama

TOPH — tutuş sebit üçin ägirt uly taslama. Bu barada Pakistanyň premýer-ministriniň nebit boýunça ýörite kömekçisi Nadim Baber X Halkara gaz kongresiniň çäklerinde TOPH taslamasyna bagyşlanyp geçirilen aýratyn bölümçäniň işine gatnaşmagynyň dowamynda ORIENT agentligine beren interwýusynda belledi. Baberiň şeýle hem belleýşi ýaly, «ýylyň başynda Türkmenistan we Pakistan bu babatda birnäçe resminamalara gol çekdi. Ýylyň ahyryna biz...

Türkmen energiýa geçirijileriniň ýaýradylmagy tutuş sebite oňaýly täsir edýär — Ýelena Panowa

Türkmen energiýa geçirijileriniň ýaýradylmagy tutuş sebite, aýratyn hem Günorta Aziýa oňaýly täsir edýär. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa «Awazada» öz işine başlan X Halkara gaz kongresinde eden çykyşynda belledi. Panowanyň şeýle hem belleýşi ýaly, TOPH — Türkmenistanyň öz uglewodorod ätiýaçlyklaryny parahatçylygyň we goňşy sebitleriň durnukly ösmeginiň hatyrasyna gönükdirýändiginiň iň aýdyň mysalydyr. Energiýa geçirijileriniň ýaýradylmagynda...

«TGC -2019» gatnaşyjylar gaz ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny maslahatlaşýarlar

Şu gün irden sagat 10:00-da «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Berkarar» myhmanhanasynda Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi (TGС — 2019) öz işine başlady. Bu ýere iri nebitgaz, hyzmat ediş hem-de maslahat beriş kompaniýalaryň esasy menejerleri, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, abraýly halkara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriniň, diplomatik we ylmy toparlaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Türkmenistanyň...

Gurbanguly Berdimuhamedow X Halkara gaz kongresine gatnaşyjylara gutlag iberdi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda öz işine başlan Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresine gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen Lideri gaz kongresiniň netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de pugtalandyrmakda, dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde giň mümkinçilikleri döretjekdigine berk ynanýandygyny belledi. Dünýäde uglewodorod serişdelerine baý döwletleriň biri bolan...

2014