Täzelikler

Ýangyç-energetika toplumynyň işgärleri parahorluga we korrupsiýa garşy göreşmegiň meselelerini maslahatlaşdylar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Maslahatyň gün tertibine ýurduň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine ýaramaz täsir edýän parahorluk we korrupsiýa garşy göreş meseleleri girizildi. Duşuşyga gatnaşyjylar korrupsiýa we bikanun söwda amallaryna garşy göreşmek boýunça wezipeleri çözmegiň ýollaryny maslahatlaşdylar. Duşuşykda bu ýaramaz hadysalaryň öňüni almak...

«Türkmennebit» döwlet konserni «Professional & Broadcast Digital Systems Ltd» britan kompaniýasyndan enjamlary satyn alar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşenbe güni Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçe ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň barşynda beýleki meseleler bilen bir hatarda ýurduň nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň meselelerine garaldy. Hususan-da, wise-premýer Myratgeldi Meredow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin...

Oktýabryň ortalarynda TOPH gaz geçirijisiniň pakistan böleginiň gurluşygynyň başlanmagynyň senesi ylalaşylar

Oktýabryň ikinji on günlüginde Pakistanyň we Türkmenistanyň resmi wekiliýetleri özara gepleşikleri geçirer. Olaryň barşynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň pakistan böleginiň gurluşygynyň başlanmagynyň senelerini kesgitlemek meýilleşdirilýär. Mundan öň şu ýylda taraplar eýýäm kabul edýän tarapyň hökümeti bilen Ylalaşyga (Host Government Agreement (HGA) gol çekdiler, indi bu Ylalaşygyň doly görnüşini ara alyp maslahatlaşmak...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagysatyn aldylar. Şeýle hem Owganystanyň işewür toparynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, Russiýadan gelen işewürler...

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň netijesinde birnäçe möhüm resminama gol çekildi

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň Aşgabat sammiti GDA-nyň çäklerinde özara bähbitli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy bilen jemlenildi. Şolaryň hatarynda: GDA agza döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama, GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň sowet halkynyň 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanan Ýeňşiniň 75 ýyllygy mynasybetli Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine Ýüzlenmesi bar. Şeýle hem...

Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwletlerini Owganystandaky ykdysady taslamalara işjeň gatnaşmaga çagyrdy

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow owgan ykdysadyýetiniň energetika, ulag-kommunikasiýa we senagat esaslaryny döretmäge hem-de pugtalandyrmaga gönükdirilen ykdysady taslamalary amala aşyrmakda Owganystana dostlukly döwletleriň has işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny nygtady. Şu maksatlar bilen häzir biziň ýurdumyz owgan hyzmatdaşlar bilen bilelikde halkara taslamalarynyň birnäçesini amala aşyrýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ýokary woltly...

Berdimuhamedow: GDA-da ykdysady işi işjeňleşdirmek üçin täzeçe çemeleşmeler zerur

Türkmenistan GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine täzeçe itergi bermegiň tarapdary hökmünde çykyş edýär. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde belledi. Bilelikdäki tagallalar bilen ykdysady hem-de strategik hyzmatdaşlyk hakynda Jarnamanyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny hem-de döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine girizilendigini nygtap, Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow onuň kabul edilmeginiň GDA-da ykdysady işleriň işjeňleşdirilmegine täze çemeleşmeleri...

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklygynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Şu gün Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti...

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylar birnäçe resminamalary ylalaşdylar

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi boldy. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarow, Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Z.Mnasakanýan, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri W.Makeý, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ç.Aýdarbekow, Moldowa Respublikasynyň Daşary işler we Ýewropa integrasiýasy ministrliginiň Döwlet...

OGT-2019-a gatnaşyjylara Türkmenistanyň nebitgaz bazarynyň syny beýan ediler

22-23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2019» (OGT – 2019) Halkara maslahatynyň guramaçylarynyň saýtynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýanyň nebitgaz bazarynyň iri gatnaşyjysy bolup durýar. Bu forumy «Türkmennebit» döwlet konserni «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda gurnaýar. OGT 2019 her ýyl geçirilýär we Türkmenistan bile  nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we berkitmäge ýardam edýän abraýly işewürlik...

Naýypda gazy gaýtadan işleýän desgany döwrebaplaşdyrmak işleri tamamlanýar

Naýypda we Bagajada gazy gaýtadan işleýän ilkinji desgalar işe girizilen gününden başlap, suwuklandyrylan gaz öndürýän Lebap önümçilik müdirliginiň işgärleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda uglewodorod kondensatynyň 1,5 million tonnasyndan gowragyny öndürdiler. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda bu çig maldan dünýä bazarlarynda islegden peýdalanýan ýokary hilli ýeňil nebit önümleri öndürilýär. Gazy gaýtadan işleýän konweýeriň işe girizilmegi bilen...

AÝGB-nyň howpsuzlygy ýokary derejede

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Gubadag nebit kärhanasynyň işgärleri işde durnukly ýagdaýda ýokary netijeleri gazanýarlar. Kärhana öz içine 6 sany häzirki zaman awtomobillere ýangyç guýujy bekedi alýar. Olarda 80-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Tehniki hyzmat stansiýalarynyň işgärleriniň — awtoulaglara ýangyç guýýan, çalgy işlerini ýerine ýetirýän we motor ulag serişdelerine hyzmat edýän mehanikleriň we işgärleriň işi halypaçylyk derejesinde geçýär. Kärhananyň...

Ýangyç-energetika toplumynyň 9 aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda hasabat duşuşygy geçirildi. Onda pudagyň edaralarynyň 2019-njy ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Gün tertibiniň meselelerine geçmek bilen wise-premýer Ministrler Kabinetiniň 4-nji oktýabrda geçirilen giňişleýin mejlisiniň jemleri barada çykyş etdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren şol mejlisinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň işiniň...

Türkmenistanyň Prezidenti we Owganystanyň ilçisi ileri tutulýan sebit taslamalaryny maslahatlaşdy

Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Najibulla Alihili Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary hem-de bilelikdäki düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan —...

TNGIZT: daşky gurşawyň goragy — ileri tutulýan wezipe

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy özi ýaly gerimli islendik senagat desgasy hökmünde önümçiliginiň aýratynlygy sebäpli daşky gurşawa täsirini ýetirmän bilmeýär. Bu täsiri dolandyrmak we gözegçilikde saklamak zawowdň önümçilik işjeňliginiň ileri tutulýan wezipesi bolmagynda galýar. Hut şonuň üçin hem bu ýerde zawodyň täsir edýän çäginde we onuň önümleri peýdalanylanda daşky gurşawa täsiri peseltmäge gönükdirilen çäreleriň...

2014