Täzelikler

TNGIZT gaýtadan işlemegiň täze tapgyryna çykýar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) nebiti gaýtadan işlemegiň möçberini artdyrýar we nebit önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini ýokarlandyrýar. Häzirki wagtda kärhanada ýylda 10 million tonnadan gowrak uglewodorod serişdeleri gaýtadan işlenilýär. — Uglewodorod serişdelerini monetizasiýalaşdyrmakda üstünlik gazanmak öndürilýän önümleriniň toplumyny giňeltmeklige, olary gaýtadan işlemekligiň möçberini, çuňlugyny ýokarlandyrmaklyga, şeýle hem Ýewro-5 standartlaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologiýa...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Täjigistandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we polipropileni satyn aldylar. Şotlandiýadan, Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Mundan başga-da daşary...

Türkmenistan gaz senagaty pudagynda hyzmat ediş BK-laryny döretmegiň tarapdary bolup çykyş edýär

Daşary ýurt maýadarlary üçin Türkmenistanda özara bähbitli işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin — gaz senagaty pudagyndaky enjamlary abatlamak we olara hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça BK-lary (Bilelikdäki kärhanalar) döretmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Şular ýaly bilelikdäki kärhanalary döretmegi aktuallygy hakynda 20-21-nji maýda «Awazada» geçirilen Türkmenistanyň VII Halkara gaz kongresinde «Türkmengaz» Döwlet konserniniň başlygy Aşyrguly Begliýew beýan etdi. Konserniň...

Alymlaryň maslahatlary guýulardan alynýan gaz akymyny artdyrmaga ýardam edýär

«Türkmengaz» Döwlet konserniniň garamagynda ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleri meýdanlarda we känlerde guýulary berkitmegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça onlarça ylmy-tehniki çözgütleri işläp düzdüler we ornaşdyrdylar. Şol ýerlerde «Türkmengaz» DK-nyň we «Türkmengeologiýa» DK-nyň bölümleri buraw işlerini alyp barýarlar. Häzriki wagtda «Türkmengaz» DK-nyň we «Türkmengeologiýa» DK-nyň bölümleri ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde ulanyş buraw işlerini...

Hytaý Türkmenistandan 138,6 milliard kub metr gaz aldy

Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň ulanylyp başlanan döwründen 2016-njy ýylyň 19-njy maýyna çenli geçen döwürde Türkmenistandan Hytaýa iberilen tebigy gazyň jemi möçberi 138,6 milliard kub metre barabar boldy. Bu maglumatlar 20-21-nji maýda «Awazada» geçirilen Türkmenistanyň VII Halkara gaz kongresinde Hytaý Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň (CNPC) wekiliniň çykyşynda aýdyldy. CNPC-nyň çykyşynda bellenilişi ýaly, umumy möçberden 92,1 milliard kub metr gaz...

Baku we Aşgabat «Günorta gaz geçelgesinden» türkmen gazyny geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşýar

Azerbeýjan we Türkmenistan türkmen gazyny «Günorta gaz geçirijisiniň» üsti bilen Ýewropa çykarmaklygyň meseleleri boýunça gepleşikleri geçirýärler, diýip Azerbeýjanyň energetika ministri Natig Aliýewe salgylanyp Trend habarlar agentligi habar berýär. «Amala aşyryp bolaýjak iki sany usul bar. Olaryň birinjisi — Transhazar gaz geçirijisini gurmak, ikinjisi — Hazaryň platformalaryny suwasty turba geçirijileri arkaly baglanyşdyrmak» diýip, Aliýew belleýär. Onuň aýtmagyna...

YÖB, Saud ösüş gaznasy we Ýaponiýanyň maliýe guramalary TOPH taslamasyna maýa goýmaklyga isleg bildirýärler

Yslam ösüş bankynyň, Saud ösüş gaznasynyň we Ýaponiýanyň hökümetiniň wekilleri TOPH taslamasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmeklige gatnaşmaga isleg bildirdiler. Bu barada TOPH gaz geçirijisini gurmak we dolandyrmak boýunça «TAPI Pipeline company» konsorsiumynyň ýolbaşçysy Muhammetmyrat Amanow Türkmenistanyň VII halkara gaz kongresiniň barşynda habar berdi. Hususan-da, Amanowyň belleýşi ýaly, YÖB taslamanyň diňe bir Türkmenistandan geçýän bölegini däl, eýsem onuň Owganystandan...

ÝÖTB TOPH transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyna gatnaşmagyň mümkinçiligine garaýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýewropanyň Ösüş we täzeleniş bankynyň ýolbaşçysy Suma Çakrabarti bilen geçiren duşuşygynda ÝÖTB-niň TOPH transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna gatnaşmagyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynda we beýleki pudaklarynda täze taslamalary durmuşa geçirmek, Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, möhüm ykdysady we bazar özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek...

Seýdiniň NGIZ-de iri möçberli işler giň gerim alýar

Şu ýylyň başyndan bäri geçen dört aýyň jemleri boýunça Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýokary netijeler gazanyldy. Kärhananyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny ýokarlandyrmak bilen, zawodyň işgärleri bütin ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine düýpli goşant goşýarlar. Bilşimiz ýaly, önümçiligi çig mal bilen üpjün edip durmak islendik gaýtadan işleýän kärhananyň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň biridir. Şu jähtden SNGIZ-de düýpli özgertmeler geçirildi. Hasabat...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny we tehniki kerosini satyn aldylar. Beýik britaniýaly, şweýsariýaly, owganystanly işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanylan benzini, M-100 kysymly mazudy, BAE-niň işewürler toparynyň...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

20-nji  maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, öňde boljak çäreleriň maksatnamasyna garaldy, şeýle hem  birnäçe resminama kabul edildi. Mejlisde garalan meseleleriň arasynda işgärleriň we iş berijileriň hukuklaryny üpjün etmek babatda işleri düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň kämilleşdirilmegi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, her ýylyň iýun aýynyň birinji...

«Awazada» VII Halkara gaz kongresi öz işini tamamlady

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde Türkmenistanyň VII Halkara gaz kongresiniň hem-de onuň bilen bagly serginiň ikinji — jemleýji güni bolup geçdi. Şu ýyl foruma dünýäniň 40-a ýakyn ýurdundan 400-e golaý adam — ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenler hem-de iri nebitgaz kompaniýalaryň, innowasion merkezleriň, maliýe we taslama institutlaryň wekilleri, bilermenler, Amerika,...

Türkmenistanda VII Halkara gaz kongresi öz işine başlady

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde Türkmenistanyň VII Halkara gaz kongresi hem-de onuň bilen bagly guralýan halkara sergisi açyldy. «Türkmengaz» döwlet konserni Summit Trade Events Ltd. (Beýik Britaniýa) kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda bu iri forumyň we söwda-senagat edarasy pudaklaýyn serginiň guramaçylary hökmünde çykyş edýärler. Foruma gatnaşyjy köpsanly daşary ýurtly delegatlaryň arasynda döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň,...

Türkmenistanyň VII halkara Gaz kongresine we bu çärä bagyşlanan sergä gatnaşyjylara

Hormatly halkara Gaz kongresine we sergä gatnaşyjylar! Gadyrly dostlar! Sizi halkara Gaz kongresiniň we bu çärä bagyşlanan serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistan dünýäde uglewodorod serişdelerine baý döwletleriň biri bolmak bilen, bu serişdeleri türkmen halkynyň hem-de Ýer ýüzüniň beýleki halklarynyň bähbitlerine gönükdirmäge çalyşýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny...

Türk holdingi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Bu barada «Renaissance Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň ýolbaşçysy Erman Ylyjak Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda beýan etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, türk işewüri döwlet Baştutanyna Ahal welaýatynyň çäklerinde Owadandepede tebigy gazdan benziniň önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi. Öň bellenilip geçilişi ýaly, şol desgany 2018-nji ýylyň...

2014