Täzelikler

Gazdan peýdalanmagyň hasaba alnyşygy halkara standartlaryna laýyklykda alnyp barylýar

Türkmenistanda halkara standartlaryna laýyk gelýän, «mawy ýangyjyň» peýdalanylyşyny hasaba alýan häzirkizaman ölçeg ulgamlaryny ornaşdyrmak işleri ýokary depginlerde dowam edýär. Bu işi «Türkmengaz» Döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» Birleşigi amala aşyrýar. Birleşigiň işjeňliginiň netijesinde Türkmenistanda tebigy gazdan maksadalaýyk peýdalanmaklyga we üznüksiz gaz üpjünçiligini ýola goýmaklyga mümkinçilik berýän hojalyk gaz ölçeg enjamlaryny oturtmak hem-de olardan peýdalanmak boýunça çäreleriň giň...

ÜNS BERIŇ: BÄSLEŞIK!

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Ýaşlar guramasy we Kärdeşler arkalaşyklarynyň komiteti Türkmenistanyň Nebitgaz ministrliginiň «Nebit-gaz» gazeti bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna hem-de «Nebit-gaz» gazetiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, döredilmeginiň 5 ýyllygyna bagyşlanan «ŞAŞKA — HALK OÝNY» diýen bäsleşigi yglan edýär. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, 2016-njy ýylyň 1-nji fewralyndan 20-nji awgusty aralygynda gazetiň her sanynda Intellektual oýunlar...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Gonkongdan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, yşyklandyryş kerosinini, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we Latwiýadan gelen işewürler tehniki ýody, “B” belgili karbamidi (“Türkmenhimiýa DK”) we polipropilen haltalaryny satyn aldylar. Russiýadan, Beýik...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew milli Liderimiziň nebitgaz toplumynyň işini we dolandyryş düzümini kämilleşdirmek bilen bagly beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi...

Türkmenistan bilen Russiýa özara peýdaly we deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem-de halkara durmuşynyň möhüm ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýolbaşçylyk edip gelen wekilçilikli topary bilen 28-nji ýanwarda Aşgabatda geçiren gepleşikleriniň esasyny düzdi. Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky gürrüňe geçmek bilen, türkmen Lideri we Russiýanyň daşary işler ministri iki dostlukly ýurduň özara peýdaly hyzmatdaşlygyň...

Türkmenistan bilen Eýran nebitgaz toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Ahmadiniň arasynda 27-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen duşuşykda nebitgaz toplumynda iri möçberli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek hakynda maslahatlaşdy. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary, şeýle hem ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, nebitgaz toplumynda, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemekde iri möçberli bilelikdäki taslamalary durmuşa...

Aşgabatda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa ara alnyp maslahatlaşylýar

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki Ýörite iş toparynyň nobatdaky 43-nji mejlisi işe başlady. Foruma gatnaşmak üçin Aşgabada hazarýaka döwletleri bolan — Russiýadan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Eýrandan wekilýetler geldi. Bäştaraplaýyn gurluşygyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň...

Sergeý Lawrow: Russiýa bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlyk edýär

Russiýa bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlyk edýär — diýip, RF-yň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow 27-nji ýanwarda Aşgabat şäherinde Russiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň binalar toplumynyň resmi taýdan açylyş dabarasynda söz sözlände belläp geçdi. «Türkmenistanyň paýtagty gözel Aşgabadyň binagärlik gurluşynyň hakykatdan hem täze özgertmelere ruhlandyrýan ýene-de bir ajaýyp bina bilen üstüniň ýetirilmegi diýseň ýakymly. Bolup geçýän wakalaryň ýene-de...

BK-nyň maksady — Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny industriallaşdyrmak meselelerini çözmekden ybarat

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda azot stansiýasynyň durkuny täzelemek işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Häzirki wagtda innowasion maglumat üpjünçiliginiň kömegi bilen desganyň enjamlaryny doly awtomatlaşdyrmak hem-de ýörite dolandyryş enjamyny oturtmak işleri alnyp barylýar. Bu enjam azodyň goýalmagy, temperatura, howanyň çyglylygy ýaly azot stansiýasynda bolup geçýän hadysalara gözegçilik etmäge we ähli amallary ýerine ýetirmäge, şeýle hem...

Russiýanyň DIM-niň wekili: Moskwa Türkmenistany strategiki hyzmatdaş hökmünde görýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 27-28-nji ýanwarda Aşgabada resmi sapar bilen geljek Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikler geçirer. Saparyň öň ýanynda RF-iň DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowa žurnalistlere ýüzlenende şeýle diýdi: «Russiýa Aşgabat bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär we dostlukly, Bitarap Türkmenistana strategiki hyzmatdaş...

«Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek işleri dowam edýär

«Türkmengaz» Döwlet konserni 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Mary welaýatynda ýerleşýän dünýäniň iň iri ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käninde täze guýularyň 9-syny gazyp ulanylyşa girizmegi meýilleşdirýär. Bu guýularyň ulanylyşa girizilmegi ägirt uly gaz ýatagyny senagat taýdan özleşdirmegiň birinji nobatdakysynyň çäklerinde gazylyp alynýan tebigy gazyň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer. Häzirki wagtda «Galkynyş» gaz käninde barlag buraw işleriniň barşynda...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Panamadan, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen  awtobenzini, nebit koksyny we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Beýik britaniýaly işewürler  Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň göni arassalanan benzinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna  arassalanan pagta ýagy,...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň  Kongresler merkezinde Ministrler Kabinetiniň göçme mesjlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere, şol sanda ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynyň işini kämilleşdirmek, obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, Ahal welaýatynda gurlan suw hojalyk desgalaryny ulanmaga taýýarlyk görlüşi bilen bagly meselelere garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini...

Seýdiniň NGIZ «Ýewro-5» benzinleriniň täze neslini öndürmäge taýýarlyk görýär

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň düzümine girýän, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda «Ýewro-5» benzinleriniň täze neslini öndürmäge niýetlenen ЛЧ-З5-11/1000 desgasynyň durkuny täzelemek işi ýokary depginlerde alnyp barylýar. Bu taslamany Birleşen Arap Emirlikleriniň «WTL (FZE)» we ABŞ-nyň «Westport Trading Europe Limited» kompaniýalar birleşigi durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda desganyň katalitiki riforminginiň böleklerini ýygnamak hem-de olary kebşirlemek...

«Galkynysh – TAPI Pipeline Company Limited» ýapyk paýdarlar kompaniýasynyň edara binasy Dubaýda açylar

Türkmenistany, Owganystany, Päkistany we Hindistany birleşdirjek TOPH gaz geçirijisini gurmak we ulanyşa girizmek boýunça Dubaý şäherinde (Birleşen Arap Emirlikleri) “Galkynyş - TOPH Pipeline Company Limited” ýapyk paýdarlar kompaniýasynyň edara binasyny bellige almak we açmak üçin zerur bolan resminamalary taýýarlamak işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Bu ägirt halkara taslamasynyň gurluşygynyň barşy barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji...

2014