Täzelikler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdeleri dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy,...

Merkezi Garagumdaky gaz guýularynyň sany artýar

Merkezi Garagumdaky Zeýakly-Derweze gaz kondensatly käniniň toplumynyň özleşdirilýän 4,5 gektardan gowrak meýdanynda 13 sany guýy burawlanylyp, şolaryň ikisi eýýäm ulanyşa taýýar edildi. «Türkmengaz» Döwlet konserniniň buýurmasy esasynda şu ýylyň başynda gurluşygy başlanan bu desgany özleşdirmek işini «Türkmennebitgazgurluşyk» DK-nyň «Türkmennebitgazýöritemontaž» ýöriteleşdirilen montaž tresti alyp barýar. — Häzirki wagtda kondensaty dökmek-guýmak üçin niýetlenilen sorujylary we transformator podstansiýalaryny oturtmak boýunça...

Çekişler ýatagyndaky täze guýudan senagat ähmiýetli tebigy gaz akymy alyndy

«Türkmennebit» Döwlet konserniniň buraw işleri boýunça müdirliginiň işgärleri Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda ýerleşýän Çekişler ýatagynda taslama çuňlugy 3250 metre barabar bolan nobatdaky barlag guýusynda buraw işlerini üstünlikli tamamladylar. Guýuda 3192-3198 interwal aralygynda we 8 millimetr diametrli ştuser bilen barlag geçirilende uglewodorodlaryň kuwwatly senagat akymy alyndy. Guýynyň gündelik debiti her günde 500 müň kub metr tebigy gaz...

Innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanda köptaraply ykdysady ulgamyň döredilmegine ýardam edýär

Ýurduň kärhanalarynda täze tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna, Türkmenistanyň senagaty köptaraply we ylmy-tehniki täzeçillikleri kabul etmäge ukyply bazar ykdysadyýeti ulgamyny döretmek üçin ähli şertlere eýedir, diýip Türkmenistanyň strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş instituty belläp geçýär. Türkmen senagatynyň dünýä hojalygyna integrirlenmegi gazyp alyş we gaýtadan işleýiş toplumlarynyň hasabyna amala aşyrylýar. Uglewodorod serişdelerini çuňlaşdyryp gaýtadan işlemek we olary...

Täze enjamlar guýulary abatlamak işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär

Täze tehnika we öňdebaryjy tehnologiýalar «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestinde işjeň ornaşdyrylýar. Trestiň hünärmenleri ýurduň nebitgaz ýataklaryndaky guýularda düýpli abatlaýyş işlerini alyp barýarlar. Brigadalar АК-60, А-80-60, XJ-350, XJ-450, УПА-60 has täze, kuwwatly göteriji desgalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Öz çäklerini abatlamak, plastyň birikdirmelerini berkitmek, aşakda we ýokarda ýerleşen gorizontlara dolanmak, suwdan goramak işlerinde täze usullar we tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar....

Hazaryň ekologiýasyny gorap saklamak

Hazarýaka döwletleriniň halas ediş gulluklary 14-16-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda geçiriljek «Hazar-2016» halkara toplumlaýyn okuw-türgenleşiklerine taýýarlyk işlerine başladylar. Hazar deňziniň basseýninde, şeýle hem, hazarýaka döwletleriniň çäklerinde adatdan daşary tebigy we tehnogen häsiýetli ýagdaýlaryň ýüze çykan halatynda Russiýanyň, Eýranyň, Azerbeýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň halas ediş gulluklarynyň bilelikdäki hereketi okuw-türgenleşikleriniň esasy temasy bolar. Okuw-türgenleşikleri üç tapgyrda geçirilip,...

2016-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işiniň netijeleri maslahatlaşyldy

10-njy aprelde Türkmenistanyň Nebit-Gaz toplumynyň Merkezi binasynda nebit-gaz pudagynyň edaralarynyň we kärhanalarynyň şu ýylyň birinji çärýegi boýunça önümçilik işleriniň, ykdysady ýagdaýynyň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi, şeýle hem «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň» çäklerinde göz öňünde tutulan möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmekligiň ugurlary kesgitlenildi. Maslahatda çykyş eden wise-premýer, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da daşary ýurt walýutasyna dürli dokma önümleri, ýorgan-düşek önümleri, düz reňklenen we žakkard tüýjümek önümleri, arassalanan pagta...

2016-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlenildi

8-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Hökümetiniň, pudak edaralarynyň alyp baran işleriniň netijelerine garaldy, milli maksatnamalary we ileri tutulýan taslamalary durmuşa geçirmegiň barşyna baha berildi. Meljisde berilen hasabatlarda bellenilişi ýaly, 2016-njy ýylyň ýanwar-mart aýlary üçin makroykdysady...

TOPH magistraly: ilkinji kilometr guruldy

«Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan» (TOPH) magistral gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gönüleýin böleginiň birinji kilometrinde kebşirleme işleri tamamlandy. «Türkmennebitgazgurluşyk» Döwlet konserniniň «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň gurluşyk-gurnama müdirlikleriniň hünärmenleri bir ulgama kebşirlemek üçin 1420 mm diametrli turbalaryň ýene-de bäş kilometrden gowragyny taýýarladylar. Olar geljekki gaz geçirijiniň geçjek ýoluna çykarylyp goýuldy. Kebşirleýiş işlerini tizleşdirmek üçin bu ýerde iki sany stellaž gurnaldy. Taýýarlyk işlerine ýörite...

«Türkmennebit» konserni: bellenilen meýilnamadan öňde

«Türkmennebit» Döwlet konserniniň kärhanalary şu ýylyň birinji çärýeginiň jemlerini jemlediler. Ýurduň iň iri önümçilik-hojalyk toplumlarynyň biri bolan bu konserniň gazyp alyjy kärhanalary ýylyň başyndan bäri 1 million 266,5 müň tonna nebit aldylar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebitçiler gazyp alýan nebitiniň möçberini ýokarlandyrdy. 2015-nji ýylyň birinji çärýegindäkiden 687 müň tonna köp «gara altyn» gaýtadan...

TOPH konsorsiumynyň agzalary maýa goýum Ylalaşygyna gol çekdiler

Şu gün Aşgabat şäherinde Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky 24-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine taslama gatnaşyjy ýurtlaryň pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň, şeýle-de bu taslamanyň Tranzaksion Geňeşçisi bolan Aziýanyň ösüş bankynyň (AÖB) ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barylyşy maslahatlaşyldy, bu iri möçberli infrastruktura taslamasyny iş ýüzünde mundan...

Hazarýaka döwletleri Hazar deňzinde taraplaryň garaşsyz hukuklary baradaky garaýyşlaryny ylalaşdylar

Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýanyň taslamasy, şol sanda, Hazar deňzinde taraplaryň garaşsyzlygyna, hukuklaryny özbaşdak ýerine ýetirmekligine we kanunçylygyna degişli meseleler boýunça birnäçe möhüm düzgünnamalary we maddalary ylalaşdylar. Bu barada Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki Ýörite iş toparynyň 5-6-njy aprelde Bakuda geçiren mejlisiniň...

«Galkynyş» käninde ulanyşdaky guýularyň sany artýar

«Türkmengaz» Döwlet konserni Türkmenistanyň Mary welaýatynda ýerleşýän ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan tiz wagtda özleşdirmek boýunça giň möçberli işleri amala aşyrýar. Konserniň buraw bölümçeleri tebigy gazyň bu ägirt gorunyň çäklerindäki nobatdaky ulanyş guýusyny — №301 guýyny burawlamaga başladylar. «Türkmengaz» DK-nyň habar bermegine görä, №301 belgili guýynyň taslama çuňlugy 4800 metre barabar. Bellenilen çuňluga ýetmek...

Türkmenistan energiýa serişdelerini geçirmegiň halkara infrastrukturasy boýunça BMG-niň köptaraply mehanizmlerini öňe sürýär

«Türkmenistan BMG-niň energiýa serişdelerini geçirmek boýunça halkara infrastrukturasynyň howpsuz hereket etmegine, şeýle hem, energiýa serişdelerine bolan deňhukuklylyga gönükdirilen köptaraply mehanizmlerini işläp düzmekligi halkara derejesinde öňe sürýär» diýlip, Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň seljerme materialynda bellenilip geçilýär. Nebitgaz toplumynda iri möçberli taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan energetika babatda halkara hyzmatdaşlygyna jogapkärçilikli çemeleşýändigini äşgär edýär...

2014