Täzelikler

General Electric Power kompaniýasynyň tehnologiýalary tebigy gazdan rejeli peýdalanmagy üpjün eder

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň dünýä belli General Elektriс Power kompaniýasynyň Ýewropa ýurtlary, Russiýa, GDA ýurtlary we Türkiýe boýunça täjirçilik wise-prezidenti jenap Rikardo Kordoba hem-de Chalyk Holding kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen geçiren duşuşygynda elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň elektrik energetika düzümini öňdebaryjy tehnologiýalaryň, iň döwrebap işläp...

Hazaryň hukuk derejesi ABŞ-nyň ykdysady gyzyklanmalarynyň hatarynda - The Heritage Foundation

Sowet Soýuzy darganyndan soňra Hazar deňziniň hukuk derejesi babatda jedeller tamamlananok we bu çekişmeleriň netijeleri ABŞ-nyň ykdysady gyzyklanmalaryna düýpli täsir edip biler – diýlip, Merkeziň direktory Duglas we Sara Ellisonyň, ABŞ-nyň milli howpsuzlyk we daşary syýasat institutynyň hünärmeni Lýuk Koffiniň The Heritage Foundation-da neşir edilen makalasynda aýdylýar. Bu barada Azerbaýjanyň Trend täzelikler agentligi habar berýär. Makalanyň...

Türkmenistanyň Prezidenti ÝET-da taýýar önümleri öndürmeklige üns çekdi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde taýýar önümleriň önümçiligini artdyrmak wezipesini goýdy. Bu barada döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 15-nji sentýabrda bolup geçen bilelikdäki mejlisinde beýan etdi. «Biz çig maly daşary ýurtlara ibermän, ony gaýtadan işläp, taýýar önümleri öndürmegiň depginlerini has-da güýçlendirmeli. Şeýle etmek bilen, biz uglewodorod serişdeleriniň uly möçberdäki gorlaryny geljekki...

Täze ýaşaýyş jaý toplumlary tebigy gaz bilen üpjün edilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda täze-täze etraplar, şäherler, şäherçeler döredilýär. Täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny tebigy gaz bilen üpjün etmek «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň esasy wezipeleriniň biridir. Bu iş yzygiderli hem guramaçylykly işleri alyp barmak üçin birleşik tarapyndan her ýyl düzülýän meýilnamanyň çäklerinde amala aşyrylýar. «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginde habar berlişi ýaly, bu meýilnamanyň çäklerinde 2016-njy ýylyň...

Ýaşulularyň maslahatynda nebitgaz toplumynyň gazanan üstünlikleri bellenilip geçildi

14-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň taryhy maslahaty bolup geçdi. Ýurduň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy kabul edilen umumymilli forumda Garaşsyzlygynyň 25 ýylynyň içinde gazanylan esasy netijeler, şeýle hem Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata Başlyklyk etmek bilen döwlet Baştutany öz çykyşynda garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň ykdysadyýetinde durmuşa geçirilen beýik özgertmeleri belläp geçdi. Geçen çärýek asyrda ýurdumyzyň...

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi

14-nji sentýabrda Aşgabatda bolup geçen Ýaşulularyň maslahaty taryhy waka beslendi — Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşini tassyklamak  hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna gol çekdi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Esasy Kanunyň rejelenen görnüşi täze maddalaryň 28-sini, üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen 107 maddany we täze girizilen bir bölümi öz içine alýar. Döwletimiziň garaşsyzlygy, hemişelik bitaraplygy, hukuk,...

«Татнефть» we «КАМАЗ» Türkmenistana eksportyny artdyrmakçy

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparynyň nobatdaky mejlisinde Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary — respublikanyň söwda we senagat ministri Albert Karimow «Татнефть» bilen «КАМАЗ-yň» Türkmenistana eksportyny artdyrmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Şeýle hem ministr Respublikanyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem alyp barmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Eksport-import amallaryny artdyrmak we getirilýän harytlaryň we...

Awazada awtoduralga we “Gämi” myhmanhanasy gurlup ulanmaga berildi

Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde 9-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň çäginde gurlup ulanmaga berlen döwrebap awtoduralganyň we Hazaryň kenaryndaky deňiz şypahana künjeginiň çäginde gurlan bäşýyldyzly “Gämi” myhmanhanasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem toý-dabaralarynyň hormaly myhmany bolup, ýaş çatynjalara bilelikdäki bagtyýar durmuşa ak pata berdi.  Häzirki döwürde Hazaryň kenarynda sazlaşykly...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny, polipropileni we nebit koksyny, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda işlenip taýýarlanan dizel ýangyjyny, şeýle hem “B” kysymly (“Türkmenhimiýa” DK)...

Aşgabatda Türkmenistanyň energetika senagatyna bagyşlanan halkara sergisi geçirilýär

8-10-njy sentýabr aralygynda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergisi we maslahaty geçirilýär. Elektroenergetika ulgamynda gazanan üstünliklerini görkezmäge dünýäniň hem-de türkmen kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň 126 sanysy gatnaşdy. Dünýäniň iň öňdebaryjy oýlap tapyjylarynyň we öndürijileriniň 52 sanysynyň hatarynda — ABŞ, Russiýa, Ýaponiýa, Germaniýa, Fransiýa, Türkiýe, Eýran we ş.m. ýurtlary agzamak...

Aşgabatda Merkezi Aziýada ulag-üstaşyr ulgamyny ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

Üstaşyr ýükleri daşamaklygy kämilleşdirmek we BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) ýurtlarynda ulag infrastruturasyny ösdürmek ýaly meseleler Aşgabatda geçirilen durnukly ulag, üstaşyr ulag we aragatnaşyk boýunça tematiki iş toparynyň 21-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň işine SPECA-nyň agza ýurtlary bolan Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, şeýle hem BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň hem-de Aziýa...

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet gümrük gullugyna üstaşyr ýükleri düýpli gözden geçirmekligi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet gümrük gullugyndan işiň netijeliligini ýokarlandyrmak, hususan-da, Türkmenistanyň çäginden geçýän ýüklere ykjam gözegçiligi guramak işine öňdebaryjy halkara tejribesini işjeň ornaşdyrmak üçin zerur bolan çäreleri görmegi talap etdi. Bu mesele Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde gozgaldy. Döwlet migrasiýa gullugynyň ýolbaşçysyna ýüzlenmek bilen döwlet Baştutany Gullugyň üstüne ýüklenen işiň möhümdigi barada aýdyp, häzir Türkmenistana...

Wenada türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy

Ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekligiň meseleleri Wenada geçen türkmen-awstriýa bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky sekizinji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy, diýlip türkmen daşary syýasat edarasy habar berýär. Toparyň awstriýa böleginiň bilelikdäki başlyklyk edijisi Awstriýanyň ykdysadyýet, ylym we gözlegler boýunça Federal ministriniň daşary ykdysady syýasaty we Ýewropa integrasiýasy boýunça orunbasary Bernadett Girlinger bolup durýar, diýlip bellenilýär. Mejlisiň barşynda...

Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky ylalaşyklaryň taslamalary maslahatlaşyldy

Aşgabatda geçirilen Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň pudagara toparynyň nobatdaky mejlisinde Hazarýaka döwletleriniň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň hem-de Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Toparyň düzümine Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň, şeýle hem ykdysadyýetiň nebitgaz, ulag we senagat pudaklarynyň wekilleri girýär. Mejlisde...

Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmakda TOPH gaz geçirijisiniň orny nygtalyp geçildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň goldaw bermeginde Owganystan boýunça Stambul prosesiniň çäklerinde «Sebitleýin düzümler» (RI-СBM) ynamy berkitmegiň Ölçegleri boýunça Sebitleýin tehniki toparyň dördünji mejlisi geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň pres-relizinde habar berilýär. Öz düzüminde 14 sany gatnaşyjy ýurtlary şeýle hem özüniň gün tertibini goldaýan 16 sany ýurdy we 12 sany sebit hem-de...

2014