Täzelikler

Seýdiniň NGIZ-de iri möçberli işler giň gerim alýar

Şu ýylyň başyndan bäri geçen dört aýyň jemleri boýunça Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýokary netijeler gazanyldy. Kärhananyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny ýokarlandyrmak bilen, zawodyň işgärleri bütin ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine düýpli goşant goşýarlar. Bilşimiz ýaly, önümçiligi çig mal bilen üpjün edip durmak islendik gaýtadan işleýän kärhananyň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň biridir. Şu jähtden SNGIZ-de düýpli özgertmeler geçirildi. Hasabat...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny we tehniki kerosini satyn aldylar. Beýik britaniýaly, şweýsariýaly, owganystanly işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanylan benzini, M-100 kysymly mazudy, BAE-niň işewürler toparynyň...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

20-nji  maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, öňde boljak çäreleriň maksatnamasyna garaldy, şeýle hem  birnäçe resminama kabul edildi. Mejlisde garalan meseleleriň arasynda işgärleriň we iş berijileriň hukuklaryny üpjün etmek babatda işleri düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň kämilleşdirilmegi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, her ýylyň iýun aýynyň birinji...

«Awazada» VII Halkara gaz kongresi öz işini tamamlady

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde Türkmenistanyň VII Halkara gaz kongresiniň hem-de onuň bilen bagly serginiň ikinji — jemleýji güni bolup geçdi. Şu ýyl foruma dünýäniň 40-a ýakyn ýurdundan 400-e golaý adam — ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenler hem-de iri nebitgaz kompaniýalaryň, innowasion merkezleriň, maliýe we taslama institutlaryň wekilleri, bilermenler, Amerika,...

Türkmenistanda VII Halkara gaz kongresi öz işine başlady

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde Türkmenistanyň VII Halkara gaz kongresi hem-de onuň bilen bagly guralýan halkara sergisi açyldy. «Türkmengaz» döwlet konserni Summit Trade Events Ltd. (Beýik Britaniýa) kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda bu iri forumyň we söwda-senagat edarasy pudaklaýyn serginiň guramaçylary hökmünde çykyş edýärler. Foruma gatnaşyjy köpsanly daşary ýurtly delegatlaryň arasynda döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň,...

Türkmenistanyň VII halkara Gaz kongresine we bu çärä bagyşlanan sergä gatnaşyjylara

Hormatly halkara Gaz kongresine we sergä gatnaşyjylar! Gadyrly dostlar! Sizi halkara Gaz kongresiniň we bu çärä bagyşlanan serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistan dünýäde uglewodorod serişdelerine baý döwletleriň biri bolmak bilen, bu serişdeleri türkmen halkynyň hem-de Ýer ýüzüniň beýleki halklarynyň bähbitlerine gönükdirmäge çalyşýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny...

Türk holdingi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Bu barada «Renaissance Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň ýolbaşçysy Erman Ylyjak Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda beýan etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, türk işewüri döwlet Baştutanyna Ahal welaýatynyň çäklerinde Owadandepede tebigy gazdan benziniň önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi. Öň bellenilip geçilişi ýaly, şol desgany 2018-nji ýylyň...

Türkmenistanyň Prezidenti we «Hyundai Engineering» kompaniýasynyň baş direktory nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Hyundai Engineering» kompaniýasynyň baş direktory Kim Wi Çul bilen Türkmenistanyň paýtagtynda geçiren duşuşygynda nebitgaz pudagynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirilýändigini beýan edip, myhman Türkmenistanda daşary ýurt maýalaryny çekmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny höweslendirmek üçin amatly şertleriň döredilendigini belläp geçdi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň...

«LG International Corporation» Türkmenistanyň bazarlarynda gerimini giňeltmekçi

Bu barada «LG International Corporation»  kompaniýasynyň baş dolandyryjy direktory Çi Ho Song Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aşgabatda geçiren duşuşygynda beýan etdi. Duşuşygyň barşynda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen işewür aragatnaşyklary ösdürmäge, öňdebaryjy dünýä kompaniýalarynyň tejribesini öwrenmäge aýratyn ähmiýet berýär. Durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň...

Ýokary tehnologiýalaryň esasynda — ýod önümçiligi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Hazaryň kenarýaka çäklerinde «Senagatçylar» konsorsiumy tarapyndan her kub metrinde agram konsentrasiýasy 55-200 gramma barabar bolan, duz erginlerinden (nebit we gaz guýularyndaky ugurdaş suwlar) ýod alýan häzirki zaman önümçilik kärhanasy gurlar. Telekeçiler eýýamdan ýurduň nebitli ülkesinde ýerleşýän bu zawodyň gurluşyk işlerine girişdiler. Ekerem etrabynyň golaýynda uglewodorod serişdelerini çykarmakda peýdalanylan senagat suwlaryndan...

Çölüň jümmüşinden halkara bazarlaryna

Biz XXI asyryň ägirt uly gurluşygynyň – TOPH gazgeçirijisiniň çekilýän ýeri bolan Garagum çölünde bolýarys. Bu hakykat milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystanyň, Päkistanyň we Hindistanyň döwlet baştutanlary bilen resmi duşuşyklary bilen şertlendirilendir. Şol duşuşyklaryň netijesinde hyzmatdaşlyk etmek hem-de TOPH taslamasyny amala aşyrmak hakynda resminamalaryň tutuş toplumy taýýarlanyldy. Indi türkmen energiýa serişdeleri üçin Günorta-Gündogar Aziýada ýerleşen täze...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy we polipropileni satyn aldylar. Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “B” kysymly karbamid (“Türkmenhimiýa” DK) boyunça geleşik baglaşdylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

13-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, sintetiki suwuk ýangyjy öndürýän zawodyň düýbüni tutmak...

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň nobatdaky sany çap edildi

20-21-nji maýda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Türkmenistanyň VII Halkara gaz kongressiniň öňüsyrasynda, «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistiki žurnalynyň nobatdaky sany — 2016-njy ýylda ikinji sany çapdan çykdy. Neşiriň täze sanynyň esasy temasy ýurduň gaz pudagynda durmuşa geçirilýän möhüm ähmiýetli taslamalara, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet energetika syýasatynyň dürli ugurlaryna...

Türkmenistan we ÝHHG energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmäge taýýar

Türkmenistanyň we ÝHHG-niň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda energetika, ykdysady we ulag-aragatnaşyk ulgamlary görkezildi. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Iwo Petrowyň arasynda 10-njy maýda Aşgabatda geçirilen duşuşykda bellenilip geçildi. Iwo Petrow Türkmenistanda öz işini tamamlaýar. Türkmenistanyň energiýa serişdelerini geljegi uly halkara bazarlaryna çykarmakda eksport ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly...

2014