Täzelikler

ÝB-niň bilermeni Baku bilen Aşgabadyň arasynda gazy üstaşyr geçirmek baradaky gepleşiklere ýardam edip biler

Beýik Britaniýanyň Azerbaýjandaky, Gazagystandaky we Türkmenistandaky öňki söwda wekili Çarlz Hendriniň pikirine görä, Ýewropa bileleşigi Baku bilen Aşgabadyň arasyndaky türkmen gazyny Ýewropa tarap Transhazar gaz geçirijisiniň üsti bilen üstaşyr geçirmek meseleleri baradaky gepleşiklerine ýardam edip biler, diýip, Trend habarlar agentligi habar berýär. Agentligiň nygtamagyna görä, tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlary boýunça Türkmenistan dünýäde dördünji orny eýeleýär we...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler (“Türkmenhimiýa” DK) ”B” kysymly karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýyrt walýutasyna reňklenen tüýjümek matalar, nah ýüplük, pagta-süýümi, şrot we pagta linti ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Niderlandlar we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 6...

Milli ykdysadyýet: möhüm wezipeleriň täze çözgütleri

3-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine,  şeýle hem döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine seredildi.  Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini ýokary derejede, şol sanda senagat pudagynda bu görkeziji 102,2 göterim, gurluşykda 105,5 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda 110,1 göterim,...

«Türkmengaz» DK TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň birinji tapgyryny maliýeleşdirmek üçin hökümetden pul serişdelerini alar

«Türkmengaz» Döwlet konsernine Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň maýa goýum paýynyň birinji tölegini geçirmek üçin 45 million amerikan dollaryndan gowrak serişdeler karzyna berler. Degişli Karara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji iýunda ýurduň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligine daşary ýurt pulundaky serişdelerinden...

«ARETI» kompaniýasy Türkmenistandaky täze taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär

«ARETI» rus kompaniýasy Türkmenistanda dürli ulgamlardaky täze taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Igor Makarow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynda beýan etdi. Hususan-da, duşuşygyň barşynda russiýaly işewür  «ARETI» kompaniýasynyň Türkmenistanda dürli pudaklarda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeler maksatnamanyň çäklerinde täze taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga ymtylýandygyny nygtady. Türkmen döwletiniň Baştutany «açyk gapylar» syýasatyny yzygiderli...

Guýularyň burawlanmagy nebitiň çykarylyşynyň artýandygynyň görkezijisidir

Kenarýaka sebitleriniň nebitçileri Demirgazyk Goturdepe hem-de Altyguýy ýataklarynda buraw işlerini ýokary depginlerde alyp barýarlar. Buraw ussasy R.Mämmetnurowyň brigadasy taslama çuňlugy 5500 metr bolan №220 belgili guýynyň gysga möhletde 2550 metrini, buraw ussasy S.Klyçmämmedowyň brigadasy bolsa, Altyguýy ýatagynda taslama çuňlugy 4250 metr bolan №33 belgili guýynyň 3513 metrini burawlamagy başardylar. Täze ýataklary özleşdirýän buraw brigadalarynyň görkezýän ýokary...

Schneider Electric-den täze tehnologiýalar

Aşgabat şäherindäki «Arçabil» myhmanhanasynda Schneider Electric elektroenergetiki kompaniýasynyň täze önümleriniň görkezilişi geçirildi. Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan fransuz kompaniýasynyň hünärmenleri iki günlük seminaryň dowamynda slaýdlar görkezip, milli ykdysadyýetiň nebitgaz we energetika pudaklarynyň işgärlerine tehnologiki täzelikleri hakynda gürrüň berdiler. — 1998-nji ýyldan bäri biziň kompaniýamyz türkmen nebitgaz kärhanalary bilen işjeň aragatnaşyk saklap, olara önümçilik zynjyrynyň ähli bölümleri...

TNGIZT gaýtadan işlemegiň täze tapgyryna çykýar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) nebiti gaýtadan işlemegiň möçberini artdyrýar we nebit önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini ýokarlandyrýar. Häzirki wagtda kärhanada ýylda 10 million tonnadan gowrak uglewodorod serişdeleri gaýtadan işlenilýär. — Uglewodorod serişdelerini monetizasiýalaşdyrmakda üstünlik gazanmak öndürilýän önümleriniň toplumyny giňeltmeklige, olary gaýtadan işlemekligiň möçberini, çuňlugyny ýokarlandyrmaklyga, şeýle hem Ýewro-5 standartlaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologiýa...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Täjigistandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we polipropileni satyn aldylar. Şotlandiýadan, Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Mundan başga-da daşary...

Türkmenistan gaz senagaty pudagynda hyzmat ediş BK-laryny döretmegiň tarapdary bolup çykyş edýär

Daşary ýurt maýadarlary üçin Türkmenistanda özara bähbitli işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin — gaz senagaty pudagyndaky enjamlary abatlamak we olara hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça BK-lary (Bilelikdäki kärhanalar) döretmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Şular ýaly bilelikdäki kärhanalary döretmegi aktuallygy hakynda 20-21-nji maýda «Awazada» geçirilen Türkmenistanyň VII Halkara gaz kongresinde «Türkmengaz» Döwlet konserniniň başlygy Aşyrguly Begliýew beýan etdi. Konserniň...

Alymlaryň maslahatlary guýulardan alynýan gaz akymyny artdyrmaga ýardam edýär

«Türkmengaz» Döwlet konserniniň garamagynda ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleri meýdanlarda we känlerde guýulary berkitmegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça onlarça ylmy-tehniki çözgütleri işläp düzdüler we ornaşdyrdylar. Şol ýerlerde «Türkmengaz» DK-nyň we «Türkmengeologiýa» DK-nyň bölümleri buraw işlerini alyp barýarlar. Häzriki wagtda «Türkmengaz» DK-nyň we «Türkmengeologiýa» DK-nyň bölümleri ägirt uly «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde ulanyş buraw işlerini...

Hytaý Türkmenistandan 138,6 milliard kub metr gaz aldy

Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň ulanylyp başlanan döwründen 2016-njy ýylyň 19-njy maýyna çenli geçen döwürde Türkmenistandan Hytaýa iberilen tebigy gazyň jemi möçberi 138,6 milliard kub metre barabar boldy. Bu maglumatlar 20-21-nji maýda «Awazada» geçirilen Türkmenistanyň VII Halkara gaz kongresinde Hytaý Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň (CNPC) wekiliniň çykyşynda aýdyldy. CNPC-nyň çykyşynda bellenilişi ýaly, umumy möçberden 92,1 milliard kub metr gaz...

Baku we Aşgabat «Günorta gaz geçelgesinden» türkmen gazyny geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşýar

Azerbeýjan we Türkmenistan türkmen gazyny «Günorta gaz geçirijisiniň» üsti bilen Ýewropa çykarmaklygyň meseleleri boýunça gepleşikleri geçirýärler, diýip Azerbeýjanyň energetika ministri Natig Aliýewe salgylanyp Trend habarlar agentligi habar berýär. «Amala aşyryp bolaýjak iki sany usul bar. Olaryň birinjisi — Transhazar gaz geçirijisini gurmak, ikinjisi — Hazaryň platformalaryny suwasty turba geçirijileri arkaly baglanyşdyrmak» diýip, Aliýew belleýär. Onuň aýtmagyna...

YÖB, Saud ösüş gaznasy we Ýaponiýanyň maliýe guramalary TOPH taslamasyna maýa goýmaklyga isleg bildirýärler

Yslam ösüş bankynyň, Saud ösüş gaznasynyň we Ýaponiýanyň hökümetiniň wekilleri TOPH taslamasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmeklige gatnaşmaga isleg bildirdiler. Bu barada TOPH gaz geçirijisini gurmak we dolandyrmak boýunça «TAPI Pipeline company» konsorsiumynyň ýolbaşçysy Muhammetmyrat Amanow Türkmenistanyň VII halkara gaz kongresiniň barşynda habar berdi. Hususan-da, Amanowyň belleýşi ýaly, YÖB taslamanyň diňe bir Türkmenistandan geçýän bölegini däl, eýsem onuň Owganystandan...

ÝÖTB TOPH transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyna gatnaşmagyň mümkinçiligine garaýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýewropanyň Ösüş we täzeleniş bankynyň ýolbaşçysy Suma Çakrabarti bilen geçiren duşuşygynda ÝÖTB-niň TOPH transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna gatnaşmagyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynda we beýleki pudaklarynda täze taslamalary durmuşa geçirmek, Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, möhüm ykdysady we bazar özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek...

2014