Täzelikler

Kuwwatly tehnika ezber ellerde

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazakdyryş» müdirliginiň tejribeli sürüjileri ulaglaryň dürli görnüşlerine ezberlik bilen erk edip, möhüm ýükleri gaz känlerine öz wagtynda hem-de ýokary derejede ýetirýärler. Netijede bolsa, ýurtda tebigy gazy öndürmegi artdyrmak işine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. — Biziň müdirligimize degişli gaz känleri biri-birinde uzakda, Garagumyň ulgam-ulgam çägelikleriniň içinde ýerleşýär. Agyr ýükleri daşamak işine kuwwatly ýük awtomobilleri, şeýle...

Mekdep nebitgaz pudagynyň hünärmenlerini taýýarlaýar

Her ýyl «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marynebitgaz» orta hünär okuw mekdebini tamamlaýan ýaş hünärmenleriň ýüzlerçesi ýurduň nebitgaz pudagynyň edaradyr kärhanalaryna ugradylýar. Mekdepde ýaşlaryň saýlap alan hünärlerini ýokary derejede öwretmek üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Okuw döwründe alan nazary bilimlerini ýaş hünärmenler kärhanalarda geçirilýän önümçilik tejribelerinde berkidýärler. Okuw merkeziniň zehinli ýaşlary her ýyl orat hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň...

Gökderede çagalaryň tomusky dynç alşy

Tomus — çagalaryň iň söýgüli pasly. Bu döwür Türkmenistanyň dürli künjeklerinde çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri gapylaryny giňden açýar. Şolaryň hatarynda Arçabil etrabynyň Gökdere diýen ýerinde ýerleşýän iň uly merkezleriň biri — «Nesil» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezi bar. Eýýäm iki hepde bäri paýtagtdan hem-de Ahal welaýatyndan gelen ýüzlerçe çagalar bu ýerde dynç alýarlar. Birbada müňlerçe adamyň dynç...

Türkmenistan we Hytaý nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler

Türkmenistan we Hytaý nebitgaz ulgamynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň daşary aragatnaşyklar ministri Sun Tao bilen bolup geçen duşuşykda beýan edildi. Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýasy meseleleri barada aýdyp, taraplar Türkmenistanyň senagat mümkinçiliklerini döwrebaplaşdyrmakda hytaý tejribesini ulanmagyň mümkinçiliklerini ara alyp...

Barsagelmez käninde buraw işleriniň depgini ýokarlanýar

Hajy Altybaýewiň ýolbaşçylygynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň burawçylar brigadasy ýokary önümçilik netijelerini görkezýärler. Burawçylar Barsagelmez käninde № 1291 belgili ulanyş nebit guýusynda buraw işlerini tizleşdirilen depginde alyp baryp, guýyny taslama çuňlugyna çenli bellenilen möhletden 25 gün öň tamamlamagy başardylar. Netijede täze özleşdirilen hem-de ýokary tehniki derejede ulanyşa girizilen girizilen guýudan nebitiň kuwwatly senagat akymy...

«Türkmengeologiýa» DK Türkmenistanda nebitiň gözlegine ýöriteleşer

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň häzirki wagtda geologiýa-derňew işleriniň möhüm ähmiýetli ugurlarynyň biri hem nebit ýataklarynyň gözlegidir. Uzak ýyllar üçin tebigy gazyň ykrar edilen ygtybarly ätiýaçlyk gorlaryny nazara alyp, «Türkmengeologiýa» soňky wagtlar geologiýa derňew işlerini nebit ýataklarynyň gözlegine, aýratyn hem, ýurduň günorta-günbatar böleginde miosen ýataklarynyň we ýurduň merkezi böleginde ýura-mel galyndy ýataklarynyň gözlegine gönükdirdi. Geologlaryň bellemeklerine görä, Türkmenistanyň...

Pirmämmet Ataýew — bäsleşigiň ýaş ýeňijisi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça 2016-njy ýylda geçiren bäsleşiginiň ýeňijileriniň biri-de Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öwreniji-mugallymy Pirmämmet Ataýew boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda, bäsleşigiň jemleri boýunça ol birinji orna mynasyp boldy we gymmatbahaly sowgat — HP noutbugy bilen sylaglandy. Halkara nebit we gaz...

Energetikadan başlap, ekologiýa çenli — innowasion tehnologiýalara bagyşlanan Halkara maslahatynda çykyşlaryň temalary

12-13-nji iýunda Türkmenistanyň paýtagtynda innowasion tehnologiýalara bagyşlanyp geçirilen Halkara maslahatynda ykdysadyýetiň dürli ugurlaryny ösdürmegiň meselelerine — energetikadan başlap, ekologiýa çenli degişli ylmy çykyşlar diňlenildi. Ýurdumyzda 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanan ýaş alymlaryň forumynda türkmen wekillerinden başga-da, 50-den gowrak ýurtdan ylmy-barlag edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Şol ýurtlaryň hatarynda Beýik Britaniýa, Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa, Niderlandlar, Türkiýe, Eýran, Ysraýyl,...

Beýik Britaniýanyň nebitgaz kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýärler

Şu gün Türkmenistanyň nebit we gaz ministrliginde Beýik Britaniýanyň nebitgaz ulgamyna ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilýeti bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kärhanalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri we görnüşleri işewür gepleşikleriň esasy meseleleri boldy. Duşuşyga adybelli britan kompaniýalarynyň, şol sanda «Perkins», «Petrofac», «Seetru», «Mabey Bridge», «Aggreco», «Willis Towers Watson», «Tomson Reuters», «Industrial Power Group», «Tensar»...

«Galkynyş» gaz käninde buraw işleri: häzirki zaman enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalar

Şu ýylyň geçen bäş aýynda ägirt uly «Galkynyş» gaz käninde meýilnamalaşdyrylan 11380 metrden dag jynslarynyň 12081 metri burawlandy. «Türkmengaz» döwlet konserniniň burawçylary tebigy gazy çykarmaklygy artdyrmak hem-de ýurduň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegi maksat edinýärler. Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky tebigy gazyň özboluşly ýerasty «ammarynyň» ätiýaçlyklary 26,2 trillion kub metrden geçýär. Häzirki...

Hazarýaka döwletleri Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany tiz wagtda işläp düzmegiň zerurlygyny bellediler

Türkmenistanyň wekilýeti 2016-njy ýylyň 8-10-njy iýunynda Moskwada bolup geçen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýasyny  işläp taýýarlamak boýunça hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki Ýörite iş toparynyň nobatdaky 45-nji mejlisine gatnaşdyrlar. Gepleşiklere, şeýle hem, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýa Federasiýasynyň wekilleri gatnaşdy. Mejlisiň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki maglumatda bellenilişi ýaly, wekilýetleriň ýolbaşçylary golaýda Gazagystanda...

Transhazar we TOPH Türkmenistanyň gaz senagaty üçin deň ähmiýetli — diýip, ABŞ-nyň öňki diplomaty hasaplaýar

Dünýäde tebigy gazynyň ätiýaçlyk gorlary boýunça dördünji orny eýeleýän Türkmenistan, ony eksport etmegiň täze ugurlaryny gözlemeklige, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny we günbatar ugurda — Transhazar gaz geçirijisini gurmaklyga gyzyklanma bildirýär — diýip, ABŞ-nyň Günorta Kawkaz boýunça döwlet sekretarynyň öňki kömekçisi Metýu Braýz Trend habarlar agentligine aýtdy. «Iki taslama hem Türkmenistan üçin deň derejede...

Ýurduň ýokary tizlikli magistrallary üçin ýokary hilli bitum

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT-da) Türkmenistanyň häzirki hereket edýän standartlaryna laýyk gelýän ýol bitumynyň önümçiligi artdy. Birnäçe tehnologiki çäreleriň hasabyna desganyň taslama kuwwatlylygynda jemi 150 müň tonna bitumdan 2015-nji ýylda ýol örtükleri üçin 278 müň tonna örüji material öndürildi. Şu ýylyň bäş aýynyň netijeleri boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, on göterime...

Türkmenistanyň bölüp beren maliýe serişdeleri TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrar

Öň habar berşimiz ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Owganystanyň we Päkistanyň çäklerinde başlangyç böleginiň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin 45 million amerikan dollaryndan gowrak möçberde serişdeleri bölüp bermek hakynda Karara gol çekdi. Tebigy gazy ýanaşyk döwletlere ugratjak ulag ulgamynyň gurluşygy üçin serişdeler «Türkmengaz» Döwlet konserniniň taslama gatnaşyjy-agza döwletleriň arasynda baglaşylan maýa goýum Ylalaşygynyň...

Hyundai Engineering-den kebşirleme işleri üçin täze tehnologiýalar

Hyundai Engineering (Koreýa Respublikasy) kompaniýasy Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin Hünärmenleri taýýarlaýan merkezini açdy. Bu ýerde bir ýylyň dowamynda 400-den gowrak adam kebşirleme işiniň häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirip bilerler. Instruktorlar hökmünde okuw işini ýolbaşçylygy koreý kompaniýasynyň we potratçy guramalaryň hünärmenleri amala aşyrarlar. Mälim bolşy ýaly, Hyundai Engineering kompaniýasy Gyýanly şäherçesinde 2014-nji ýyldan bäri...

2014