Täzelikler

Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putiniň türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdy

Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdy. Iki ýurduň Liderleri möhüm hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk we işjeň häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin ýokary derejede ozal gazanylan ylalaşyklaryň we dürli ugurlarda...

Don boýundaky Rostowyň işewürleri Hazar ykdysady forumyna çagyryldy

Türkmenistanyň RF-däki (Astrahan ş.) konsuly Atadurdy Baýramow Donuň işewür toparynyň wekillerini 12-nji awgustda «Awazada» geçiriljek Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy. ORIENT habarlar agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Rostow welaýatynyň gubernatorynyň birinji orunbasary Wiktor Gonçarow bilen geçirilen duşuşykda bellenildi. — Biziň ýurtlarymyzyň umumy taryhy bar, özara hereketleriň baý tejribesi toplandy. Bu bolsa öz gezeginde bu...

OPEC duşuşygy iýulyň birinji hepdesinde geçirilip bilner

Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasynyň (OPEC) wekilleriniň duşuşygy iýul aýynyň başynda geçirilip bilner. Bu barada Saud Arabystanynyň energetika, senagat we mineral serişdeleri ministri Haled al-Faleh Ýaponiýada geçirilýän energetika we ekologiýa ministrleriniň G20 duşuşygynda belledi, diýip TASS Reýter agentligine salgylanyp habar berýär. OPEC-iň nobatdaky duşuşygy hakyndaky soraga jogap bermek bilen, al-Faleh bu duşuşygyň «iýul aýynyň birinji hepdesinde...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 66-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-dan, Singapurdan, BAE-den, Şweýsariýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini,dizel ýangyjyny, polipropileni, ýangyç mazudy,şeýle hem Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan bolan täjirler tehniki kükürdi, (“Türkmengaz” DK), ýokary dykyzlykdaky polietileni we...

Iýunyň ahyrynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawod açylar

Häzirki wagtda 28-nji iýunda Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna taýýarlyk işleri görülýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow geçen anna güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu waka bagyşlanan dabaralaryň maksatnamasy barada habar berildi. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary hem-de...

OPEC däl döwletlerinden nebit ibermeleri 2019-njy ýylda 1,9 mln b/g, 2020-de — 2,3 mln b/g artyp biler — HEA

OPEC-e girmeýän döwletlerden nebit ibermeleri 2019-njy ýylda günde 1,9 mln barrel, 2020-nji ýylda 2,3 mln barrel artyp biler, diýlip HEA-nyň aýlyk hasabatynda bellenilýär. Bu barada Interfaks habar berýär. Guramanyň hasaplamagyna görä, netijede 2019-njy ýyl bilen deňeşdireniňde nebite bolan islegiň has ýokary ösmegine garamazdan, OPEC döwletlerinden oňa bolan isleg 2020-nji ýylda günde 29,3 mln barrele çenli aşaklap...

Oman aýlagynda tankerlere edilen hüjümden soňra nebit gymmatlamagyny dowam edýär

Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň güýçlenmegi netijesinde nebitiň bahalary penşenbe güni düýpli ýokarlanmadan soňra anna güni hem söwdanyň barşynda ýokarlanmagyny dowam etdi, diýip Interfaks habar berýär. Käbir analitikleriň çaklamagyna görä, ABŞ bilen Eýranyň arasynda dawanyň ulalmagy nebitiň bahalarynyň barreli üçin 7 dollara çenli artmagyna getirip biler, diýip MarketWatch habar berýär. Muňa garamazdan, beýleki bilermenler Oman aýlagyndaky ýagdaýyň bazara...

Türkmenistan we Singapur ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollaryny maslahatlaşdylar

Singapurda Türkmenistanyň we Singapur Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda ýokary derejeli saparlary guramagyň hem-de bilelikdäki işewürlik forumyny geçirmekligiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Syýasy geňeşmeleriň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hereketli guraly bolup çykyş edýän syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň türkmen-singapur gatnaşyklaryny...

Bakuda «tegelek stoluň» barşynda Birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk maslahatlaşyldy

Azerbaýjan Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaşy bolup durýar we bu günki gün iki ýurduň gatnaşyklary ýokary dostluk ýagdaýynda saklanýar. Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýew Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp geçirilen «tegelek stolda» belledi, diýip Trend habar berdi. Ilçiniň bellemegine görä, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda, aýratyn hem ulag we...

Gurbanguly Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti diplomatik ýollar boýunça ylalaşylar. Bu barada iki döwletiň Liderleri çarşenbe güni Türkmenistanyň Lideri bilen Gazagystan Respublikasynyň täze Prezidenti bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde ylalaşdylar. Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşi Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady...

Türkmenistan üçin gaz toplumy — sanly ykdysadyýete geçmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri — SAP SE

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda programma üpjünçiligini öndürýän «SAP SE» nemes kompaniýasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Onuň barşynda kompaniýanyň hünärmenleri hyzmatdaşlyk boýunça we sanly ykdysadyýete geçmekligi üpjün etmek boýunça geljegi uly taslamalary hödürlediler. Duşuşyk nemes kompaniýasynyň Türkmenistandaky hyzmatdaşy — «Turkmen-Tranzit» hojalyk jemgyýetiniň goldaw bermeginde geçirildi. «SAP SE-niň» tanyşdyrylyşy döwlet toplumynyň wekillerine gönükdirildi. — Türkmenistan – örän baý döwlet, aýratyn hem...

Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ylmyň ornuny ýokarlandyrmak zerurdyr

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini mundan beýläk-de çaltlandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasiýalar hem-de ylmyň gazananlary esasynda ykdysadyýetimizi ösdürmekde ylmyň tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak zerurdyr. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynda ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda belledi. Döwlet Baştutany şeýle hem ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamaklyga, ylmy-barlag işlerini alyp barmaklyga berilýän ünsi güýçlendirmegi tabşyrdy. Organiki we organiki däl...

Türkmenistanyň Prezidenti ylym ulgamyny maliýe taýdan goramak boýunça kararlar kabul etdi

Şu gün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi we ylmy barlaglaryň netijeliligini gowulandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleri kesgitledi. Döwlet Baştutany alymlary, professorlary, mugallymlary we ýurduň ähli ylmy jemgyýetçiligini 12-nji iýunda dabaraly bellenilýän Ylymlar güni bilen gutlady. Döwlet Baştutany häzirki döwürde ýurdumyzda ylmy ösdürmek üçin ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmy barlaglaryň netijelerini, ylmy-barlag...

Türkmenistan Owganystan bilen strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklady

Türkmenistanyň Mejlisi “Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda” karary kabul etdi. Şertnama şu ýylyň başynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň duşuşygy netijesinde gol çekildi. Owganystan bilen uzak aralyga serhetleşýän Türkmenistan goňşy döwletde parahatçylygy dikeltmek boýunça BMG-niň howandarlygynda gepleşikleri geçirmek başlangyçlary bilen birnäçe gezek çykyş etdi. Türkmenistan Owganystana has iri möçberli...

Wenada türkmen-awstriýa ykdysady geňeşiniň mejlisinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşylar

Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda Wenada geçiriljek Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 10-njy mejlisiniň çäklerinde 14-nji iýunda ykdysady geňeşiň geçirilmegi meýilleşdirilýär, diýip ORIENT habarlar agentligi habar berýär. Geňeşiň işine nebitgaz, energetika we senagat, oba hojalyk, saglygy goraýyş, logistika, bilim we beýleki ugurlarda ulgamlarynda iş alyp barýan iri awstriýa kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşar. Olaryň hatarynda — «Energo engineering and Research group GmbH», «Sonnek...

2014