Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti we Gruziýanyň ilçisi döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Energetika we ulag ulgamlary türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidentimi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mamuka Murjikneliniň arasynda geçirilen gepleşiklerde bellenildi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we ilçi köpugurly kuwwaty nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada...

«Awazada» «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw maslahaty geçirilýär

4-nji martdan başlap, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly ýedinji okuw maslahaty öz işine başlady. Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça geçirilýän bu çäräniň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşy hasaplanylýan Halkara ummanlar instituty çykyş...

21-nji martda bag ekmek boýunça ählihalk ýowary geçiriler

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 21-nji martynda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek bellenildi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine bag ekmek boýunça ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. 2019-njy ýylda ýazky we güýzki bag ekiş çäreleriniň barşynda Bäherden etrabynyň we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäklerinde...

Türkmenistan we ÝB hyzmatdaşlygyň depgini ýokarlandyrýar

4-nji martynda Türkmenistanyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilen duşuşyklaryň barşynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky missiýasynyň baştutany Kristian Berger bilen Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa sebitinde häzir öňdebaryjy orny eýeleýän hem-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde sebit we sebitara gatnaşyklary ösdürmekde ýokary parahatçylyk döredijilikli mümkinçiligini...

«Çalyk Enerji» türk kompaniýasy Mary DES-indäki turbinalary döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri ýerine ýetirer

«Çalyk Enerji Sanayi ve Tijaret A.Ş.» kompaniýasy Mary DES-indäki turbinalary döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Bu barada wise-premýer Dädebaý Amangeldiýew geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine habar berdi. Wise-premýer Mary döwlet elektrik stansiýasy üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlaryny, enjamlary, materiallary we himiki serişdeleri satyn almak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer...

Türkmenistanyň Mejlisi «Ekologiýa auditi hakynda» Kanuny kabul etdi

Geçen şenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň bäşinji maslahatynda «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanunynyň taslamasyny maslahatlaşmagyň barşynda deputatlar çykyş edip, daşky gurşawy goramak ulgamyndaky möhüm meselelere ünsi çekdiler. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan «ýaşyl ösüş» strategiýasy öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýa we köpasyrlyk milli däplere daýanýan durnukly ykdysady we durmuş ösüşiniň möhüm gurallarynyň biri hökmünde...

TNGIZT üçin nebit önümlerini saklamak boýunça goşmaça rezerwuarlar satyn alnar

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň haryt-çig mal binýady has-da giňeldiler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli karara gol çekdi, resminama laýyklykda, Kenar kärhanasynda benzin we dizel ýangyjyny saklamak hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň Kerki şäherindäki nebit ammarynda benzin saklamak üçin dürli ölçegli polat çelekleri we degişli enjamlary satyn almak meýilleşdirilýär. Degişli Kararyň taslamasyny Sanly aragatnaşyk...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryjy kerosini, nebit koksuny, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietilen Russiýa Federasiýasynyň, Beýik Britaniýanyň, BAE-niň işewür...

Ýewropa ugry — Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry

Habar berlişi ýaly, ýakynda Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereklerindäki ekologiýa ýagdaýy hem-de bu ýerde maldarçylygy, ekerançylygy we balykçylygy ösdürmek boýunça meýilleşdirilýän taslamalar bilen tanyşdy. Bu sapara gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy...

ÝB energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň syýasatyny goldaýar

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky edarasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Lýubomir Frebord ÝB bilen gatnaşyklary goldaýandygy üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi. Bu barada Brýusseliň wekili türkmen Lideriniň Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereklerindäki ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşlygynyň barşynda geçiren söhbetdeşliginde belledi. Frebord şeýle hem Türkmenistanyň Baştutanynyň öňdengörüjilikli strategiýasyny, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, häzirki...

Hazarýaka döwletleriniň wekilleri deňizde ýüzüşiň howpsuzlygynyň meselelerini maslahatlaşdylar

2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň bäşinji maslahaty öz işine başlady. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynyň habar berşi ýaly, mejlise Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň — Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we...

«Altyn asyr» kölüniň töweregindäki obalar gazlaşdyrylar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Garagum sährasynyň merkezinde ýerleşýän täsin suw desgasy bolan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereklerindäki ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşdy. Şeýle hem saparyň dowamynda “Altyn Asyr” kölüniň sebitiniň özleşdirilmegi boýunça 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň taslamasy Döwlet Baştutanyň dykgatyna ýetirildi. Taslamada bu ýerde maldarçylygy, ekerançylygy we balykçylygy ösdürmek boýunça işler...

Mart aýynda «Awaza» Hazar deňzi boýunça sebit okuw maslahatynyň wekillerini kabul eder

2019-njy ýylyň 4-15-nji marty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly sebit okuw maslahaty geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi. Okuw maslahatyny Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy Ummanlaryň halkara instituty bilen bilelikde gurnaýar. Okuw maslahatynyň işine Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň...

YHÖG bilen eksportuň ýokarlandyrmagy we täze iri maýa goýumlaryny çekmek meseleleri maslahatlaşyldy

2019-njy ýylyň 26-27-nji fewraly aralygynda Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) Ýewraziýa departamentiniň başlygy William Tompsonyň baştutanlygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň we täze iri maýa goýumlaryny çekmek üçin taslamalary işläp düzmekligiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip ýurdumyzyň DIM-niň saýty habar berýär. Saparyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri bilen...

Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk — Türkmenistan bilen ÝB-niň hyzmatdaşlygynyň üns merkezinde

26-njy fewralda Brýussel şäherinde geçirilen «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň nobatdaky 18-nji mejlisiniň gün tertibine energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri girizildi. ÝB-niň saýtynda ýerleşdirilen press-relizde bellenilişi ýaly, Bilelikdäki komitetiň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplaryň ikisi hem birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlydygyny mälim etdiler. ÝB we Türkmenistan...

2014