Täzelikler

Türkmenistanyň wekiliýeti demir ýol şahasynyň açylyşyna we Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina menzilinde uzynlygy 10 kilometre barabar bolan demir ýol şahasynyň açylyşyna hem-de Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşdy. Bu waka hoşniýetli türkmen-owgan gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Bellenilişi ýaly, Owganystanyň çägindäki demir ýoluň gurluşygy türkmen tarapynyň öz serişdeleriniň hasabyna alnyp barylýar we...

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrini wezipä girişmegi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Boris Jonsona Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady. Türkmen Lideri Gutlagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýandygyny mälim etdi. Şu...

Türkmenistanyň Prezidenti özbek kärdeşini doglan güni bilen gutlady

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň telefon arkaly gepleşikde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi 62 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady hem-de oňa berk jan saglygyny, özbek halkynyň bähbidine giň gerimli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi. Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, özbek Lideriniň ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan netijeli işleri hem-de uly syýasy tejribesi we ussatlygy diňe Respublikada däl-de,...

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystana ynsanperwer kömeginiň täze tapgyryny ibermek barada Buýruga gol çekdi

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna ykdysady, durmuş hem-de ynsanperwer ugurlarda ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Owganystan Yslam...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 73-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Singapurdan, Lýuksemburgdan, Gonkongdan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, suwuklandyrylan gazy, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti...

Tähranda Birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasynyň we Eýranyň söwda, senagat, şahtalar we oba hojalyk palatasynyň bilelikde gurnamagynda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing geçirildi. Maslahata Eýranyň söwda, senagat, şahtalar we oba hojalyk palatasynyň, daşary işler, senagat, ministrlikleriniň, EYR-nyň ýol we şäher gurluşygy ministrliginiň, Eýranyň söwdany ösdürmek guramasynyň, hazarýaka döwletleriniň ilçihanalarynyň,...

Pudaklaýyn ýygnakda 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda ýangyç-energetika toplumynyň işiniň netijeleri maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda 2019-njy ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda edilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň direktory ýylyň birinji ýarymynda edilen işler, şeýle hem 2019-njy ýylyň ahyryna çenli...

«Şatlyk» şypahanasy gazçylaryň saglygyny berkidýär

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň «Şatlyk» şypahanasynda Türkmenistanyň gaz senagatynda zähmet çekýän gazçylaryň saglygyny berkitmek üçin ähli şertler döredilendir. Diňe bir çalşykda şypahanada birbada 104 adam dynç alyp, beden saglygyny berkidip bilýär, ýylyň dowamynda bolsa, sagaldyş merkezi 2 müň adama hyzmat edýär. Şypahananyň lukmançylyk işgärleriniň esasy wezipesi adamlaryň doly derejede saglygyny berkitmäge gönükdirilen netijeli bejergini bermekdir. 1500 metr...

ÝB we Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Ýewropa Bileleşigi we Türkmenistan birnäçe ugurlar boýunça, şol sanda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi meýilleşdirýärler. Bu meseleler Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Federika Mogerini bilen Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň geçiren duşuşygynyň barşynda maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň oňyn depginleri bellenildi,...

Halk Maslahatynyň mejlisi 25-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriler

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň — halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň nobatdaky mejlisi 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde geçiriler. Bu Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan birinji ýarymýyllygyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin hökümet mejlisinde gol çekilen resminamada kesgitlenildi. Häzirki wagtda ýurduň durmuşynda bu möhüm çärä taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuşynda şanly waka bolan Halk...

ÝHHG-de Ýewropanyň energetika howpsuzlygy hakyndaky rezolýusiýanyň taslamasy makullanyldy

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament assambleýasynyň (ÝHHG PA) syýasy meseleler we howpsuzlyk boýunça geňeşi sebitiň energetika howpsuzlygy hakyndaky rezolýusiýanyň taslamasyny goldady. 7-nji iýulda resminamanyň taslamasyny goldap, geňeşiň 39 agzasy ses berdi. Taslama Ýewropany energiýa bilen üpjün etmegiň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilendir. Energiýa ibermeleriniň bir ugry Azerbaýjandan çekiljek «Günorta gaz geçelgesi» gaz geçirijisi bolup biler. Ol Hazarüsti...

Türkmenistanyň we Pakistanyň bilermenleri TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň şertlerini awgust aýynda işläp tamamlarlar

Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň we Pakistanyň bilermenleriniň duşuşygy meýilleşdirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň pakistan böleginiň gurluşygynyň mehanizmlerine garalyp geçiler we şertleri işlenip tamamlanar. Bu barada Radio Pakistan habar berýär. Şeýle hem bellenilişi ýaly, gurluşyga badalga bermek dabarasyny 2019-njy ýylyň oktýabrynda Belujistan welaýatynyň Çaman şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Radio Pakistan bilen söhbetdeşlikde bu ýurduň nebitgaz edarasynyň ýokary...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-dan, Panamadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Gonkongdan, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Karbamid (“Türkmenhimiýa” döwlet...

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň öňünde ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi

5-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik düzümleriniň işiniň netijeliligini...

2014