Täzelikler

TOPH taslamasy örän möhüm ähmiýetlidir – Mikael Napel, «ILF Beratende Ingenieure GmbH» kompaniýasynyň ösüş boýunça menejeri (GFR)

Öň habar berlişi ýaly, 2017-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda «TAPI Pipeline Company Limited» bilen «ILF Beratende Ingenieure GmbH» kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Owganystan-Pakistan çägine düşýän böleginiň Başlangyç tehniki taslamasyny taýýarlamak (Front End Engineering & Design) hem-de Taslamany dolandyrmak hem-de tehniki gözegçiligini amala aşyrmak hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça şertnama gol çekildi. «ILF Beratende Ingenieure GmbH»...

Gymmat nebitiň eýýamy başlanýar — Eýranyň nebit senagaty ministri

Eýranyň nebit senagaty ministri Bijan Namdar Zangane nebit bazaryndaky ýagdaýy «oňaýly» diýip bahalandyrdy we «gymmat nebitiň eýýamy» başlanýar diýip beýan etdi. Eýranyň döwlet teleýaýlymy bolan IRIB ýaýlymyna beren interwýusynda Zangane OPEC we OPEC-e girmeýän döwletleriň nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça borçnamalaryny öz üstlerine aljakdyklaryna ynam bildirdi, diýip Trend azerbaýjan habarlar agentligi habar berýär. Alty aýyň dowamynda OPEC...

OPEC nebitiň çykarylyşyny 221 müň barrele çenli azaltdy

Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy (OPEC) 2016-njy ýylyň dekabrynda nebitiň çykarylyşyny noýabr bilen deňeşdireniňde günde 221 müň barrel çäklendirip – günde 33,08 million barrele çenli ýetirdi, diýlip guramanyň ýanwar aýy boýunça hasabatynda ikinji derejeli çeşmelere salgylanylyp habar berilýär, diýip РИА Новости getirýär. «Nebitiň çykarylyşy Yrakda, Angolada we Liwiýada ýokarlandy, şol bir wagtda Saud Arabystanynda, Nigeriýada we...

ÝET-iň 2016-njy ýyl boýunça işleriň jemleri jemlenildi

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda 2016-njy ýylda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda alnyp barlan işleriň netijeleri boýunça hasabat maslahaty geçirildi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ýagşygeldi Kakaýew, «Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, pudaklaýyn ylmy institutyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda toplumyň kärhanalarynyň we edaralarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işler, şeýle hem 2017-nji ýylda meýilleşdirilen...

“TAPI Pipeline Company Limited” kompaniýasy bilen “ILF Beratende Ingenieure GmbH” kompaniýasynyň arasynda şertnama gol çekildi

2017-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda “TAPI Pipeline Company Limited” bilen “ILF Beratende Ingenieure GmbH” kompaniýasynyň arasynda «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» (TOPH) gaz geçirijisiniň Owganystan-Pakistan çägine düşýän böleginiň Başlangyç tehniki taslamasyny taýýarlamak (Front End Engineering & Design) hem-de Taslamany dolandyrmak hem-de tehniki gözegçiligini amala aşyrmak hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça şertnama gol çekildi. Gol çekme dabarasy Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda geçirildi....

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri bellige almak tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri bellige almak tamamlandy. Merkezi saýlaw toparynyň berýän maglumatlaryna görä, 12-nji fewralda geçiriljek Prezident saýlawlaryna dalaşgärleriň 9-sy resmi taýdan bellige alyndy. Olaryň hatarynda Demokratik partiýadan — Türkmenistanyň häzirki Prezidenti G.M.Berdimuhamedow; Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan — «Rysgal» paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy B.Atalyýew; Agrar partiýadan — Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy D.Orazow bar. Bulardan başga-da...

«Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisi tebigy gaz bilen doldurylyp başlandy

«Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň işgärleri «Gündogar-Günbatar» magistral gaz geçirijisiniň Şatlyk-Tejen-Kaka böleginiň 150-nji kilometrinde gidrawliki barlag işlerini üstünlikli geçirdiler we turba geçirijini tebigy gaz bilen dolduryp başladylar. Ýakyn wagtda Ahal we Balkan welaýatlarynyň sarp edijileri «mawy ýangyç» alarlar. Turba geçirijiniň günbatar böleginde — Gumdagdan Belege çenli hem ýokary ygtybarlylyk tassyklanyldy. Türkmenistandaky uzynlygy 773 kilometr we turbalarynyň...

HWG 2017-nji ýyl üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy

Halkara walýuta gaznasy (HWG) 2017-nji ýylda nebitiň ortaça bahalary boýunça çaklamasyny 0,6 dollar ýokarlandyryp – barrel üçin 51,2 dollara ýetirdi. Muňa World Economic Outlook dünýä ykdysadyýeti boýunça gaznasynyň täzelenen çaklamasy şaýatlyk edýär, diýip РИА Новости habar berýär. Indiki ýyl gazna nebitiň ortaça bahasynyň bir barrel üçin 53 dollar derejesinde bolmagyna garaşýar. 2016-njy ýylyň oktýabrynda HWG 2016-njy ýylda...

Çehiýa Azerbaýjandan we beýleki hazarýaka döwletlerinden gaz almaga gyzyklanma bildirýär - ministr

Çehiýa Azerbaýjandan Ýewropa gaz ibermegi göz öňüne tutýan «Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýär. Bu barada sişenbe güni Bakuda geçirilen azerbaýjan-çeh işewürler forumynda Çehiýanyň senagat we söwda ministri Ýan Mladek beýan etdi, diýip Trend azerbaýjan habarlar agentligi habar berýär. Ministr bu günki gün Çehiýa gelýän gazyň aglaba böleginiň Ukrainanyň territoriýasynyň üstünden geçip Russiýadan gelýändigini...

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirligi tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek işini dowam edýär

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň ýanyndaky welaýaty gaz bilen üpjün etmek boýunça gurluşyk-gurnama müdirligi 2016-njy ýylda dürli diametrli turbalaryň 209 kilometrini ulanyşa girizdiler we 14 million 693 müň manat töweregi maýa serişdelerini özleşdirdiler. Ýanwar-dekabr aýlary boýunça gurluşyk işleriniň umumy bahasy 5 million 571 müň manada deň boldy. Müdirligiň işgärleri S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň  täze «Bagtyýar zaman» şäherçesini, Köneürgenç etrabynda gurluşygy...

Gurbanguly Berdimuhamedow Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Gyýanly şäherçesindäki tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de polietilen hem-de polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumynyň gurulýan ýerine geldi we bu iri desganyň gurluşygy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz ilki bilen elektrik stansiýasynyň ýanynda saklandy. Toplumyň hünärmenleri döwlet Baştutanyna gurnama işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Kärhananyň tehnologiýa häsiýetnamalary we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar, toplumy 2018-nji...

«Hyundai Engineering Co.,Ltd» kompaniýasy täze okuw kurslaryny açdy

Gyýanly şäherçesinde «Hyundai Engineering» (Koreýa Respublikasynyň) kompaniýasynyň polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň binýadynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlaýan merkezde täze bölüm açyldy. 2017-nji ýylyň ýanwaryndan başlap bu ýerde elektrik enjamlar, barlag-ölçeg abzallary we awtomatlaşdyrma boýunça ilkinji 20 sany hünärmen taýýarlanylyp başlandy. Iki aýlyk okuw kurslary tamamlanandan soňra olar «Hyundai Engineerin Co.,Ltd» kompaniýasyna we...

Gruziýa we Türkmenistan türkmen nebitini üstaşyr geçirmek baradaky ylalaşyga gol çekdi

Gruziýa we Türkmenistan türkmen nebitini üstaşyr geçirmek baradaky ylalaşyga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 1,5 mln tonnadan gowrak türkmen nebiti Gruziýanyň demir ýol geçelgesinden üstaşyr geçiriler, diýip «Gruziýanyň demir ýoly» kompaniýasynyň «Jorjiýa tranzit» şahamçasynyň direktory Dawid Çiradze we «Kaspian Tranzitiň» baş direktory Rati Gwamberiýa metbugat maslahatynda aýtdy. Ylalaşyk iki ýurduň arasynda üç ýyllyk möhlet bilen baglaşyldy. Degişlilikde,...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan we Şweýsariýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosini, awtobenzini we gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da Russiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Owganystandan gelen işewürlere daşary ýurt walýutasyna azyklyk bugdaý, nah ýüplük, pagta-süýümi, pagta galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň...

Türkmenistanyň Prezidenti 2017-nji ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi

13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň Hökümetiniň 2016-njy ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde duran wezipeler kesgitlenildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi. Mejlise milli Parlamentiň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ministrlikleriň we...

2014