Täzelikler

Gurbanguly Berdimuhamedow we «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň wise-başlygy türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň wise-başlygy, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Ýoiçi Kobaýaşiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Ýaponiýa Türkmenistanyň ygtybarly we wajyp hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar hem-de däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymy belleýşi ýaly, türkmen-ýapon gatnaşyklary...

TOPH taslamasyny ilerletmekde Owganystanda düýpli ösüş gazanyldy – Abdulla Asifi

— TOPH taslamasyny Owganystanyň çäginde ilerletmekde düýpli ösüş gazanyldy – diýip, Owganystanyň şahtalar we nebit ministriniň uly geňeşçisi, TOPH-nyň utgaşdyryjy edarasynyň ýolbaşçysy Abdulla Asifi Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresine gatnaşmagynyň çäklerinde aýtdy. Bu barada Turkmenportal habar berýär. Goňşy döwletde transmilli turba geçirijiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişini häsiýetlendirip, Asifi şeýle belledi: «Turba geçirijiniň geçjek ugruny barlamakda biz düýpli...

«Awazada» Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi öz işini jemledi

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gaz pudagynda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlän we geljekde bilelikdäki meýilnamalaryň utgaşdyrylmagyny şertlendiren X Halkara gaz kongresi öz işini tamamlady. «Türkmengaz» döwlet konserniniň guramagynda geçirilen bu ýöriteleşdirilen çärä 30 döwletden 450-ä golaý wekil gatnaşdy. Jemleýji mejlisiň barşynda dünýäniň gaz bazarynyň geljekki ugurlary, onuň ösüşi, sebit we sebitara gaz geçiriji...

Eder Leontiý: Türkmenistanyň gaz ulgamynda mümkinçilikleri örän ýokary

— Geçen 10 ýylda yzygiderli Türkmenistanda geçirilip gelinýän Halkara gaz kongresi Hazar sebitini we umumylykda Merkezi Aziýa sebitiniň döwletlerini ösdürmek meselelerini maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi. Bu ýerde dünýäniň gaz bazarynyň öňdebaryjy wekilleri duşuşýarlar. Bu bolsa hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we berkitmäge hyzmat edýär. Bu barada «Gazprom WNIIGAZ-nyň» ösüş boýunça baş direktorynyň orunbasary Eder Leontiý Turkmenportala...

Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresinde «Galkynyş» känini özleşdirmegiň tejribesi maslahatlaşyldy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresiniň işiniň birinji gününde Türkmenistanyň Mary welaýatynda ýerleşen ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň tanyşdyrylyşy geçirildi. Forumyň barşynda «Galkynyş» — özleşdirmegiň bäş ýyllyk tejribesi» doklad bilen «Türkmengaz» DK-nyň Tebigy-gazyň ylmy-barlag institutynyň barlaghanasynyň müdiri Igor Prihodko çykyş etdi. Ol bu kän boýunça Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllaryndan ýüze çykarylan geologik, promysel...

TOPH — tutuş sebit üçin ägirt uly taslama

TOPH — tutuş sebit üçin ägirt uly taslama. Bu barada Pakistanyň premýer-ministriniň nebit boýunça ýörite kömekçisi Nadim Baber X Halkara gaz kongresiniň çäklerinde TOPH taslamasyna bagyşlanyp geçirilen aýratyn bölümçäniň işine gatnaşmagynyň dowamynda ORIENT agentligine beren interwýusynda belledi. Baberiň şeýle hem belleýşi ýaly, «ýylyň başynda Türkmenistan we Pakistan bu babatda birnäçe resminamalara gol çekdi. Ýylyň ahyryna biz...

Türkmen energiýa geçirijileriniň ýaýradylmagy tutuş sebite oňaýly täsir edýär — Ýelena Panowa

Türkmen energiýa geçirijileriniň ýaýradylmagy tutuş sebite, aýratyn hem Günorta Aziýa oňaýly täsir edýär. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa «Awazada» öz işine başlan X Halkara gaz kongresinde eden çykyşynda belledi. Panowanyň şeýle hem belleýşi ýaly, TOPH — Türkmenistanyň öz uglewodorod ätiýaçlyklaryny parahatçylygyň we goňşy sebitleriň durnukly ösmeginiň hatyrasyna gönükdirýändiginiň iň aýdyň mysalydyr. Energiýa geçirijileriniň ýaýradylmagynda...

«TGC -2019» gatnaşyjylar gaz ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny maslahatlaşýarlar

Şu gün irden sagat 10:00-da «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Berkarar» myhmanhanasynda Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi (TGС — 2019) öz işine başlady. Bu ýere iri nebitgaz, hyzmat ediş hem-de maslahat beriş kompaniýalaryň esasy menejerleri, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, abraýly halkara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriniň, diplomatik we ylmy toparlaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Türkmenistanyň...

Gurbanguly Berdimuhamedow X Halkara gaz kongresine gatnaşyjylara gutlag iberdi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda öz işine başlan Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresine gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen Lideri gaz kongresiniň netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de pugtalandyrmakda, dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde giň mümkinçilikleri döretjekdigine berk ynanýandygyny belledi. Dünýäde uglewodorod serişdelerine baý döwletleriň biri bolan...

Pakistanyň wekiliýeti «TGC — 2019-a» gatnaşar we TOPH boýunça gepleşikleri geçirer

Pakistanyň premýer-ministriniň ýörite kömekçisi Nadim Babaryň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti iş sapary bilen Aşgabada geldi. Wekiliýet 21-nji maýda başlanýan Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresine gatnaşar, «Türkmengaz» döwlet konserninde, «TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynda işewür duşuşyklary geçirer, şeýle hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyna gatnaşyjy beýleki taraplar bilen bu gaz...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Maltadan, Gruziýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, az kükürtli ýangyç mazudyny, Russiýa Federasiýasyndan, Şweýsariýadan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen täjirler Gyýanlynyň...

«Täjibaý» diýen geljegi uly meýdançadaky täze guýudan tebigy gazyň senagat akymy alyndy

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäklerinde ýerleşen «Täjibaý» diýen geljegi uly meýdançada 2 müň 400 metr çuňlugy bolan guýynyň buraw işleri tamamlady. Netijede şol ýerden senagat ähmiýetli kükürtsiz tebigy gazyň akymy alyndy. Häzirki wagtda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ylmy-barlag instituty tarapyndan täze açylan ýatagyň gorlaryny hasaplamak işleri alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary...

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komiteti özara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşar

23-nji maýda Aşgabatda Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Duşuşygyň gün tertibine uly mümkinçilikleri bolan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň we ösdürmegiň meseleleri giriziler. Bu barada anna güni geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi. Mejlisiň dowamynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek, şol sanda göni işewür gatnaşyklary ýola goýmak, dürli...

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň 2019-njy ýyldaky ikinji sany çapdan çykdy

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň — türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän pudaklaýyn döwürleýin neşiriň şu ýylyň başyndan bäri ikinji sany çapdan çykdy. Neşiriň täze sany «Nebitgaz pudagy: özgertmeleriň ýyl ýazgysy» rubrikasy bilen başlanýar. Onda ýylyň başyndan bäri möhüm saparlar — Bahreýniň Patyşasynyň, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistana saparlary, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Gazpromyň» ýolbaşçysy, «ARETI»...

«Gazprom eksport» we «Türkmengaz» DK arbitražyň tamamlanýandygy hakynda ylalaşyga gol çekdi

«Gazprom eksport» AGPJ we «Türkmengaz» DK 2019-njy ýylyň 31-nji ýanwarynda arbitraž çözlüşmeleriň tamamlanýandygy hakynda ylalaşyga gol çekdi we degişli habarnamany arbitraž tribunala iberdi. Bu barada «Gazpromyň» saýtynda ýerleşdirilen çärýeklik hasabatda beýan edilýär. Ýatlap geçsek, 2009-njy ýyla çenli «Gazprom» türkmen gazynyň iň iri satyn alyjysydy. Ol ýylda 40 milliard kub metr gaz import edýärdi. Şu döwürde «Gazproma»...

2014