Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti zähmet rugsadyny sagdyn durmuş ýörelgesine bagyşlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadynyň dynç alyş günlerinde hem döredijilik işleri bilen meşgullanmagy dowam edýär. Döwlet Baştutany çeper döredijilik bilen meşgullanyp, türkmen alabaýy hakyndaky täze kitabynyň jemleýji setirlerini ýazdy. Gurbanguly Berdimuhamedow kitabyň soňky setirlerini ýazyp, onuň senesini we goluny goýdy. Ol ýakyn wagtda çap edilip, öz okyjylaryny alabaýyň tohumy, onuň döreýşi, güjüklerine tälim bermegiň...

Hökümetara türkmen-bolgar toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy

Türkmenistanyň we Bolgariýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-bolgar toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.  ...

Aşgabatda Aral boýunça sebitleýin iş toparlarynyň duşuşygy geçirildi

Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän «Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek» hem-de «AHHG-nyň institusional-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek» boýunça hereketleriň maksatnamasyny» (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça sebitleýin iş toparlarynyň ikinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak» atly sebitleýin maksatnamasynyň, Merkezi Aziýanyň Sebit...

Türkmenistanda awtomobillere ýangyç guýujy beketleriň tory giňeldilýär

Türkmenistanda iň ýokary ülňülere laýyklykda enjamlaşdyrylan awtomobillere ýangyç guýujy beketleriň tory giňeldilýär. «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň düzüm birlikleriniň hünärmenleri bu ugurda birnäçe işleri alyp barýarlar. Şu ýylyň geçen alty aýynda Türkmenistanyň çäginde, hususan-da, Daşoguz welaýatynda awtoulaglara gije-gündizleýin hyzmat etmäge ukyply iň täze kompýuter tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan awtoulaglara ýangyç guýujy beketleriň ulgamy guruldy. Beketlerde şeýle hem awtomobillere tehniki...

Nebitçileriň ýokary görkezijiler

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy içerki hem-de daşarky bazarlarda ägirt uly islegden peýdalanýan nebithimiýa önümleriniň önümçilik möçberlerini yzygiderli artdyrmagyny dowam edýär. Şu ýylyň geçen alty aýynda 2 mln 779 müň tonna nebit çig maly gaýtadan işlenildi. Meýilnama 103,3 göterim ýerine ýetirildi. Şu ýylyň geçen döwründe şeýle hem dizel ýangyjynyň, kerosiniň önümçilik görkezijileri ýokarlandy. Çalgy ýaglarynyň...

Hazar sebiti — parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we ynanyşmagyň sebiti

Sanlyja günlerden Hazar deňziniň kenarynda hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammiti geçiriler. Hazar sebiti we onuň bilen bagly meseleler Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynda möhüm orun eýeleýär. Türkmenistan Hazar deňzi meselelerinde elmydama işjeň garaýyşlary öňe sürdi we geljekde hem muny dowam eder. Bäş sany hazarýaka döwletleriniň territoriýalary sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün edýän, köpýyllyk aragatnaşyklary bilen birleşdirilen...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan we Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, owganystanly işewürler bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýadan, ABŞ-dan, Gonkongdan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýnany we nah...

Türkmenistanyň wekiliýeti demir ýol şahasynyň açylyşyna we Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina menzilinde uzynlygy 10 kilometre barabar bolan demir ýol şahasynyň açylyşyna hem-de Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşdy. Bu waka hoşniýetli türkmen-owgan gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Bellenilişi ýaly, Owganystanyň çägindäki demir ýoluň gurluşygy türkmen tarapynyň öz serişdeleriniň hasabyna alnyp barylýar we...

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrini wezipä girişmegi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Boris Jonsona Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady. Türkmen Lideri Gutlagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýandygyny mälim etdi. Şu...

Türkmenistanyň Prezidenti özbek kärdeşini doglan güni bilen gutlady

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň telefon arkaly gepleşikde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi 62 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady hem-de oňa berk jan saglygyny, özbek halkynyň bähbidine giň gerimli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi. Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, özbek Lideriniň ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan netijeli işleri hem-de uly syýasy tejribesi we ussatlygy diňe Respublikada däl-de,...

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystana ynsanperwer kömeginiň täze tapgyryny ibermek barada Buýruga gol çekdi

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna ykdysady, durmuş hem-de ynsanperwer ugurlarda ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Owganystan Yslam...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 73-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Singapurdan, Lýuksemburgdan, Gonkongdan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, suwuklandyrylan gazy, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti...

Tähranda Birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasynyň we Eýranyň söwda, senagat, şahtalar we oba hojalyk palatasynyň bilelikde gurnamagynda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing geçirildi. Maslahata Eýranyň söwda, senagat, şahtalar we oba hojalyk palatasynyň, daşary işler, senagat, ministrlikleriniň, EYR-nyň ýol we şäher gurluşygy ministrliginiň, Eýranyň söwdany ösdürmek guramasynyň, hazarýaka döwletleriniň ilçihanalarynyň,...

Pudaklaýyn ýygnakda 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda ýangyç-energetika toplumynyň işiniň netijeleri maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda 2019-njy ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda edilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň direktory ýylyň birinji ýarymynda edilen işler, şeýle hem 2019-njy ýylyň ahyryna çenli...

2014