Täzelikler

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär

Ertir, 31-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň şu ýyl GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Bu çärä gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza GDA gatnaşyjy-ýurtlaryndan wekilçilikli wekiliýetler gelerler. Bu mejlisiň işiniň dowamynda 30-njy we 31-nji maýda wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirilýär. Mejlisiň dowamynda GDA gatnaşyjy-döwletleriň...

Dmitriý Medwedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda mejlisinde russiýa wekiliýetine ýolbaşçylyk eder

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Baştutany Dmitriý Medwedow 31-nji maýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçiriljek mejlisine gatnaşmagy meýilleşdirýär, diýip Russiýanyň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär. Mejlisiň gün tertibine GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ykdysady we ynsanperwer ugry boýunça meseleleriniň giň toplumy giriziler. Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär. GDA-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň metbugat gullugynda habar berlişi...

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkidiler we öser — bilermen

Soňky ýarym ýylda nebit we gaz boýunça türkmen-russiýa hyzmatdaşlygy düýpli öňegidişlik gazandy. Iki sany ägirt uly energetika döwleti anyk işleri durmuşa geçirýärler. Iki ýurduň kompaniýalary we döwlet düzümleri nebit we gaz babatda yzygiderli şertnamalar baglanyşýarlar. Bu barada energetika ulgamyndan bilermen Berdimyrat Myradow 28-nji maýda belledi, diýip Centralasia.news habar berýär. Bilermeniň pikirine görä, gaz boýunça geçen ýylyň...

Türkmenistan we Germaniýa ÝB-niň we Merkezi Aziýanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça ygtybarly wekili Mihael Zibertiň ýolbaşçylyk edip gelen wekiliýeti bilen geçirilen türkmen-german syýasy geňeşmeleriniň barşynda Ýewropa Bileleşiginiň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy, diýip Türkmensitanyň DIM-niň saýty habar...

«Gulf Petrochemical Industries Company» kompaniýasy Türkmenistanyň ýangyç-energetika taslamalaryna gatnaşmaklygy maslahatlaşýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň «Gulf Petrochemical Industries Company» (GPIC) şereketiniň müdirler geňeşiniň başlygy Ahmed Al Şarýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanda nebitgaz we gazhimiýa pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan...

Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi öz maksadyna ýetdi — bilermen

Ýakynda «Awazada» geçirilen Türkmenistanyň X Halkara gaz konresi öz maksadyna ýetdi. Guramaçylar tarapyndan öňde goýlan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirildi. Bu barada Türkmenistan boýunça bilermen-analitik Waleriý Çumakin belleýär, diýip Centralasia.news habar berýär. — Türkmenistanyň gaz kongresiniň maksady — Türkmenistanyň nebitgaz pudagy boýunça daşary ýurtly kompaniýalar, halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmeklige we berkitmeklige ýardam etmek. Şu nukdaýnazardan...

«Türkmennebit» DK we «Tatneft» hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär

«Türkmennebit» döwlet konserni we «Tatneft» Goturdepe käniniň plastlarynyň nebit berijiligini artdyrmak hakynda goşmaça ylalaşyk baglaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Tatneft» PAO-nyň Tatarystan Respublikasyndan daşyndaky nebitgaz taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça müdirliginiň başlygynyň orunbasary Rafael Afletonow Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki tatar-türkmen iş toparynyň altynjy mejlisiniň barşynda belledi. Mejlis geçen hepdede Kazanda geçirildi. Bu barada «Tatar-inform»...

«Çalik Enerji» konsorsiumy Türkmenistanda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini gurar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna konsorsiumyň düzümine girýän Türkiýe Respublikasynyň «Çalyk Enerji Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň «Calik Enerji Swiss A.G.» kompaniýalary bilen Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini daşarky eltiji inžener ulgamlary bilen bilelikde gurmak barada şertnamany baglaşmaga ygtyýar berýän resminama gol...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 50-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Singapurdan we Maltadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. BAE-den we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, Ukrainanyň...

ABŞ-nyň Döwle departamenti: «GGG» Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Gündogar Ortaýerdeňziniň gazynyň hasabyna giňeldilip bilner

Azerbaýjandan, Türkmenistandan we Gündogar Ortaýerdeňzinden goşmaça gazyň hasabyna «Günorta gaz geçelgesiniň» kuwwatlyklary giňeldilip bilner. Trend agentliginiň habar berşi ýaly, bu barada ABŞ-nyň ykdysady ösüş, energetika boýunça döwlet sekretarynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetirýän Manişa Singh Waşingtonda her ýylky geçirilýän 4-nji Transhazar forumynda aýtdy. «Tebigy serişdeleri ibermek ulgamynda üstünlikleriň mysaly hökmünde Günorta Kawkaz we Transanatoliý gaz geçirijilerini bellemek...

Gazhimiýa pudagy — türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugrunyň hatarynda

23-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Oňa türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hem-de ýapon tarapyndan “Itoçu Korporeýşn” ýapon kompaniýasynyň Wise-prezidenti Ýoiçi Koboýaşi ýolbaşçylyk edýärler. Mejlise 80-e golaý wekillerden ybarat bolan...

Türkmenistanyň gazy Hytaýyň energetika howpsuzlygyny üpjün edýär – CNPC

Türkmenistandan satyn alynýan gaz Hytaýyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu barada Hytaý Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň (CNPC) ýanyndaky Nebitgaz ykdysadyýeti boýunça institutyň başlygynyň orunbasary Lýu Çaosýuan ýakynda «Awazada» geçirilen Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresinde HHR-iň tebigy gaz bazarynyň syny barada eden çykyşynda belledi. Bilermeniň bellemegine görä, tebigy gazyň, şol sanda suwuklandyrylan gazyň sarp edilişi...

AÖB TOPH taslamasyny goldamagyny dowam eder

— TOPH taslamasyna gatnaşyjy döwletleriň bu günki gün gazanan üstünlikleri mende aýratyn täsir galdyrdy – diýip, Aziýanyň ösüş bankynyň maliýe hünärmeni Roland S.Pladet Türkmenistanyň X halkara gaz kongresiniň çäklerinde TOPH gaz geçirijisine bagyşlanan bölümçede belledi, diiýip ORIENT habar berýär. — Men bu möhüm taslamanyň ahyrynda doly durmuşa geçiriljekdigine ynanýaryn. AÖB hemişe hem TOPH taslamasyny goldaýardy we...

Gurbanguly Berdimuhamedow we «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň wise-başlygy türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň wise-başlygy, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Ýoiçi Kobaýaşiniň arasynda geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Ýaponiýa Türkmenistanyň ygtybarly we wajyp hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar hem-de däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymy belleýşi ýaly, türkmen-ýapon gatnaşyklary...

TOPH taslamasyny ilerletmekde Owganystanda düýpli ösüş gazanyldy – Abdulla Asifi

— TOPH taslamasyny Owganystanyň çäginde ilerletmekde düýpli ösüş gazanyldy – diýip, Owganystanyň şahtalar we nebit ministriniň uly geňeşçisi, TOPH-nyň utgaşdyryjy edarasynyň ýolbaşçysy Abdulla Asifi Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresine gatnaşmagynyň çäklerinde aýtdy. Bu barada Turkmenportal habar berýär. Goňşy döwletde transmilli turba geçirijiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişini häsiýetlendirip, Asifi şeýle belledi: «Turba geçirijiniň geçjek ugruny barlamakda biz düýpli...

2014