Täzelikler

Akhan diýen bedew — Ginnesiň rekordlar kitabynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Akhan diýen bedewi Ginnesiň rekordlar Kitabyna girizilendi. Şeýdip, atyň üýtgeşik ukyby resmi taýdan bellige alyndy — oňa iki aýagynyň üstünde çarpaýa galyp, 10 metri bary-ýogy 4,19 sekuntda geçmek başartdy. Bedewiň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi hakyndaky şahadatnamany gowşurmak dabarasy şenbe güni Türkmenbaşy şäherinde boldy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi wekili hem-de emin Şeýda...

«Awazada» «Amul - Hazar 2018» halkara awtorallisiniň ýeňijilerine baýrak gowşurmak dabarasy boldy

Geçen şenbe güni «Amul - Hazar 2018» halkara awtorallisi üstünlikli tamamlandy. Şol gün agşam «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda awtomobil sportunyň ýyl ýazgysyna giren hem-de Türkmenistanyň geljekde hem sporty dünýä derejesinde ösdürmäge ýardam etmekde aýgytlylygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülen awtomobil ýaryşyna gatnaşyjylaryň duşuşygynyň dabaraly çäresi geçirildi. Taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilen “Amul — Hazar 2018” awtomobil...

«Amul — Hazar 2018» rallisiniň dördünji tapgyrynyň garaşylmadyk netijeleri

“Amul — Hazar 2018” rallisiniň dördünji tapgyry oňa gatnaşyjylarda üýtgeşik kynçylyklary döretmedi, oňa derek üçünji tapgyra garanda has täsirli boldy. Garri Hant we Bouter Rosgaar ilkinji orna ynamly dolandylar, olar Nani Romini we Aleks Harony birinji orundan ikinji orna süýşürdiler. Belarusly Sergeý Wýazowiçiň erk edýän MAZ awtomobili üçünji orny eýeledi, bu agyr ulag ispanlaryň MINI...

Türkmenistan we Tailand energetika, gurluşyk we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär

Penşenbe güni Pre­zi­den­t Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa Tai­land Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si ha­nym Pan­ti­pa Iam­sud­ha Ýe­ka­ro­hit­den ynanç ha­ty­ny ka­bul et­di. Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da il­çi Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry bi­len...

Halkara ralli-reýde gatnaşyjylar «Garagum ýalkymyna» baryp gördüler

«Amul — Ha­zar 2018» aw­to­ral­li­si­ne gat­na­şy­jy­laryň geçýän ugrunda ýerleşen dört sany düşelgäniň biri hem Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşen «Garagum ýalkymydyr». Türkmenistanyň «Garagum ýalkymy» diýlip atlandyrylýan bütin dünýä belli alawy çölüň içinde ýerleşýär. Bu ýerde täsin görnüşde alaw ýanýar. Ag­şam düş­me­gi bi­len tä­sin­li­gi­ň ýo­kar­syn­da al öwüs­ýän öwüş­gin eme­le gel­ýär. Alaw bu...

Rallide ispanlar Nani Roma we Aleks Haro aralyk hem-de umumy hasapda öňde barýarlar

13-nji sent­ýabr­da “Amul — Ha­zar 2018” aw­to­ral­li­si­ne gat­na­şy­jy­lar üçün­ji du­ral­ga — Ga­ra­gu­muň mer­ke­zin­de ýer­le­şen “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­ne gel­di­ler. Ýa­ry­şa gat­na­şy­jy to­par­lar “Al­tyn asyr” Türk­men kö­li” dü­şel­ge­si­ne ta­rap ug­rap, alaň­lar we ta­kyr­lar köp bo­lan ýa­ryş ýo­ly bo­ýun­ça 236 ki­lo­metr geç­di­ler. “Amul — Ha­zar 2018” ýa­ry­şy­nyň...

«Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň ikinji tapgyry tamamlandy

Çarşenbe güni «Amul — Ha­zar 2018» halkara aw­to­ral­li­si­niň ikinji tapgyry geçirildi. Şol gün ag­şa­ma­ra “Amul — Ha­zar 2018” halkara aw­to­ral­li­si­ne gat­na­şy­jy­lar Ahal we­la­ýa­tyn­da ýer­leş­ýän ikin­ji «Ga­ra­gum ýal­ky­my» dü­şel­ge­si­ne ýet­di­ler. Şu gün ir­den ýa­ryş ýo­lu­nyň uzyn­ly­gy 228 ki­lo­metr­den yba­rat no­bat­da­ky bö­le­gi­ni geç­mek üçin ulag­la­ryň 75-sin­den 55-si ba­dal­ga...

Russiýa «Günorta gaz geçelgesiniň» üsti bilen türkmen gazynyň Ýewropa iberilmegine garşy däl — SOCAR

Russiýa türkmen tebigy gazynyň «Günorta gaz geçelgesiniň» üsti bilen Ýewropa bazarlaryna iberilmegine garşy däl. Bu barada žurnalistlere Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) wise-prezidentiniň orunbasary Witaliý Baýlarbaýew Waşingtonda geçirilen Atlantika geňeşinde habar berdi, diýip ORIENT habarlar agentligi belleýär. Baýlarbaýewiň sözlerine görä, «Günorta gaz geçelgesi» «Gazpromyň» Ýewropadaky taslamalaryna bäsdeşlik etmäge ýykgyn etmeýär. Ähli turba geçirijiler energiýa serişdelerine bolan...

ÝET-niň 2018-nji ýylyň 8 aýynyň jemleri jemlenildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda 2018-nji ýylyň geçen sekiz aýynda edilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi. maslahata şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýew gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy D.Hajyýew, «Türkmengeologiýa» döwlet...

Türkmenistanyň Prezidenti we Eýranyň Prezidentiniň wanynyň başlygy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Çarşenbe güni Pre­zi­den­t Gurbanguly Berdimuhamedow Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň Di­wa­ny­nyň baş­ly­gy we iş do­lan­dy­ry­jy­sy Mah­mud Wae­zi­ni ka­bul et­di. Myh­man Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň mä­hir­li sa­la­my­ny hem-de äh­li türk­men hal­ky­na üs­tün­lik­ler we aba­dan­çy­lyk ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, je­nap Mah­mud Wae­zi mil­li Li­de­ri­mi­zi...

SNGIZ eksport ugurly önümleriň önümçiligini artdyrýar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody nebit önümlerini dünýä bazarlaryna eksport ediji iri kärhanalaryň biridir. Eýýäm çärýek asyr bäri çig nebitden we gaz kondensatyndan işlenip taýýarlanylýan benzin, dizel ýangyjy we mazut Döwlet haryt – çig mal biržasynyň üsti bilen Ýewropa we Aziýa döwletlerine satylýar. Şu ýyl bolsa ýokary hilli ýol bitumynyň müňlerçe tonnalary ilkinji gezek eksporta...

Gurbanguly Berdimuhamedow we Žan-Lui Şlesser «Amul — Hazar 2018» rallisiniň ekologiýa derejesini nygtadylar

Ýaryşyň kwalifikasiýa bölegi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti «Amul — Hazar 2018» taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşýan «Africa Eco Race» awtorallisiniň baş direktory Žan-Lui Şlesser bilen söhbetdeş boldy. — Sport — bu hemişe gowy zatdyr, çünki ol halklary we ýurtlary jebisleşdirýär, munuň özi bütin dünýäde durnuklylyk we parahatçylykdyr. Şoňa görä-de, dürli ýurtlardan köp sanly türgenler gatnaşýan şu günki...

«Amul — Hazar 2018» awtorallisiniň birinji güni tamamlandy

11-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde «Amul — Hazar 2018» awtorallisi badalga aldy. Awtoralliniň tertibine laýyklykda, badalgadan öňki zolakda Ýapyk Park tertibi hereket edýär. Irden ekipažlar bu ýere özleriniň awtoulaglaryny getirdiler. Şondan köp wagt geçmänkä-de, hemmeler ýaryşyň badalga alýan ýerine bardylar. Şol ýerde prologa — kwalifikasion ýaryşa taýýarlyk görmek başlandy. Bu ýaryşda ralliniň birinji tapgyry...

Türkmenistan we Belarus nebithimiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşýarlar

Aşgabada «Belneftehim» döwlet konserniniň başlygy Andreý Rybakowyň ýolbaşçylygynda Belarus Döwletiniň wekiliýeti geldi. ORIENT habarlar agentliginiň habar bermegine görä, belarus wekiliýeti türkmen paýtagtynda nebithimiýa we daghimiýa senagaty pudaklarynda türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň meselelerine degişli birnäçe duşuşyklary geçirdi. Hususan-da, Belarusdan gelen myhmanlar «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň ýolbaşçysy bilen duşuşdylar. Belarusyň nebithimiýa pudagynyň ýolbaşçysy A.Rybakow «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly...

Türkmenistanyň MB «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň hormatyna ýadygärlik teňňeleri goýberdi

«Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne ba­dal­ga be­ril­me­gi­niň öň ýa­nyn­da Türkmenistanyň Mer­ke­zi ban­ky her bi­ri­niň no­mi­na­ly 100 ma­na­da deň bo­lan al­tyn we kü­müş ýa­dy­gär­lik teň­ňe­le­ri goý­ber­di. Ýa­dy­gär­lik teň­ňe­ler Sin­ga­pur Res­pub­li­ka­sy­nyň “Eng Leong Me­dal­liс In­dust­ries Pte Ltd” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nyl­dy. Olar ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt­ly...

2014