Täzelikler

Seulda Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

2016-njy ýylyň 15-16-njy noýabrynda «Koreýa Respublikasy-Merkezi Aziýa» 10-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde Seul şäherine köptaraplaýyn düzümde hyzmatdaşlyk etmek meseleleri maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berlişi çaly, onuň işine Merkezi Aziýanyň 5 ýurdunyň —Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde wekiliýetler gatnaşdylar. 15-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti beýleki ýurtlaryň wekiliýetleri bilen bilelikde Koreýa Respublikasynyň Daşary...

Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň wekilleri ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň hukuk binýadyny taýýarlaýarlar

Türkmenistanyň DIM-inde Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň 47-nji mejlisi geçirilýär. Mejlise Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşýarlar. Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy mejlisiň guramaçylary hökmünde çykyş etdiler. Duşuşygyň gün tertibiniň esasy meselesi...

Tähran Hazar boýunça Konwensiýa 2017-nji ýylda gol çekmäge gyzyklanma bildirýär

Eýran tarapy indiki ýylda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýa gol çekilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady, diýip INTERFAKS RF-iň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy Walentina Matwiýenko salgylanyp habar berýär. «Heniz käbir detallarynyň galýandygyna garamazdan, Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gutarnykly ylalaşylan resminama görnüşine gelmäge ýakynlaşdy. Islendik ýagdaýda, Eýran Hazar sebitiniň döwlet Baştutanlarynyň indiki sammitine çenli bu resminamany...

Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň açylmagy özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder

2016-njy ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berlişi ýaly, açylyş dabarasyna iki ýurduň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasy Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasyň Türkmenistana resmi saparynyň çäginde geçirildi. Bellenilişi ýaly, şu waka hem-de ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar iki ýurduň...

Türkmenistan we Günorta Afrika Respublikasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler

Türkmenistan we Günorta Afrika Respublikasy söwda-ykdysady, şol sanda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler. Özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň wekilleriniň 2016-njy ýylyň 15-nji noýabrda Türkmenistanyň DIM-inde geçiren duşuşygynda maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berlişi ýaly, afrikan wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Nomaindiýa Mfeketo baştutanlyk etdi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini kanagatlanma bilen...

«Atavatan Türkmenistan» halkara žurnaly Garaşsyz Türkmenistanyň gazananlary hakynda gürrüň berdi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanylan «Atavatan Türkmenistan» diýen halkara žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy. Neşiriň giriş makalasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli we ylmy taýdan esaslandyrylan syýasatynyň netijesinde halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanýandygy, sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalaryň ýerine ýetirilýändigi, ýurdumyzyň dünýä derejesinde abraýynyň yzygiderli artýandygy bellenilýär. «Atavatan Türkmenistan» žurnaly giň halkara jemgyýetçiligine ýurdumyzyň dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri...

OPEC-iň nebit sebedi 1,4 göterim arzanlady

OPEC-iň nebit sebediniň bahasy 14-nji noýabrda bir barrel üçin 40,94 dollara barabar boldy, bu görkeziji anna günündäkiden 0,6 dollar azdyr, diýip Trend sişenbe güni gurama salgylanyp habar berýär. OPEC-iň sebediniň bahasy Saharan Blend (Alžir), Girassol (Angola), Oriente (Ekwador), Rabi Light (Gabon), Minas (Indoneziýa), Iran Heavy (Eýran), Basra Light (Yrak), Kuwait Export (Kuweýt), Es Sider (Liwiýa), Bonny...

OPEC nebit çykarmaklygy çäklendirmegi ylalaşmak boýunça ahyrky tapgyra gadam basdy - HBS

OPEC ýurtlary nebit çykarmaklygy çäklendirmegi ylalaşmak boýunça ahyrky tapgyra gadam basdylar. Bu barada duşenbe güni gepleşikleriň barşy barada habarly wekile salgylanyp Bloomberg agentligi aýdýar, diýip ТАСС habar berýär. «OPEC-iň agza döwletleri nebit çykarmaklygy çäklendirmek boýunça ylalaşyk gazanmak üçin soňky diplomatik tagallalary edýärler. Katar, Alžir we Wenesuela iri öndürijiler bilen aralykdaky bölünmäni aradan aýyrmak üçin tagalla edýärler»...

Türkmen alymlary petrofiziki barlaglary dowam edýärler

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag institutynyň tejribeli hünärmeni B.Çopanowyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary Döwletabat, Garabil, Gurrukbil, Ýaşyldepe känlerindäki kernlerde petrofiziki barlaglary geçirmekde üstünlikli netijeleri gazandylar. Şeýle hem onup ýolbaşçylygynda «Galkynyş» ägirt uly gaz känindäki guýulardan alnan kernleriň hem petrofiziki barlaglary üstünlikli geçirildi. Barlaglaryň netijesinde ätiýaçlyk gorlary bahalandyrmakda möhüm görkezijileriň arabaglanyşygy alyndy. Bu görkezijiler gözleg işlerini geçirmekde peýdalanylar. Ýerasty gaz...

Aşgabat we Brýussel söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar

Brýusselde Hyzmatdaşlyk we söwda Ylalaşygynyň çarçuwasyndaky «Türkmenistan-ÝB» bilelikdäki komitetiniň nobatdaky 16-njy mejlisi tamamlandy, diýlip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Türkmenistanyň wekiliýeti mejlise gatnaşmak maksady bilen Brýussel şäherinde iş sapary bilen boldy. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Russiýa Federasiýasy, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa, Sebitleýin hyzmatdaşlygy we daşary syýasat işiniň Ýewropa gullugyndaky ÝHHG-niň boýunça Direktoratynyň ýolbaşçysy jenap Lýuk...

Türkmen-palestin gepleşikleriniň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyk boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasyň arasynda ikiçäk görnüşde geçirilen gepleşiklerden soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler özara gyzyklanma döredýän halkara syýasatynyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki döwrüň m