Täzelikler

RF-iň Ilçisi Gurbanguly Berdimuhamedowa atasy Berdimuhamet Annaýewiň mynasyp bolan «Edermenligi üçin» diýen medaly gowşurdy

Duşenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin Gurbanguly Berdimuhamedowa atasy Berdimuhamet Annaýewiň mynasyp bolan “Edermenligi üçin” diýen medalyny gowşurdy. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň iýun aýynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permanyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewe Watany goramakda we harby borjy ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, Beýik Watançylyk...

Türkmenistanyň Prezidenti 735 adamy raýatlyga kabul etmek barada Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramynyň öňýanynda Türkmenistanyň Prezidenti 735 sany raýatlygy bolmadyk adamlary “Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek” hakyndaky Permana gol çekdi. Bu barada döwlet Baştutany 24-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berdi. Resminama gol çekmek bilen, Prezidentiň nygtaýşy ýaly, dürli taryhy ýagdaýlar sebäpli raýatlygyny ýitiren adamlaryň 700-den hem köpüsi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de bosgunlar we...

Türkmenistanda 1700-den gowrak iş kesilen raýatlaryň günäsi geçilip, azatlyga çykaryldy

Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanda iş kesilen 1722 adamyň günäsi geçilip, azatlyga çykaryldy. degişli Permana Prezident 24-nji sentýabrda gol çekdi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Baş prokuror B.Atdaýewe ýüzlenip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilenleriň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur çäreleri...

Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitaby tanyşdyryldy

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda TYA-nyň akademigi, ykdysady ylymlаryň doktory, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Kitap baý tebigy, ägirt uly önümçilik, düzümleýin we adam mümkinçiliklerine eýe bolan ýurdumyzyň depginli ösüşine, milli we pudaklaýyn maksatnamalaryň, 2015-nji ýylyň sentýabrynda BMG-ä gatnaşyjy döwletleriň ählisi tarapyndan 2030-njy ýyla...

Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $79,22, «WTI» - $71,63

OPEC+ ministrler monitoring geňeşiniň mejlisinden soňra, 24-nji sentýabrda nebitiň dünýä boýunça bahalary ynamly ýokarlanýar. Moskwa wagty bilen 7:50-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,25 göterim ýokarlanyp, 79,22 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 1,2 göterim gymmatlap, 71,63 amerikan dollaryna barabar boldy. 24-nji sentýabrda maýadarlar dynç güni Alžirde geçirilen OPEC+ ylalaşygyna gözegçilik etmek...

Aşgabatda ykdysadyýet, ulag we nebithimiýa ulgamlarynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Ykdysady, söwda we senagat ministrliginiň Halkara taslamalar boýunça bölüminiň başlygy Takasi Ýoşiokanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de wekiliýet agzalary ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ykdysadyýet, ulag,...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 79-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Latwiýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, aşa gyzdyrylan nebit koksuny, dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Owganystandan gelen işewürler şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda...

Nebitiň bahalary dürlüçe üýtgeýär: «Brent» - $78,75, «WTI» - $70,22

2018-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Moskwa wagty bilen 7:52-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,06 göterim ýokarlanyp, 78,75 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 0,14 göterim aşaklap, 70,22 amerikan dollaryna barabar boldy. Anna güni nebit bazary 23-nji sentýabrda Alžirde OPEC+ ministrler monitoring komitetiniň duşuşygyna garaşýar, diýip Ria Nowosti habar berýär. Duşuşykda nebit...

Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýerli öndürijileriň önümlerini ýaýmagyna ýardam eder

Aşgabatda Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si açyl­dy. Däp bo­ýun­ça Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan Wa­ta­ny­my­zyň baş baý­ra­my­nyň öň ýa­nyn­da gu­ral­ýan no­bat­da­ky yk­dy­sa­dy göz­den ge­çi­ri­liş öz ösü­şi­niň esa­sy ýo­lu­na dü­şen mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň haý­ran gal­dy­ry­jy üs­tün­lik­le­ri­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na...

Türkmenistanyň DIM-inde Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça departamentiniň direktory Hajime Taniguçiniň ýolbaşçylygynda iş sapary bilen gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaş ýurtlaryň ýapon tejribesinden ugur alyp bilim almakda peýda bolýan JICA-nyň wezipesini ýerine ýetirmek boýunça okuw...

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahatyna gatnaşyjylar işiň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň (DTYB) XXI maslahatynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Mas­la­ha­tyň işi­ne da­şa­ry ýurt­lar­da­ky türk­men kow­çum­la­ryn­dan hem-de Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­je­gin­den ge­len we­kil­ler gat­naş­dy­lar. Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­den da­şar­da hem ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­ bo­lan Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer...

«Kawasaki» kompaniýasy Türkmenistanda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýar

2018-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen “Kawasaki Heavy Industries Ltd” kompaniýasynyň energetika ulgamy we önümçilik enjamlary boýunça prezidenti Tasua Watanabeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy. Bu barada ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy kompaniýanyň ýolbaşçysyna 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda açylyp ulanylmaga berlen karbamid...

Gyýanlydaky täze gazhimiýa toplumynyň ilkinji önümleri eksport edildi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherindäki täze gazhimiýa toplumynyň polimer önümlerini satyn almak boýunça ilkinji geleşigi hasaba alyndy. Satyn alyjylar hökmünde GDA-nyň dürli döwletleri çykyş etdiler. Söwdalaryň barşynda ýokary jebislikli polietileniň 11 müň 782 tonnasy, şeýle hem täze senagat kärhanasynda tejribe işleriniň barşynda öndürilen dürli kysymly polipropileniň 2 müň 309 tonnadan gowragy hasaba...

Gurbanguly Berdimuhamedow «Amul – Hazar 2018» rallisiniň türkmenistanly ýeňijilerine awtomobil sowgat berdi

Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 9-15-nji sentýabrynda geçirilen «Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne gat­na­şan türk­men tür­gen­le­ri­ne – baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bo­lan hem-de ýa­ry­şa gat­na­şan tür­gen­le­ri­mi­ze baý­rak­la­ry gow­şur­dy. Ýaryşa dünýäniň 20-den gowrak döwletinden 83 sany ekipaž gatnaşdy. Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­na 15 eki­paž we­kil­çi­lik et­di, şo­lar dür­li...

«Mitsubishi Сorporation» we «Çalyk Holding» kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler

Duşenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Mitsubishi Сorporation» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti jenap Hiroşi Sakumany hem-de «Mitsubishi Heavy Industries Engineering, Ltd.” kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory jenap Şigehisa Kobaýaşini, şeýle hem “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Myhmanlar türkmen Liderini karbamid dökünlerini öndürmek boýunça sebitde iň iri senagat toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen...

2014