Täzelikler

AÖB Merkezi Aziýa elektrik energiýasynyň serhetara söwdasyny giňeltmek üçin karz bölüp berer

Aziýanyň ösüş banky (AÖB) Merkezi Aziýa energetika ulgamynyň (MAEU) içinde elektrik energiýasynyň sebitleýin söwdasyny giňeltmegi goldamak, Türkmenistanyň MAEU mümkin bolan goşulmasyny öwrenmek we ulgamyň mundan beýläk hem Owganystanda giňeldilmegi üçin karz hökmünde berilýän 4,5 million dollar möçberinde klaster tehniki kömegini goldady, diýlip bankyň saýtynda habar berilýär. «Energiýanyň sebitleýin söwdasynyň artmagy bilen ýurtlar elektrik energiýasyna bolan ýerli...

Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $59,55, «WTI» - $50,60

Nebitiň dünýä boýunça bahalary 9-njy ýanwarda maýadarlaryň ABŞ bilen HHR-iň öz söwda gapma-garşylyklaryny çözüp biljekdiklerine bolan umytlarynyň netijesinde 1 göterime gola ýokarlandy. Moskwa wagty bilen 8:25-de «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 1,41 göterim ýokarlanyp, 59,55 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 1,65 göterim gymmatlap, 50,60 amerikan dollaryna barabar boldy. 7-nji ýanwarda Pekinde...

Bütindünýä banky nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny aşak düşürdi

Bütindünýä banky (BB) geljek iki ýyl üçin nebitiň ortaça bahalary boýunça çaklamalaryny barrel üçin 67 dollara çenli aşak düşürdi. Bu görkeziji onuň dekabrdaky çaklamasyndan 4 dollar pesdir. Dekabr aýynda BB geljek üç ýylda nebitiň ortaça bahasynyň barrel üçin 71 dollar derejesinde, iýundaky çaklamasynda bolsa – barrel üçin 69 dollar derejesinde kesgitledi. «2019-njy we 2020-nji ýyllarda nebitiň bahalarynyň...

«Deňiz söwda floty» ÝGPJ Deňizde milli daşaýjy hökmünde kesgitlenildi

Türkmenistanyň täze, 2019-njy ýyldaky ilkinji hökümet mejlisinde «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini deňizde milli daşaýjy hökmünde kesgitlemek hakynda çözgüt kabul edildi. Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine laýyklykda, Düzgünnamada ýük gatnatmak ulgamyny dolandyrmagyň hukuk hem-de ykdysady, guramaçylyk esaslary, deňiz gurşawyny goramak we saklamak, halkara gatnaşyklaryň beýleki kadalaryny berjaý etmek meseleleri kesgitlenilýär. Milli daşaýjy derejesi Türkmenistanyň deňiz...

«Türkmengaz» — Africa Eco Race-2019 ralli-reýdiniň resmi howandary

«Türkmengaz» döwlet konserni Dakar — Africa Eco Race afrikan ugry boýunça geçýän 11-nji ralli-reýdiň resmi hyzmatdaşy. Africa Eco Race ralli-reýdi dünýä sportunda iň abraýly ýaryşlaryň biridir. Ýaryş Dakaryň taryhy ugry boýunça geçirilýär. Ol Marokkodan başlanýar we Günbatar Saharanyň üsti bilen Mawritaniýa geçýär we Senegalda tamamlanýar. Ýylyň ýylyna awtoýaryşyjylar tarapyndan bolşy ýaly, olaryň janköýerleri tarapyndan hem bu özüne...

Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Hindistan» atly gepleşige gatnaşyjy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň birinji maslahatyna gatnaşar

Geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 12 — 13-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde «Merkezi Aziýa — Hindistan» atly gepleşige gatnaşyjy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň birinji maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. Maslahatyň gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we Owganystanyň gatnaşmagynda sebit...

Benziniň bahasy boýunça Türkmenistan dünýäde — ýedinji, Merkezi Aziýada — birinji ýerde

«Global Petrol Prices» (ABŞ) analitik neşiri benziniň bahalary boýunça ýurtlaryň nobatdaky sanawyny neşir etdi. Hünärmenleriň nebit önümleriniň her hepdedäki bahalaryny yzygiderli gözegçilik edýän 150 döwletinden Türkmenistan 2018-nji ýylyň 31-nji dekabrynda çenli ýagdaýa görä benziniň arzanlygy boýunça sanawda ýedinji orny aldy. Neşiriň analitik maglumatlaryna laýyklykda, iň arzan benzin Wenesuelada satylýar. Ol ýurtda benziniň ýyllyk ortaça bahasy bir...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini satyn aldylar. Mundan başga-da, awtomobil ulagy, reňksiz aýna we pagta süýümi satyldy. Satyn alyjy ýurtlar: Birleşen Arap Emirlikleri, Irlandiýa we Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 32 million 493 müň dollaryndan gowrak...

Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmäge başlaýar

Şu ýyldan başlap Türkmenistan 2019-2025-nji ýyllarda döwür üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmäge başlaýar, diýip ORIENT habarlar agentligi habar berýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň noýabrynda Karary bilen tassyklanan Konsepsiýa maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýurduň jemgyýetçilik gurşawynyň we ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň hereket etmeginiň netijeliligini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilendir. Bu resminama 7 bapdan ybarat bolup, olarda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary...

Demirgazyk sebitde oba ýerlerini gazlaşdyrmak maksatnamasy durmuşa geçirilýär

Milli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda orta basyşly gaz geçirijileriniň gurluşygy dowam edýär, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär. Şu günler “Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň Daşoguz direksiýasynyň hünärmenleri “Jeýhun” daýhan birleşiginiň “Gaty oý” obasynyň täze gurluşyklaryna gaz kommunikasiýalaryny çekýärler. Onuň umumy uzynlygy 1,5 kilometrden gowrak bolar. Şeýle hem şu günler dürli uzynlykdaky orta basyşly...

Wladimir Putin: Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek üçin täze mümkinçilikler açylýar

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen Täze ýyl Gutlagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy birkitmek üçin täze mümkinçiliklere üns berýär, diýip Kremliň metbugat gullugy habar berýär. «Russiýa Federasiýa bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň ýakynda güýje girmegi syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ynsanperwer we beýleki köp sanly ulgamlarda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek üçin täze...

Türkmenbaşy — Mahaçkala parom gatnawy Gündogar – Günbatar iri ulag geçelgesiniň bir bölegi bolar

2019-njy ýylda ulanyşa giriziljek Türkmenbaşy — Mahaçkala parom gatnawy sebit üçin iri möçberli taslamalaryň biri. Gaýtadan dikeldilen bu ugur diňe bir iki porty birleşdirmän, eýsem, Gara deňzine çenli doly derejeli ulag geçelgesiniň badalga aljak başlangyç nokadyna öwrüler. Bu barada korabel.ru saýty habar berýär. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky söwda wekilliginiň ýolbaşçysy Aleksandr Ýelizarow žurnalistlere beren interwýusynda eýýäm Hindistanyň...

2019-njy ýyldan başlap Türkmenistan GDA-da başlyklygy kabul etdi

2019-njy ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk eder. GDA-da başlyklyk etmegi Täjigistandan Türkmenistana geçirmek hakynda çözgüt türkmen tarapynyň teklibi bilen 2018-nji ýylyň sentýabrynda Duşenbede geçirilen Arkalaşyga agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitinde kabul edildi. GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky sammiti 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriler. Şeýle hem şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda türkmen paýtagtynda GDA döwletleriniň hökümet Baştutanlarynyň...

Lazurit geçelgesi boýunça synag kerweni Türkiýä ýetdi

Lazurit geçelgesi (Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe) boýunça ilkinji synag kerweni 2018-nji ýylyň dekabrynyň ahyrynda Aziýa bilen Ýewropany birleşdiren gadymy ugry dikeldip bellenilen nokata üstünlikli baryp ýetdi. Owgan daýhanlary tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen oba hojalyk önümleri ýüklenilen kerwene Owganystanyň günortasyndan Türkiýä ýetmek üçin 15 gün gerek boldy. 17-nji dekabrda Türkmenistanyň paýtagtyna gelip, uly gabaraly...

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy

Şanly wakalara beslenen 2018-nji — «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýyl tamamlanyp barýar. Biz ata Watanymyzyň berkararlygyny, merdana halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde uly üstünlikler gazanylan 2018-nji ýyl bilen hoşlaşýarys. Garaşsyz döwletimizi ösüşleriň we rowaçlyklaryň täze belentliklerine ýetirjek 2019-njy ýyly uly umyt hem-de şatlyk bilen garşylaýarys – diýlip Türkmen Lideriniň Gutlagynda bellenilýär. Täze,...

2014