Täzelikler

ÝET-niň 2018-nji ýylyň 8 aýynyň jemleri jemlenildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda 2018-nji ýylyň geçen sekiz aýynda edilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi. maslahata şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýew gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy D.Hajyýew, «Türkmengeologiýa» döwlet...

Türkmenistanyň Prezidenti we Eýranyň Prezidentiniň wanynyň başlygy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Çarşenbe güni Pre­zi­den­t Gurbanguly Berdimuhamedow Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň Di­wa­ny­nyň baş­ly­gy we iş do­lan­dy­ry­jy­sy Mah­mud Wae­zi­ni ka­bul et­di. Myh­man Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň mä­hir­li sa­la­my­ny hem-de äh­li türk­men hal­ky­na üs­tün­lik­ler we aba­dan­çy­lyk ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, je­nap Mah­mud Wae­zi mil­li Li­de­ri­mi­zi...

SNGIZ eksport ugurly önümleriň önümçiligini artdyrýar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody nebit önümlerini dünýä bazarlaryna eksport ediji iri kärhanalaryň biridir. Eýýäm çärýek asyr bäri çig nebitden we gaz kondensatyndan işlenip taýýarlanylýan benzin, dizel ýangyjy we mazut Döwlet haryt – çig mal biržasynyň üsti bilen Ýewropa we Aziýa döwletlerine satylýar. Şu ýyl bolsa ýokary hilli ýol bitumynyň müňlerçe tonnalary ilkinji gezek eksporta...

Gurbanguly Berdimuhamedow we Žan-Lui Şlesser «Amul — Hazar 2018» rallisiniň ekologiýa derejesini nygtadylar

Ýaryşyň kwalifikasiýa bölegi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti «Amul — Hazar 2018» taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşýan «Africa Eco Race» awtorallisiniň baş direktory Žan-Lui Şlesser bilen söhbetdeş boldy. — Sport — bu hemişe gowy zatdyr, çünki ol halklary we ýurtlary jebisleşdirýär, munuň özi bütin dünýäde durnuklylyk we parahatçylykdyr. Şoňa görä-de, dürli ýurtlardan köp sanly türgenler gatnaşýan şu günki...

«Amul — Hazar 2018» awtorallisiniň birinji güni tamamlandy

11-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde «Amul — Hazar 2018» awtorallisi badalga aldy. Awtoralliniň tertibine laýyklykda, badalgadan öňki zolakda Ýapyk Park tertibi hereket edýär. Irden ekipažlar bu ýere özleriniň awtoulaglaryny getirdiler. Şondan köp wagt geçmänkä-de, hemmeler ýaryşyň badalga alýan ýerine bardylar. Şol ýerde prologa — kwalifikasion ýaryşa taýýarlyk görmek başlandy. Bu ýaryşda ralliniň birinji tapgyry...

Türkmenistan we Belarus nebithimiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşýarlar

Aşgabada «Belneftehim» döwlet konserniniň başlygy Andreý Rybakowyň ýolbaşçylygynda Belarus Döwletiniň wekiliýeti geldi. ORIENT habarlar agentliginiň habar bermegine görä, belarus wekiliýeti türkmen paýtagtynda nebithimiýa we daghimiýa senagaty pudaklarynda türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň meselelerine degişli birnäçe duşuşyklary geçirdi. Hususan-da, Belarusdan gelen myhmanlar «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň ýolbaşçysy bilen duşuşdylar. Belarusyň nebithimiýa pudagynyň ýolbaşçysy A.Rybakow «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly...

Türkmenistanyň MB «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň hormatyna ýadygärlik teňňeleri goýberdi

«Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne ba­dal­ga be­ril­me­gi­niň öň ýa­nyn­da Türkmenistanyň Mer­ke­zi ban­ky her bi­ri­niň no­mi­na­ly 100 ma­na­da deň bo­lan al­tyn we kü­müş ýa­dy­gär­lik teň­ňe­le­ri goý­ber­di. Ýa­dy­gär­lik teň­ňe­ler Sin­ga­pur Res­pub­li­ka­sy­nyň “Eng Leong Me­dal­liс In­dust­ries Pte Ltd” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nyl­dy. Olar ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt­ly...

Türkmenistanyň Prezidenti «Amul — Hazar 2018» awtoralli ýaryşynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

10-njy sentýabrda Türkmenabat şäheriniň baş meýdançasynda Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­tiniň gatnaşmagynda «Amul — Ha­zar 2018» halkara awtorallisine bagyşlanan ýöriş geçirildi. Da­ba­ra­ly ýö­ri­şe je­mi 150-den gow­rak sü­rü­ji we ştur­man-kö­mek­çi sü­rü­ji gat­naş­dy, ola­ryň kö­pü­si ga­ry­şyk dü­züm­de – in­ter­na­sio­nal to­par­da çy­kyş eder. Iri möçberli ýaryşy 25 ýurt­dan köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş...

Nebit gymmatlaýar, «Brentiň» bahasy 77,3 dollara ýetdi

Duşenbe güni Aziýa boýunça söwdalaryň barşynda nebitiň ýokary derejeli söwda belgili görnüşleriniň bahasy ýokarlanýar. Olaryň ösmegine dünýä boýunça nebite bolan islegiň ynamly artýan döwründe Eýranyň nebit ibermelerini çäklendirmekligine garaşylmagy sebäp boldy, diýip Interfaks habar berýär. 10-njy sentýabrda Londonyň «ICE Futures» biržasynda «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,57 göterim ýokarlanyp, 77,27 amerikan dollaryna, şeýle-de Nýu-Ýorkuň...

Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini 6,2 göterim derejede saklanýar

2018-nji ýylyň 8 aýynyň makroykdysady görkezijilere laýyklykda, jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 4,4 göterim ýokarlandy. Bu barada geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi. Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygy 19,5 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwrüne görä, ortaça aýlyk zähmet haky 9,2 göterim ýokarlandy. Býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk...

Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynyň düzüm bölümleriniň işiniň netijeliligini ýola goýmagy talap etdi

Geçen anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine seredildi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän nebitgaz toplumynda şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat...

Türkmenistanda ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasy işe girizildi

8-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän ýurdumyzdaky ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde Energetika işgärleriniň gününe bagyşlanyp dabaraly çäreler geçirildi. Bu döwrebap elektrik stansiýasynyň umumy kuwwaty 1574 megawatta deň bolup, onda dünýä meşhur «General Electric» amerikan kompaniýasynyň her biriniň kuwwaty 263,25 megawatt bolan gaz...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýanyň we Şweýsariýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna portlandsement, reňksiz aýna listi, trikotaž önümleri, hojalyk pamygy we pagta-süýümi, buýan köki, kök baldagy ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar:...

Awstriýada Türkmenistanyň Ýewropa kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

2018-nji ýylyň 5–6-njy sentýabry aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde geçirilen “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi”  atly maýa goýum we hyzmatdaşlyk maslahatynda Türkmenistanyň Ýewropa kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy, bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär. Ýokarda agzalan çäräniň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşi babatynda wideo şekiller görkezildi, şeýle hem ykdysadyýet, daşary söwda, ulag, tebigy magdanlary...

Aşgabatda Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň halkara sergisi geçirilýär

Aşgabatda Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da «Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň ösü­şi­niň esa­sy ugur­la­ry» ady bi­len hal­ka­ra ser­gi we mas­la­hat öz işine başlady. Ýö­ri­te­leş­di­ri­len bu fo­ru­my Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi bi­len Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy bi­le­lik­de gu­ra­dy­lar. Ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň iş­gär­le­ri­niň hü­när baý­ram­çy­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da her ýyl­da...

2014