Täzelikler

Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň eksporty artýar, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň önümleriniň hasabyna

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda ýurduň daşary ýurtlara iberýän möçberi 30,7 göterim artdy. Bu öz gezeginde dünýä bazarynda eksport edilýän harytlaryň ençemesiniň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň önümleriniň nyrhlarynyň ýokarlanmagy bilen şertlenendir, diýip ORIENT habarlar agentligi habar berýär. Netijede, 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda tebigy gazyň eksporty geçen ýylyň degişli döwri...

«Tatneft» Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmegi meýilleşdirýär

«Tatneft» rus nebit kompaniýasy Türkmenistanda, Gazagystanda, Özbegistanda we Yrakda bilelikdäki taslamalara gatnaşmak boýunça gepleşikleri alyp barýar. Bu mesele Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň ýolbaşçylygyndaky «Tatneftiň» direktorlar geňeşiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy, diýlip kompaniýanyň saýtynda habar berilýär. Şeýle hem bellenilişi ýaly, 2019-njy ýyda «Tatneft» eýýäm Türkmenistandaky «Goturdepe» känindäki guýulary abatlamak we plastlaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça işleri gaýtadan...

Türkmenistanyň tebigy gazyny günbatar ugur boýunça eksport etmegiň täze mümkinçiliklerini peýdalanyljakdygyna ynanýaryn – ABŞ-nyň Prezidenti

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Günbatara gazy eksport etmekde täze mümkinçiliklerden peýdalanyp biljekdigine ynam bildirdi. Bu barada ABŞ-nyň Baştutany Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Halkara Nowruz güni mynasybetli iberen gutlagynda belleýär. «Size, Siziň maşgalaňyza hem-de Türkmenistanyň halkyna Nowruz baýramy günlerinde şatlyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Bu dabaraly günlerde dünýäniň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hem köp...

Azerbaýjan 2020-nji ýylda BTJ nebit geçirijisi boýunça türkmen nebitiniň geçiriliş möçberini artdyrmaga bil baglaýar

2020-nji ýylda Azerbaýjan Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit geçirijisi boýunça Türkmenistandan azyndan dört million tonna nebit geçirmäge bil baglaýar. Trend habarlar agentliginiň habar bermegine görä, bu barada S&P Global Platts-a beren interwýusynda «SOCAR» azerbaýjan döwlet kompaniýasynyň marketing we maýa goýumlar boýunça wise-prezidenti Elşad Nasirow aýtdy. «SOCAR» Hazar deňziniň üsti bilen türkmen nebitini tankerler arkaly daşaýar, soňra ony Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Germaniýadan we Türkiýeden gelen telekeçiler degişlilikde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we nebit koksuny, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen täjirler bolsa Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna, portlandsement, nah...

Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlaryny Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen gutlady

Egsilmez ylham-joşgunyň, ak arzuwlaryň, ýagşy niýetleriň, belent maksatlaryň gözbaşy bolan bu baýramyň halkymyzyň ruhuny has-da belende göterip, tutumly, beýik işlere galkyndyrjakdygyna berk ynanýaryn – diýlip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna ýüzlenmesinde bellenilýär. Gadymy Nowruz baýramy müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini özünde jemleýär. Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem baý...

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada ýangyç-energetika toplumynda täze taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşar

Türkmenistanda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän täze taslamalary ara alyp maslahatlaşmak we amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň ýakynda Ýaponiýa gidýän wekiliýetiniň düzümine birnäçe ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we agentlikleriň ýolbaşçylary girizildi. Geljekki duşuşyklaryň gün tertibine ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda, himiýa we bank ulgamlarynda, şeýle hem sport we suwdan peýdalanmak ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri girizildi. Ýaponiýa sapara görülýän taýýarlygyň meseleleri Prezident Gurbanguly...

Türkmenistanyň Prezidenti «Awazadaky» X Halkara gaz kongresine taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow 2019-njy ýylyň 21 — 22-nji maýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň X halkara Gaz kongresine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli ähli guramaçylyk meselelerini öz wagtynda çözmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty...

«Galkynyş» käninde tebigy gazyň nobatdaky senagat akymy alyndy

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawçylary «Galkynyş» ägirt uly gaz käninde burawlanan 301-nji ulanyş guýusynda tebigy gazyň senagat akymyny aldylar. «Mawy ýangyjyň» senagat akymy 4496-4342 metr çuňlukda alyndy. «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň hasaplamagyna görä, bu ulanyş guýusynyň gündelik debiti 1 mln 868 müň kub metr tebigy gaza barabar bolar. «Galkynyş» ägirt uly gaz känini özleşdirmegiň...

Pekinde Birinji Hazar ykdysady forumynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

Pekindäki Hytaýyň nebit uniwersitetinde 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň HHR-däki Ilçihanasy hem-de Hytaýyň nebit uniwersitetiniň rektorlygy bilen birlikde gurnaldy. Çärä 300-den gowrak adam, şol sanda professor-mugallymlar düzümi, hytaýly we türkmen talyplary, şeýle hem jemgyýetçilik we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada Türkmenistanyň...

Bakuda OPEC+ mejlisinde dünýäniň nebit bazarynyň ýagdaýyny durnuklaşdyrmak boýunça çözgütler maslahatlaşyldy

OPEC we gurama girmeýän döwletleriň ministrler monitoring Bilelikdäki geňeşiniň Bakuda geçirilen 13-nji mejlisinde dünýäniň nebit bazaryndaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak boýunça birnäçe çözgütler kabul edildi. Bu barada Interfaks-Azerbaýjan ýaýradylan press-relize salgylanyp habar berýär. Bazar fundamental şertleriň geljek iki aýda düýpli üýtgemejekdigini nazara alyp, monitoring geňeşi OPEC+ ministrler duşuşygynyň aprel aýynda meýilleşdirilýän duşuşygyny maý aýyna — 25-nji iýuna meýilleşdirilen...

TOPH gaz geçirijisiniň pakistan böleginiň gurluşygyna şu ýyl başlanar

Yslamabat Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň pakistan böleginiň gurluşygyna başlamagyň möhletlerini kesgitledi, öz çäklerinde taslamany durmuşa geçirmeklik eýýäm şu ýyl badalga alar. Bu barada Pakistanyň hökümetinde bir çeşmä salgylanyp Khaleej Times gazeti ýazýar. Bu karar Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana saparyndan bir hepde soňra kabul edildi. Saparyň çäklerinde iki ýurduň hökümetleriniň arasynda TOPH taslamasynyň...

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyna doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge şahsy goşandy üçin «Bitaraplyk» ordenini gowşurdy

Ýokary derejedäki türkmen-bahreýn gepleşikleri tamamlanandan we ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilenden soňra şu gün Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halife Türkmenistanyň iň ýokary döwlet sylaglarynyň biri bolan «Bitaraplyk» ordenini gowşurmak dabarasy boldy. Ordeni gowşurmak bilen Gurbanguly Berdimuhamedow döwletleriň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge we berkitmäge goşan şahsy goşandy üçin Bahreýniň Patyşasyna minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň Bahreýn bilen...

Türkmenistan we Bahreýn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlediler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifanyň arasynda ikiçäk derejede, şeýle hem iki ýurduň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Duşuşykda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Bahreýn Patyşalygy depginli ösýän, tebigy baýlyklary bolan, geografiýa taýdan amatly...

Bahreýniň Patyşasy Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi

Ýekşenbe güni agşam Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa türkmen paýtagtyna döwlet sapary bilen geldi. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we şu gün ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçiriler. Taraplar şu gezekki ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde özara hormat goýmak we hoşniýetli erk-isleg ýörelgeleri esasynda...

2014