Täzelikler

2019-njy ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň önümleriniň eksporty düýpli artdy

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanyň nebit we gazy gaýtadan işleýän kärhanalarynyň önümleriniň eksport möçberleri düýpli artdy. Netijede, 2018-nji ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdireniňde, şu ýylyň degişli döwründe Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndan (TDHÇMB) türkmen bitumynyň eksporty 5 esse, binýatlyk ýaglaryňky — 4 esse artdy. Türkmenistanda öndürilen polipropileniň eksporty 119,2 göterim ýokarlandy. Mazutyň we göni aýlawly...

«Turkmen Forum» kompaniýasy — X Halkara Gaz kongresini gurnamakda «Türkmengaz» DK-nyň hyzmatdaşy

«Turkmen Forum» kompaniýasy 21-22-nji maýda «Awazada» geçiriljek X Halkara Gaz kongresini gurnamakda «Türkmengaz» DK-nyň hyzmatdaşy bolup durýar. Bu barada çäräni gurnaýjy guramalaryň saýtyna habar berilýär. «Turkmen Forum» kompaniýasy halkara we milli sergileri, maslahatlary we seminarlary, işewür duşuşyklary gurnamaklyga we kompaniýalaryň tanyşdyryşyny geçirmeklige ýöriteleşýär. Gaz kongresine geçirmeklige «Gaffney, Cline and Associates» britan kompaniýasy ýardam edýär. Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň gaz...

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparynyň barşynda döwletara, hökümetara we pudagara resminamalarynyň 40-a golaýyna gol çekilmeginiň göz öňünde tutulýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi. Bellenilişi ýaly, ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara...

Wenada Birinji Hazar ykdysady forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň gurnamagynda Wenanyň Diplomatik akademiýasynyň binasynda geçirilen «tegelek stoluň» barşynda Birinji Hazar ykdysady forumynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Çärä Awstriýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň wekiliýeti, Merkezi Aziýa we goňşy ýurtlarynyň wekilleri we Ilçileri, ylmy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy we...

GDA-nyň döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň Aşgabatda geçiriljek mejlisleriniň seneleri kesgitlenildi

31-nji maýda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini, 11-nji oktýabrda bolsa, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini geçiriler. Bu seneler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalarynda görkezilýär. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine we Daşary işler ministrligine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde mejlisleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Şweýsariýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler bolsa Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen piroliz benzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň, Türkiýäniň we Rumyniýanyň, Irlandiýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri...

Türkmenistan we Ýaponiýa nebitgaz pudagynda birnäçe nebitgaz taslamalaryny durmuşa geçirmekligi ylalaşdylar

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa bolan gulluk iş saparynyň netijeleri barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň türkmen böleginiň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde jemi 22 duşuşyk we gepleşikler geçirildi. Olaryň netijeleri...

«Dragon Oil» Türkmenistanyň deňiz känlerini işläp taýýarlamaklyga 6,6 mlrd amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Hazar deňziniň türkmen kenarynda 18 ýyldan gowrak wagt bäri hereket edip gelýän «Dragon Oil» (BAE) kompaniýasy deňiz känleriniň işlenip taýýarlanylmagyna 6,6 mlrd amerikan dollaryndan gowrak serişde maýa goýdy. Bu barada «Dragon Oil» kompaniýasynyň korporatiw aragatnaşyk boýunça baş menejeri, direktorlar geňeşiniň geňeşçisi Feýsal Rabi Al Awadi belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu döwürde uglewodorodlaryň ortaça gündelik çykarylyşy on...

Türkmenistanyň Prezidenti we «ARETI Group» kompaniýasynyň ýolbaşçysy welosport we ýangyç-energetika toplumlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Penşenbe güni Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana iş sapary bilen gelen «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow bilen duşuşdy. Bu kompaniýanyň merkezi edara binasy Ženewada (Şweýsariýa Konfederasiýasy) ýerleşýär. «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň alyp barýan işleri barada gysgaça habar berdi. Ýokary netijeli sporty, şol sanda welosiped sportuny ösdürmegiň meseleleri gyzyklanma bilen...

«Türkmennebit» DK we «ARETI GROUP» Uzynada ýatagyny özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşdylar

28-nji martda, penşenbe güni Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň edara binasynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň, şeýle hem «ARETI» (kompaniýanyň merkezi edara binasy Ženewada — Şweýsariýa Konfederasiýasynda ýerleşýär) halkara kompaniýalar toparynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda ýangyç-energetika toplumynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça Uzynada ýatagyny özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda «Türkmennebit»...

Türkmenistan we Italiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen türkmen-italýan syýasy geňeşmeleriniň netijesinde «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň arasynda 2019-2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna» gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Bellenilişi ýaly, italýan Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary...

«Gazprom» we Türkmenistan uzakmöhletleýin we strategik hyzmatdaşlygy meýilleşdirýär — Alekseý Miller

Öň habar berlişi ýaly, ýakynda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy, direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Milleri kabul etdi. geçirilen duşuşygyň esasy netijeleri barada rus kompaniýasynyň ýolbaşçysy «Watan» habarlar gepleşigine gürrüň berdi. — Biz Türkmenistanyň Prezidenti bilen gaz pudagynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdyk. Duşuşyk mähirli, dostlukly ýagdaýda geçdi. Biz gaz ulgamynda...

Gurbanguly Berdimuhamedow we «Gazpromyň» ýolbaşçysy gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy, direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Milleri kabul etdi. Myhman Russiýanyň iri energetika kompaniýasynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly işewür gatnaşyklary ösdürmegiň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň hem-de ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, türkmen-rus gatnaşyklarynyň däp...

Aşgabatda Merkezi we Günorta Aziýada energetika hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşylýar

Şu gün Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Merkezi we Günorta Aziýa sebitiniň energetika hyzmatdaşlygy boýunça ýörite maksatly toparynyň (RECA) 15-nji maslahaty öz işine başlady. Bu iki günlük maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Energetika ministrliginiň ýardam bermeginde gurnaldy, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Maslahatyň işine Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli...

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň ýokary tehnologiki zawodlarynyň işi bilen tanyşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Toçigi prefekturasynda ýerleşen «Nissan Motor Toсhigi plant» zawodyna bardy, bu ýerde senagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Bu ýerde wekiliýetiň agzalaryna ýokary hilli awtoulaglary, şol sanda awtoulaglaryň sport görnüşleriniň önümçiliginiň dürli...

2014