Täzelikler

600 kilometrlik Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi

Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň çäginde uzynlygy 600 kilometr, bahasy 2,3 mlrd amerikan dollaryna barabar bolan Aşgabat —Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasy boldy. Baýramçylyk dabarasyna Mejlisiň deputatlary, Ahal welaýatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, dürli kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, telekeçiler, hormatly ýaşulular we ýaşlar, gurluşykçylar gatnaşdylar. Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar...

Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmengaz» DK-a iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşy hakynda hasabat berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň eýe bolan baý tebigy serişdeleriniň netijeli ulanylmagynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegini üpjün etmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny...

Prezident «Türkmennebit» DK-nyň işindäki kemçilikleri belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň işi dogrusynda hem bellenilip geçildi. Mejlisiň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy D.Hajyýew nebitiň çykarylýan mukdaryny hem-de uglewodorod çig malynyň gorlaryny artdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, täze guýulary gurmak hem-de “ýerasty guýulary” düýpli abatlamak, ulanylýan känleriň önümliligini...

«Türkmengaz» «Petrotech — 2019» halkara sergisinde maýa goýum taslamalaryny hödürlär

«Türkmengaz» döwlet konserni 10 — 12-nji fewralda Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde geçiriljek «Petrotech — 2019» atly halkara nebit we gaz sergisine hem-de maslahatyna gatnaşar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow foruma taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu uly maslahatda dünýäniň iri kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüşiniň geljekki mümkinçilikleri, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maýa goýum...

Fewral aýynda Noworossiýsk portundan türkmen nebitiniň eksporty dikeldiler - Reýter

Fewral aýynda Russiýanyň Gara deňizdäki Noworossiýsk portundan türkmen nebitiniň eksporty dikeldiler, diýip Reýter agentligi çeşmelere salgylanyp habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, Mahaçkala – Noworossiýsk turba geçirijisi boýunça türkmen nebitiniň iberilmegi Transneft rus ulgamyna aýda 200 müň tonna nebit goşup biler. Häzirki wagtda türkmen nebiti Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turba geçirijisi arkaly türk ortaýerdeňiz portlaryna iberilýär. Reýteriň çeşmesiniň şeýle hem habar...

Türkmenistanyň DIM-de Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak bilen duşuşyk geçirildi

22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnakyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň hem-de Energetika Hartiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek bilen bagly soraglaryň hatary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär. Şeýle hem, 2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda kabul edilen, hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça...

Azerbaýjan 2019-njy ýylda TANAP arkaly gazyň iberilmegini artdyrmagy meýilleşdirýär

Azerbaýjan Transanatoliý (TANAP) gaz geçirijisi boýunça tebigy gazyň iberilmegini 2019-njy ýylda 2 milliard kub metre ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu barada SOCAR azerbaýjan kompaniýasyna salgylanyp, Trend habar berýär. Şeýle hem habar berlişine görä, TANAP taslamasynyň umumy amala aşyrylmagy 99 göterime golaýlaýar. TANAP Transadriatik (TAP) gaz geçirijisi bilen bilelikde «Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň bir bölegidir. Ol «Şah Deňiz» azerbaýjan käninden...

Türkmenistan Belarus Döwletiniň strategik hyzmatdaşlarynyň biri — ilçi

Türkmenistan Belarus Döwletiniň strategik hyzmatdaşlarynyň biri, diýip Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Oleg Tabanýuhow «Türkmenistan» teleýaýlymyna beren interwýusynda belledi. Hususan-da, diplomatyň belleýşi ýaly, ýanwar aýynda şanly sene — Belarus Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 26 ýyllygy we belarus diplomatik gullugynyň emele gelmeginiň 100-ýyllygy bellenilip geçilýär. — Halkara syýasatynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça biziň garaýyşlarymyz laýyk gelýär,...

Ýaponiýanyň wekiliýeti Aşgabatda Türkmenistana tehnikalary getirmegiň we maýa goýumlaryň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň Wise-prezidenti we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Ýoiçi Kobaýaşiniň ýolbaşçylygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşykda gaz we himiýa ulgamlarynda,tehnikalary getirmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, aýratyn hem...

Lebap welaýatynda täze agyz suw ýatagy hasaba alyndy

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilen geologiýa-gözleg işleriniň netijesinde Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çäklerinde agyz suw ýatagy ýüze çykaryldy. Bu barada 18-nji ýanwarda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer M.Meredow döwlet Baştutanyna hasabat berdi. 2018-nji ýylyň ahyrynda «Halaç-II» ýerasty suw ýatagy hökmünde bellige alnan agyz suw ýatagynyň umumy meýdany 58,7 inedördül kilometre deň bolan bu ýatagyň suw bilen üpjün...

Türkmenistanyň Prezidenti Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň ýedi ýyllyk maksatnamasyny taýýarlamakda ileri tutulýan ugurlary kesgitledi

Geçen anna Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny taýýarlamagyň esasy ugurlary seredilip geçilen esasy meseleleriň biri boldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny taýýarlamagyň barşy barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, pudagy diwersifikasiýa...

OPEC we OPEC+ ministrleriniň nobatdan daşary duşuşygy 17-18-nji aprelde geçiriler

OPEC döwletleriniň ministrleriniň nobatdan daşary mejlisi 17-nji aprelde Wenada geçiriler. 18-nji aprelde OPEC we OPEC däl döwletleriň ministrleriniň duşuşygy geçiriler, diýlip guramanyň saýtynda habar berilýär. 2018-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda OPEC we OPEC däl döwletler tarapyndan ýarym ýyl möhlet bilen nebitiň çykarylyşyny 2018-nji ýylyň oktýabryndaky görkeziji bilen deňeşdireniňde günde 1,2 mln barrel çäklendirmek, bu çözgüde aprelde...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, Şwesariýadan, Maltadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen göni usulda arassalanan benzini, uçar, tehniki hem-de yşyklandyryş kerosini, nebit koksuny, binýatlaýyn ýagy, Russiýa Federasiýasyndan we Täjigistandan gelen işewürler bolsa Gyýanlynyň polimer zawodynda işlenip çykarylan polipropilen...

Türkmenistanyň Prezidenti sebitlerde täze senagat desgalaryny gurmaklyga maýalary çekmek boýunça işleri güýçlendirmegi tabşyrdy

Türkmenistanda welaýatlary ösdürmek üçin köp işler edildi, olara daşary ýurt hem-de içerki maýalaryň gönükdirilýär, halkara we sebit ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni geçirilen wideokonferensiýada belledi. Onda ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny işläp taýýarlamak bilen bagly meselelere seredildi. Döwlet Baştutany mysal hökmünde geçen ýyl...

Nebit gymmatlaýar: «Brent» - $61,77, «WTI» - $52,72

OPEC-iň gurama gatnaşyjy döwletler tarapyndan nebitiň çykarylyşyny çäklendirmekligi hakyndan maglumatyndan soňra 18-nji ýanwarda nebitiň dünýä boýunça bahalary ýokarlanýar. Moskwa wagty bilen 13:26-da «Brent» söwda belgili nebitiň bir barreliniň bahasy 0,98 göterim ýokarlanyp, 61,77 amerikan dollaryna deň boldy. «WTI» söwda belgili nebitiň bahasy 1,25 göterim gymmatlap, 52,72 amerikan dollaryna barabar boldy. Anna güni söwda gatnaşyjylar OPEC-iň aýlyk hasabatynyň...

2014