Täzelikler

Russiýa «CASA-1000» we TOPH taslamalaryna goşulmaga taýýar — Lawrow

Russiýa «CASA-1000» we TOPH ýaly energetika taslamalaryna goşulmaga taýýar, diýip RF-iň daşary işler ministri Sergeý Lawrow belledi. Bu barada ol Russiýa bilen Gyrgyzystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Bişkekde geçiren gepleşikleriniň netijelerini teswirlemek bilen belledi. Bu barada Sputnik agentligi habar berýär. «Eger-de degişli ýurtlar gyzyklanma bildirse, biziň kompaniýalarymyz «CASA-1000» taslamasynyň, eýýäm energetika taýdan ýeterlik gyzyklanma döredýän TOPH...

BMG-niň missiýasy Owganystany halkara taslamalaryna işjeň çekmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Owganystanda parahatçylygy berkitmek boýunça Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çärelere iş sapary bilen Aşgabada gelen BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasy tarapyndan oňyn baha berildi. Bu missiýa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA)...

Rumyniýa Gara deňiz — Hazar deňzi ýük geçelgesi taslamasyna gyzyklanma bildirýär

Rumyniýanyň daşary işler ministri Teodor Meleşkanu Türkmenistanyň Rumyniýadaky täze Ilçisi Annamämmet Annaýew bilen geçiren duşuşygynda Buharestiň Gara deňiz — Hazar deňzi ýük geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmeklige gyzyklanma bildirýändigini belledi. Bu barada Rumyniýanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Taraplar hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri dogrusynda pikir alyşdylar, özara gatnaşyklaryň ösüşiniň oňaýly depginini belläp, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň gatnaşmagynda döwletara derejede,...

Aşgabatda ÝTÖB-niň wekiliýeti bilen TOPH we Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny durmuşa geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Dolandyryjy direktory Bruno Balwaneranyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy we Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar...

Türkmenistanda ýol gurluşygy sebit we şäher häkimlikleriniň üstüne ýüklenildi

Türkmenistanda awtomobil ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek, abatlamak we saklamak boýunça işler welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň üstüne ýüklenilýär. Degişli resminama Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni geçiren sanly wideoaragatnaşyk boýunça hökümet mejlisinde gol çekdi. Degişli çözgüde laýyklykda, «Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini Gurluşyk we binagärlik ministrligine birleşdirildi. Gurluşyk we binagärlik ministrliginde bolsa Ýollaryň gurluşygy we ulanylyşy müdirligi döredilýär. Ol...

Hazar deňzi «Hazar bäşliginiň» jogapkärçilik zolagy bolmagynda galmaly — Lawrow

Hazarýaka sebiti bu ýerde bolup geçýän zatlaryň ählisine «Hazar bäşliginiň» — Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň jogapkärçilik çekýän zolagy bolmagynda galmaly, diýip RF-iň DIM-niň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow belledi. Hazar sebitinde hazarýaka döwletleriniň ählisiniň arasynda doly derejeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär, diýip S.Lawrow Astrahan welaýatynyň gubernatorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Sergeý Morozow bilen geçiren duşuşygynyň barşynda belledi. Bu...

Rumyniýa Merkezi Aziýada ÝB-niň ähmiýetini artdyrmaga çalyşar — ilçi

Rumyniýa 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşinde başlyklyk edýän döwründe «Merkezi Aziýada ÝB-niň ähmiýetini artdyrmaga çalyşar». Bu barada Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Sorin Moldowan Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Rumyniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşinde başlyklyk edýän döwründe ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanyp geçirilen brifingde aýtdy. Rumyn ilçisiniň nygtaýşy ýaly, başlyklyk edýän döwründe Buharest ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin täze Strategiýasynyň...

Özbegistan Eýrandan nebit önümlerini almagyň meselelerini maslahatlaşýar

Özbegistan Eýrandan nebit önümlerini almagyň meselelerini öwrenýär. Bu barada «Özbek demir ýollary» PJ-niň metbugat gullugy habar berýär. Kompaniýada Eýranyň demir ýol ulgamynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şeýle hem özara bähbitli gatnaşyklaryň ösüşini maslahatlaşdylar. Duşuşygyň çäklerinde ýükleri üstaşyr geçirmek üçin amatly şertleri döretmek, täze ugurlary, şol sanda konteýner wagonlary...

Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň meýilnamalaryna garady

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýew ýangyç-energetika toplumynda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, tebigy gazy gaýtadan işleýän täze önümçilik ulgamlaryny döretmek, bu pudakda halkara...

ABŞ we «Talyplar» hereketi Owganystanda söweşi tamamlamak boýunça deslapky ylalaşyk gazandylar — HBS

«Talyplar» hereketiniň we ABŞ-nyň wekilleri Owganystandaky 17 ýyla çeken söweşi tamamlamak boýunça deslaoky ylalaşyk gazandylar. Bu barada hereketiň ady agzalmadyk çeşmelerine salgylanyp Reýter agentligi habar berýär, diýip ORIENT ýazýar. Habarda aýdylyşyna görä, ylalaşygyň ugurlarynyň biri daşary ýurt goşunlarynyň çykarylmagyny göz öňünde tutýar. Agentligiň maglumatlaryna görä, bu ylalaşyklar hakynda Katarda «talyplar» bilen gepleşiklere gatnaşan Owganystanyň Prezidenti Aşraf...

Eýran we Türkmenistan energetika we üstaşyr ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär

Ýakynda Tähranda Eýranyň Daşary işler ministrliginde türkmen-eýran gepleşikleri geçirildi. Gepleşikleriň çäklerinde energetika we üstaşyr ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Eýranyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Hususan-da, ýekşenbe güni Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda J.Zarifiň belleýşi ýaly, Tähran Aşgabat...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Russiýa Federasiýasyndan we Täjigistandan gelen täjirler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni we polipropileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna reňksiz list aýna,...

Türkmenistanda tehniki uglerodyň önümçiligi we eksporty artýar

Hazar himiýa zawody 2018-nji ýylyň netijeleri boýunça ýokary hilli tehniki uglerodyň önümçiligini iki esse artdyrdy. Geçen ýylda kärhana uglerod önümleriniň iki müň tonnadan gowragyny eksport etdi, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär. Bu önümi esasy satyn alyjylar ABŞ-nyň, Russiýanyň, Şotlandiýanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalary boldy. Hazarda öndürilýän «К-354» kysymly senagat möçberli tehniki uglerod rezintehniki önümleriň...

Türkmenistan we Fransiýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Fransiýanyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň kontinental Ýewropa ýurtlary boýunça müdirliginiň başlygy Florans Manženiň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen fransuz wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. Gepleşikleriň başynda taraplar Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet baştutanlarynyň derejesinde ikitaraplaýyn saparlary...

600 kilometrlik Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi

Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň çäginde uzynlygy 600 kilometr, bahasy 2,3 mlrd amerikan dollaryna barabar bolan Aşgabat —Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasy boldy. Baýramçylyk dabarasyna Mejlisiň deputatlary, Ahal welaýatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, dürli kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, telekeçiler, hormatly ýaşulular we ýaşlar, gurluşykçylar gatnaşdylar. Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar...

2014