Täzelikler

TOPH gaz geçirijisiniň ugrunda çagyl ýolunyň gurluşygy başlandy

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) magistral gaz geçirijisiniň ugrunda inspektorlyk çagyl ýolunyň gurluşygy başlandy. Ýoluň ini ýedi metrden gowrak bolup, ol Owganystan bilen serhede çenli gaz geçirijiniň türkmen böleginiň tutuş ugrunda çekiler. Gaz geçirijiniň kadaly hereket etmegi üçin bu ýoluň ähmiýeti diýseň uludyr. Inspektorlyk çagyl ýoly gaz geçirijini we onuň degişli infrastrukturalaryny tehniki taýdan kadaly ýagdaýda saklamak hem-de oňa...

Türkmenistanyň deňiz ýataklaryny özleşdirmek boýunça «Dragon Oil-yň» maýa goýumlary artýar

Şu günki güne çenli «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd» kompaniýasynyň Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýataklaryny özleşdirmeklige gönükdirilen maýa goýumlary 5,45 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Maýa goýumlarynyň ýokary depginlerde ösýändigine şu ýylyň fewralynda kompaniýanyň taslama 5 milliard amerikan dollaryny goýberendigi barada habar berendigi hem subut edýär. Meşhur arap kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň 16 ýyldan gowrak taryhy bar. Dragon...

TNGIZT iýmit önümleri üçin täze örtgüleri öndürmäge taýýarlyk görýär

Şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda bios-ýöriteleşen polipropilen örtgülerini öndürýän täze desga işe giriziler. Häzirki wagtda 6 müň inedördül metr meýdanly sehde montaž işleri tamamlanyp barýar. Eýýäm sentýabrda işlediş-sazlaýyş işlerini başlamak meýilleşdirilýär. Ýalpyldawuk, ýalpyldysyz, dury, birgatly ýa-da köpgatly we ş.m., 12-den 40 mikrona çenli dürli galyňlykdaky bios-ýöriteleşen polipropilen örtgüleri esasan iýmit önümlerini gaplamak...

Türkmenistan bilen maýa goýum hyzmatdaşlygy bu ygtybarly, durnukly hem jogapkärçilikli hyzmatdaşa bolan ynamyň subutnamasydyr

Oňyn maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek Türkmenistanyň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti kemala getirmeklige gönükdirilen ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudyr, diýlip Gundogar news habarlar portalynda beýan edilýär. Neşiriň belleýşi ýaly, Türkmenistan soňky ýyllaryň dowamynda jemi içerki önümiň ösüş depgini boýunça dünýä döwletleriniň ilkinji onlugyna girýär. Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, 2007-nji ýyl bilen deňeşdirilende ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna we...

Türkmenistanyň we RF-iň DIM-niň ýolbaşçylary Hazar sebitinde hyzmatdaşlyk etmek meselelerini maslahatlaşdylar

12-nji awgustda rus tarapynyň başlangyjy boýunça Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, daşary işler ministri Raşit Meredowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Hazar sebitinde özara gatnaşyk etmekligiň, şeýle hem energetika we ynsanperwerlik ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmekligiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Öň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Eýranyň we Azerbaýjanyň Liderleri...

Barlag guýulary ýokary netijeleri berýär

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdag» buraw müdirliginiň burawçylary Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda ýerleşýän Şaýyrdy, Garadaşly, Ekizek meýdançalaryndaky nebitgaz guýularynda barlag-derňew we buraw işlerini üstünlikli amala aşyrýarlar. Ekizek meýdançasynda taslama çuňlugy 3400 metr bolan №17 belgili barlag guýusynyň ulanyşa girizilmegi burawçylaryň nobatdaky zähmet üstünligi boldy. Bu guýudan alynýan kuwwatly tebigy gaz akymy «Nebitdag» müdirliginiň gaz çykaryş senagatynda çykarylýan...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 60-sy hasaba alyndy. Ýurdumyzda öndürilen nebithimiýa önümleri - Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzin, binýatlyk ýag we polipropilen, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjy, şeýle hem “B” kysymly karbamid we “A” kysymly tehniki ýod (“Türkmenhimiýa” DK) Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň,...

Türkmenistanda Hazar deňziniň güni bellenilip geçildi

Şu gün Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat, medeni-köpçülikleýin hem-de sport çäreleri giňden ýaýbaňlandyryldy. «Hazaryň güni» Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň güýje girip başlan döwründen bäri, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Eýranyň gepleşikler we bilelikdäki dabaralar geçirilýän halkara meýdançasy derejesine eýe boldy. Hazar deňziniň güni mynasybetli «Hasyl»...

Türkmenistan Hazaryň deňiz gurşawynyň goragyny berk gözegçilikde saklaýar

Türkmenistanda döredilen ekologik kanunçylyk ulgamy tebigaty goramak boýunça döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine we tebigy serişdelerde rejeli peýdalanmaklyga gönükdirilendir. Munda Hazar deňziniň türkmen kenarynyň deňiz gurşawyny goramaklyga aýratyn ähmiýet berilýär. «Hazarekogözegçilik» Hazar ekologik gullugynyň hünärmenleri deňiz suwunyň we kenarynyň ýagdaýyna gözegçilik edýärler. Bu gulluk Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň ýöriteleşdirilen düzümidir. Bu...

Türkmenistanda ýol bitumynyň önümçiligi ýokarlanýar

Ýurduň nebiti gaýtadan işleýän kärhanalary bitumyň önümçiligini barha artdyrýarlar. Bu önüm ilkinji nobatda Türkmenistanda ýylyň-ýylyna giň gerim alýan awtomobil ýollaryny gurmakda we abatlamakda ulanylýar. 2016-njy ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça nebit bitumynyň önümçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,7 göterim ýokarlandy. Seýdiniň NGIZ-de hem nebit bitumynyň önümçiligi durnukly ýagdaýda ösýär. Bu ýerde bitum önümçiligi geçen...

«Awazada» Merkezi Aziýada iri Dynç alyş we güýmenjeler merkezi bina edilýär

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýada iri Dynç alyş we güýmenjeler merkezi bina edilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu desganyň esasy buýrujysy hökmünde «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserni, baş potratçysy — «Balkannebitgazgurluşyk» tresti, kömekçi potratçy — «Hatipoglu insaat we Tijaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýasy çykyş edýär. Bu günki gün akwaparklar bütin dünýäde meşhurlykdan peýdalanýar. Çünki olar işjeň dynç alyş...

TNGIZT-da täze desgalar

Şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda bios-ýöriteleşen polipropilen örtgülerini öndürýän desgany işe girizmek meýilleşdirilýär. Desganyň önümçilik kuwwaty ýylda 21 müň tonna barabar bolup, netijede iýmit önümlerini gaplamakda giňden ulanylýan bios-ýöriteleşen polipropilen örtgüleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligi ýola goýlar. Geçen ýylda zawodda birnäçe desgalar, şol sanda alkilirleme, izomerizasiýa we kömekçi ulgamlaryň desgalary işe girizildi....

“Awaza” – täze döwrüň aýdyň nyşany

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy  Hazaryň  kenarynda kemala gelýän döwrebap dynç alyş düzümiň üstüni Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň buýurmasy boýunça bina edilýen naýbaşy myhmanhana toplumy ýetirer.   Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda “Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konserni bu desganyň baş buýrujysy we potratçysy bolup durýar. Potrat işlerine “EKOL” firmasy (Türkiýe) çekildi.   “Hazar” myhmanhanasynyň golaýynda bina edilen täze kaşaň myhmanhana...

Sentýabrda Mahaçkalanyň üsti bilen türkmen nebitiniň ugradylyşy dört esse artar

Iýulyň ortalaryndan başlap eksport edijiler bilen şertnamanyň gaýtadan dikeldileni bäri, Mahaçkalanyň deňiz söwda portundan (MDSP) 36 müň tonnadan gowrak türkmen nebiti ugradyldy, diýip On Kavkaz informasion-analitik portaly portuň ýolbaşçylaryna salgylanyp habar berýär. Öň şu ýylyň maý we iýun aýlarynda Mahaçkalanyň üsti bilen türkmen nebitiniň ugradylyşy bütinleý togtadylypdy. «Transneftiň» wekilleriniň aýtmagyna görä, nebitli tankerler «Dagnefteprodukt» kärhanasynyň kanagatlanarsyz...

Gidrogeologlar ynamy ödeýärler

Ýurt Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly toýyna ynamly gadamlar bilen barýan Türkmenistanyň ilatyny ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Balkangidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň hünärmenleri bu möhüm wezipäniň üstünlikli durmuşa geçirmegiň nusgalyk göreldesini görkezýärler. 2016-njy ýylyň birinji ýarymynda kärhananyň işgärleri kuwwatly awtoulaglara oturdylan buraw...

2014