Täzelikler

Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gyrgyz Respublikasynyň Senagat, energetika we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary, Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň gyrgyz böleginiň başlygy Žyrgalbek Sagynbaýewiň ýolbaşçylygyndaky Gyrgyz Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady,...

Key aspects of bilateral cooperation were discussed at the meeting of the Turkmen-Russian intergovernmental Commission

Today, the 11th meeting of the intergovernmental Turkmen-Russian Commission on economic cooperation was held in the Ministry of foreign Affairs of Turkmenistan, the website of the foreign Ministry of Turkmenistan reports.   During the meeting, the parties discussed in detail the key aspects of bilateral cooperation, including trade and economic issues. The participants touched upon the issues...

Inžener-tehnologiýa uniwersitetinde ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen iş tejribesi maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetinde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna bagyşlanan ylmy forum geçirildi. ORIENT habarlar agentliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň maksady — ylmyň we tehnologiýanyň üsti bilen Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň özara gatnaşyklaryna bolan garaýşy döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem talyplaryň bu ulgamlara gyzyklanmalaryny çuňlaşdyrmak bolup durýar. Forumda giriş sözi bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Takahiko Kasumata çykyş etdi. Diplomatyň belleýşi...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, polipropileni, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen polipropilen we ýokary dykyzlykly polietilen, şeýle hem karbamid we tehniki kükürd («Türkmenhimmiýa» DK), («Türkmengaz» DK) Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Ukrainadan, Özbegistandan,...

Ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,2 göterim boldy

2019-njy ýylyň geçen dört aýynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejesinde saklandy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow penşenbe güni geçirilen hökümet mejlisinde 2019-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada beren hasabatynda belledi. Hasabatda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ähli pudaklaryň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigi bellenildi. Geçen...

Özbegistanda Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing gurnaldy

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň maslahatlar zalynda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing gurnaldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Bu çärä Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maýa goýum we daşary söwda ministrliginiň, Ykdysadyýet ministrliginiň, Ulag ministrliginiň, Strategiki we sebitara barlaglar institutynyň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de...

Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynyň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça anyk tabşyryklary berdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2019-njy ýylyň dört aýy boýunça işiniň netijeleri maslahatlaşyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň degişli döwürde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, habar berlişi ýaly, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň dört aýlyk meýilnamasy 103,9 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy...

Stambulda Birinji Hazar ykdysady forumy bilen bagly «tegelek stol» maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy (Ankara ş.) we Baş konsullugy (Stambul ş.) tarapyndan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyn Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde, Türkiýäniň palatar we biržalar bileleşiginiň Stambul şäherindäki edara binasynda, üstümizdäki ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Hazar ykdysady forumy bilen bagly tegelek stol maslahaty geçirildi. Tegelek stol maslahatyna Türkiýäniň palatalar we biržalar bileleşiginiň...

Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-ukrain gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyny belledi

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hem-de özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy üçin berk esas bolup hyzmat eder. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ukrainanyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli Wladimir Aleksandrowiç Zelenskä iberen gutlagynda bellenilýär. Öň habar berlişi ýaly, 2018-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ukrainanyň daşary işler ministriniň...

Saud Arabystany patyşalygynda Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp metbugat maslahaty geçirildi

30-njy aprelde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçihanasynda, 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilen birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp metbugat maslahaty geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Metbugat maslahata Saud Arabystany Patyşalygynda ýerleşen diplomatik wekilhanalaryň, halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri, şeýle hem Patyşa Faýsal adyndaky yslamy öwreniş we ylmy-barlaglar...

Türkmenistanyň X Halkara Gaz kongresine nebitgaz bazarynyň iri kompaniýalary gatnaşar

21-22-nji maýda Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Türkmenistanyň X Halkara Gaz kongresiniň işiniň başlanmagyna ýigrimi günden az wagt galdy. Çärä gurnaýjylar bolan «Türkmengaz» döwlet konserni «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda häzirki wagtda ýubileý pudaklaýyn foruma taýýarlyk işlerini dowam edýärler. Guramaçylaryň saýtynda bellenilişi ýaly, her ýylda geçirilýän gaz kongresi Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyny...

«UK Export Finance» Türkmenistanda taslamalary durmuşa geçirmek üçin milliard funt sterlinge golaý serişde bölüp berdi

Beýik Britaniýanyň eksport maliýeleşdiriş departamentiniň («UK Export Finance») direktory Womik Şah geçen hepdede Aşgabatda geçirilen Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň 7-nji mejlisinde eden çykyşynda türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçilikleri hakynda gürrüň berdi, diýip ORIENT habarlar agentligi belleýär. — Biz Türkmenistana gönükdirmek üçin bir milliard funt sterlinge golaý serişde bölüp goýduk — biz ýurtlarymyzyň arasynda aragatnaşygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýäris....

Buharestde Birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek başlangyjy goldanyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen birlikde “Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” ady bilen 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Аwaza» Milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegine bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynyň habar bermegine görä, çärä Buharestde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Rumyniýanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenleri, döwlet...

Gruziýanyň ilçisi Aşgabatda ulag we energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mamuku Murjikneli bilen geçirilen duşuşykda ulag we energetika ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe ugry boýunça geçýän Lazurit taslamasyny döretmegiň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn üns berip, gruzin diplomaty Gruziýanyň  bu taslamany ösdürmek işine...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 143-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, yşyklandyryjy kerosini, polipropileni satyn aldylar. Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen karbamid, «Türkmengaz» döwlet konserninde...

2014