Täzelikler

Žurnalyň täze sany çapdan çykdy

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly syýasy-jemgyýetçilik we ylmy-publisistik žurnalyň 2019-njy — «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylyndaky ilkinji sany çapdan çykdy.   Žurnalyň täze sany «Nebitgaz pudagy: taryhy pursatlar» diýen habarlar toplumy bilen açylýar, olarda  üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçen möhüm wakalar barada habar berilýär. Şeýle wakalaryň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasynyň...

Türkmenistan Hazar ykdysady forumyna taýýarlanýar

2019-njy ýylyň  12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda  birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Bu Forumy geçirmek barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyny Hazarýaka döwletleriň hemmesi goldadylar.   Hazar sebitiniň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durup, ol oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanandyr.  Biziň ýurdumyz bu...

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti 16-18-nji aprelde döwlet sapary bilen Türkmenistana geler

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana döwlet sapary 16-18-nji aprelde bolar. Bu barada Günorta Koreýa habar beriş serişdeleri döwlet Baştutanynyň administrasiýasyna salgylanyp habar berýär, diýip ORIENT belleýär. Saparyň çäklerinde ýokary derejeli myhman Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçirer. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşylar. Ýakynda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary barada ýurdumyzyň hökümet mejlisinde habar berlipdi....

«ÇTPZ» Türkmenistanda TOPH gaz geçirijisi üçin 150 müň tonnadan gowrak turba getirer

«Çelýabinskiniň turbaprokat zawody» topary (ÇTPZ) Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň liniýa bölegini gurmak üçin «Türkmengaz» döwlet konsernine 150 müň tonnadan gowrak uly diametrli turbalary getirmek boýunça şertnama baglanyşdy, diýip ÇTPZ-niň metbugat gullugy habar berýär. Şertnamanyň şertlerine laýyklykda, TOPH gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki 200 kilometrden gowrak bölegi «ÇTPZ» toparynyň turbalaryndan geçiriler. 1420...

Tebigy gazdan benzin öndürýän zawody işe girizmäge taýýarlyk görülýär

Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynyň ýanynda ýerleşýän tebigy gazdan ýangyç öndürýän zawodyň gurluşyk işleri 96 göterim, goýberiş-sazlaýyş işleri bolsa 64 göterimden gowrak ýerine ýetirilendi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde habar berdi. Hasabatda zawodyň suw arassalaýjy we sowadyjy, lagym suwlaryny arassalaýan, bug gazanlarynda, gysylan howany öndürýän, howa bölüji desgalarynda synag...

Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýeden, Gazagystandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny satyn aldylar. Şweýsariýadan we Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýly hem-de «Türkmengaz» döwlet konserninden suwuklandyrylan...

Türkmenistanyň günbatarynda demir magdanlarynyň iri ýatagy ýüze çykaryldy

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň günbatarynda demir magdanynyň 70 — 75 million tonna möçberindäki gorlary ýüze çykaryldy. Bu barada wise-premýer M.Çakyýew geçen anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde habar berdi. Demir magdanlarynyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň buýurmasy boýunça «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan ylmy-barlag işleriniň netijesinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa şäherçesiniň...

Türkmenabadyň himiýa zawody polimer turbalarynyň öndürilişini düýpli ýokarlandyrdy

Türkmenabadyň himiýa zawody 2019-njy ýylyň birinji çärýeginde polietilen turbalaryň öndürilişini ep-esli artdyrdy. Ýanwar-fewral aýlarynda 20 müň tonna golaý önüm öndürildi, bu bolsa geçen ýyldakydan has köpdür, diýip «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär. Şunda Gyýanlyda polimer toplumynyň işe girizilmeginiň ähmiýeti uly boldy, ol ýerden himiýa zawodyna giňişleýin ulanylýan polietilen turbalary çykarmak üçin çig mal gelip gowuşýar. Häzirki wagda...

Çelýabinskiniň turba prokat zawody TOPH gaz geçirijisi üçin turbalary getirer

Çelýabinskiniň turba prokat zawody Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan magistral gaz geçirijisiniň bölegini gurmak üçin turbalary satyn almak boýunça «Türkmengaz» döwlet konserniniň yglan eden bäsleşiginde ýeňiji boldy. Geleşigiň bahasy 219 mln dollara deň boldy. «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýöriteleşdirilen gurluşyk bölümleri TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygyny şu ýyl tamamlamagy meýilleşdirýärler. Finam.ru-nyň habar bermegine görä, häzirki wagtda «Сбербанк России» APK Türkmenistanyň daşary...

Ukrainada Birinji Hazar ykdysady forumynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň ilçihanasy bu edaranyň ýanyndaky Ukrain-Türkmen işewürlik geňeşiniň ýardam bermeginde we işjeň gatnaşmagynda 2019-njy ýylyň awgustynda «Awazada» geçiriljek birinji Hazar Ykdysady forumynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Dabara Ukrainanyň DIM-niň işgärleri, hazarýaka döwletleri bolan Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanalarynyň...

Rus kompaniýasy Türkmenistana nebitpromysel enjamlaryny getirmek boýunça şertnama baglaşdy

Perm nebit maşyngurluşyk kompaniýasy (PNMG) Türkmenistana nebitpromysel enjamlaryny getirer. Bu barada çözgüt ştangaly çuň nasoslaryň synag tapgyrynyň ulanylyşynyň nerijeleri boýunça kabul edildi. Perm nebit maşyngurluşyk kompaniýasy Türkmenistanyň çäginde nebit çykarylyşyny amala aşyrýan «Türkmennebit» DK üçin ştangaly çuň nasoslary getirmek boýunça şertnama baglaşdy. Getirmeler 2019-njy ýylyň dowamynda amala aşyrylar. Bu şertnama PNMG üçin soňky birnäçe ýylda iň...

Tomusda tebigy gazdan benzin öndürýän zawod ulanyşa giriziler

Ahal welaýatynda Owadandepe şäherçesinde tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Desgany 2019-njy ýylyň tomsunda ulanyşa bermek meýilleşdirilýär. Iň täze enjamlar we dünýä belli öndürijileriň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman gazhimiýa zawody her ýylda 1 milliard 785 million kub metr «mawy ýangyjy» gaýtadan işlär we Euro-5 standarty boýunça iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän...

«Saudi Aramco» kompaniýasy TOPH taslamasyna gatnaşmagy meýilleşdirýär

Dünýäniň iri nebit kompaniýalarynyň biri bolan «Saudi Aramco» (Saud Arabystany) Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň maliýeleşdirilmegine gatnaşmagyň mümkinçiliklerini kesgitleýär. «Al-Riyadh» gazetine beren interwýusynda Saud Arabystanynyň energetika, senagat we mineral serişdeleri ministri Haled al-Faleh şeýle belledi: «Saud Arabystanynyň öňdebaryjy döwlet kompaniýasy bolan «Saudi Aramco» Hazarýaka döwletlerine, hususan-da, Türkmenistana tebigy gazyň ägirt...

Nebit promyseliniň ýanynda ýod önümçiligi

Türkmenistanyň günbatarynda hereket edýän nebitpromyselleriniň birinde Uglewodorod serişdeleriniň çykarmakda ulanylýan senagat suwundan ýod önümçiliginiň ýola goýmak meýilleşdirilýär. Şu maksat bilen «Himiýa senagaty» HJ (Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy) kenarýaka sebitinde Ekerem töwereginde täze kärhananyň önümçilik binalarynyň gurluşygyny alyp barýar. Bu ýerde elementar ýody öndürmegiň degişli usuly peýdalanylar. Ýod alnandan soňra utilizirlenen suw ýaplarda saklanylyp, soňlugy bilen...

Türkmenistan ABŞ bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär

«ABŞ-Täjigistan» Söwda geňeşiniň başlangyjy boýunça Waşingtonda «Baker McKenzie» kompaniýasynyň gurnamagynda geçirilen ABŞ-nyň işewür düzümleriniň we ýokary wezipeleri wekilleriniň Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçileri bilen duşuşygynda Merkezi Aziýa döwletleriniň söwda we maýa goýum mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, diýip news.tj saýtynda habar berilýär. Türkmenistanyň diplomatik wekili öz çykyşynda türkmen-amerikan söwda gatnaşyklaryny...

2014